Sanly ulgam arkaly usuly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly reýting bahalary boýunça usuly maslahat geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan - Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde ýurdumyzy ähli ugurda mundanam beýläk ösdürmek, hususanda sanly ulgamy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ornaşdyrmak ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda ÝOHOM-niň reýting bahalandyrmasyna jogapkär mugallymlar we sanly ulgam we kiber howpsyzlygy boýunça hünärmenleriň arasynda usuly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, sanly ulgamyň öňde durýan wezipeleri we geljekde orta hünär okuw mekdeplerde bu ulgamy has-da kämilleşdirmek ugrunda dürli pikirler öňe sürüldi. Maslahatyň dowamynda orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary reýting bahalarynyň birnäçesine üýtgetmeler girizmegi teklip etdiler.
Häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary ulanyp, täze programmalary düzmek we olardan netijeli peýdalanmak hem-de mugallymçylyk tejribelerimizi sanly ulgam bilen baglanyşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilen. Ýeri gelende aýtsak şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, sanly ulgam arkaly geçirilýän usuly maslahata gatnaşýan ähli orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Baýlyýew Saparmyrat
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk
mekdebiniň “Umumy fortepiano”
bölüminiň mugallymy