Tahyr Ataýewiň orkestrinden «Aşyklaryň şäheri» atly konsert: kalplary yşyklandyrjak agşam
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny 19-njy iýulda geçiriljek «Aşyklaryň şäheri» atly döredijilik agşamyna çagyrýar. Konsert Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçiriler.
Agşamyň maksatnamasynda türkmen liriki sazlary bilen birlikde dünýä belli estrada hitleri ýaly dürli žanrlardaky köňül owazlary ýaňlanar.
Konsert sagat 19:00-da başlanar.
Biletler bilen baglanyşyky soraglar boýunça bildirişde görkezilen telefonlara jaň edip, habarlaşyp bilersiňiz.