Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölümi
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölümi sazçylyk mekdebiniň dörän ilkinji gününden başlap açylýar. Bu bölümiň işiniň maksadaokgunly we öndürijilikli ýyllary 60-70-nji ýyllara gabat gelýär.Häzirki wagtda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäri boýunça fleýta, goboý, truba, tuba, klarnet, fagot, waltorna, trombon, saksafon, ksilofon, dep saz gurallary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.
Häzirki zaman ösüş şertlerinde medeni-köpçülik çärelerine we aýdym-saz ulgamynyň döredijilik ugurlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen medeniýetiň bu ugruny kämil derejä ýetirmek, medeni-köpçülik we konsert çäreleriniň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek hünärmeniň esasy wezipeleridir.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr. Bölümde talyba umumy ynsanperwerlik dersleriniň esaslaryny, umumy we nazary dersleriň esaslaryny, çagalara toparlaýyn saz eserlerini ýerine ýetirmegi öwretmegi, çagalar sungat, sazçylyk mekdeplerinde hünär mugallymy bolup, hünär derslerini häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmagy we onuň jemgyýete peýdaly adam bolup ýetişmegi üçin kämil terbiýe bermegi, konsertlerde çykyş etmegi we köpçülige ýetirmegi, saza degişli bolan usuly işleri guramagy, saz eserlerini üflenip çalynýan saz gurallary toparlary üçin geçirmegi, eseriň ýerine ýetirilişine we çeperçilik derejesine baha bermegi şeýle hem okuwçylary konsertlere, synaglara, bäsleşiklere taýýarlamagy we iş resminamalaryny ýöretmegi öwretmek esasy mesele bolup durýar.
Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat orta mekdeplerde hünär derslerini häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmak, medeniýet edaralarynda, aýdym-saz döredijilik toparlarynda, halk hojalygynyň ýanyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç-alyş edaralaryny dolandyrmak we ýurdumyzyň medeni-köpçülik çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.
Bölümiň uçurymlaryna orkestriň artisti, orkestriň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde, Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda hereket edýän orkestrlerinde işlemek hukugy berilýär.