Biziň üstünliklermiz

Moskwada geçirlen N.Halmämmedowyň 85-ýaş Ýubileýine bagyşlanan ,,Dutaryň owazy’’ atly halkara festiwal bäsleşigi
Türkmen  halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdymyz günsaýyn ösýär.Ähli ulgamlar bilen birhatarda bolsa,türkmen aýdym-saz sungaty hem täze-täze öwüşgünler bilen belent sepgitlere ýetýär.Türkmen ýaş aýdymçy,sazandalaryna öz zehinlerini açyp görkezmek üçin uly şertler döredilýär.2023-nji ýylyň noýabr aýynyň,1-nji ýarymynda halypa kompazitorymyz,N.Halmämmedowyň 85-ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Moskwa’’ şäherinde “DUTARYŇ OWAZY”ady bilen geçiriler Halkara online aýdym-saz festiwal-bäsleşigi geçirildi we jemlendi.Ol bäsleşige gatnaşyp maňa-da ýeňiji bolmak nesip etdi.Bu bolsa biz ýaş aýdymçylary öňkiden-de has ruhlandyrýar.
    Bu festiwal-bäsleşigi örän gyzykly hem täsirli boldy.Bäsleşikde türkmen hem-de daşary ýurt kompazitorlarynyň sazlaryna aýdymlar,ariýalar ýerine ýetirildi.Bu bäsleşikde men D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň,”Şasenem Garyp”operasyndan,”GARYBYŇ ARIÝASY”eserini,XVII-XVIII-asyrlaryň Italiýan ariýasy”CARO MIO BEN”we rus kompozitory Mamed Guseýnowyň “MOÝA ZEMLÝA”diýen romansyny ýerine ýetirdim.Mundan beýläk-de türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde elimden gelen güýç gaýratymy gaýgyrman,ýaş hyjuwly talyplarymyz bilen işlejegimi ynandyrýaryn.Elbetde bu zatlaryň sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.Bize daşary ýurtly aýdym-saz ussatlary bilen ýakyndan tanyşyp,pikir alyşyp,işläp sungatymyzy ösdürmekde uly şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ullakan sagbolsun aýdýaryn.Goý olaryň jany sag, başlary dik,ähli il-yurt bähbitli alyp barýan işleri ruwaçlyklara beslensin.
Begdurdy Çerkezow 
                                                                                                               Maýa Kulyýewa adyndaky T.M.K-nyň ýanyndaky
                                                                                                   Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
                                                                                                                                     mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Makala

Moskwada geçirlen N.Halmämmedowyň 85-ýaş Ýubileýine bagyşlanan ,,Dutaryň [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19