Makala

                                               

Kalpda  aýdyma öwrülen  şygyrlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas  ummany  Magtymguly  Pyragy» ýylynda  ady  äleme  äşgär  bolan  Akyldar  şahyr  Magtymguly  Pyragynyň  doglan  gününiň  300  ýyllygy  bellenilýän  ýylynda  Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  milli  konserwatoriýasynyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky  türkmen  döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň  mugallymlardyr, talyplary  uly  taýýarlyk  gördiler. Akyldar  şahyr  Magtymguly Pyragynyň  paýhasa  ýugrulan  edebi  eserleri  ähli  ýaş  nesiller  bilen  birlikde  biziň  talyp  ýaşlarymyz  üçinem  aýdyň  ýol  görkeziji  bolup  durýar. Şonuň  bilen  birlikde-de  ýaşlary  watançylyk  ruhda terbiýelemekde ähmiýeti örän ulydyr.

Akyldar şahyrymyzyň müňläp asyrlar  geçsede  öz  gymmatlygyny  ýitirmejek  belent  ahlak  we  ynsanperwerlik  ýörelgesine  baý  eserleri  nesilimiziň  ruhy  kämilligini  baýlaşdyrmaga  bahasy  örän  ulydur. Akyldar  şahyrymyzyň: - Magtymguly  sözlerim Saza  goşsaň  uz  bolar. – diýen ajaýyp  eserinden  ruhlanyp  ýurdumyzyň  ussat  kompozitorlary  akyldar  şahyryň  sözlerine  ençeme  il  halar  aýdymlary  döretdiler. Olardan: kompozitor  Daňatar  Öwezowyň  sazyna, Akyldar  şahyr Magtymguly  Pyragynyň “Gözleriň” goşgysyna  döreden  aýdymyny “Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň  mugallymy  Mergen Ataýew, kompozitor Hydyr  Allanurowyň  sazyna, Magtymguly  Pyragynyň “Näme  sen” goşgysyna  döreden  aýdymyny “Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň  mugallymy  Pirnäýewa  Ogulgerek “Sazyň  taryhy  we  nazarýeti” bölüminiň III – ýyl  talyby  Yhlas  Artykowyň,  Magtymguly  Pyragynyň “Aýryldym” goşgysyna  döreden  aýdymyny “Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň  mugallymy  Begdurdy  Çerkezow  ussatlyk  bilen  ýerine  ýetirýärler. Olardan  başgada “Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň IV – ýyl  talyby Didar  Aşyrow  kompozitor  Çary  Nurymowyň  sazyna Magtymguly  Pyragynyň “Armanym  galdy” goşgysyna, III – ýyl  talyp  Rejepmyrat Kakamyradow  kompozitor  Orazgylyç  Gurbanýazowyň  Magtymguly  Pyragynyň “Boýlaryňa” goşgysyna, III – ýyl  talyp  Söhbet  Maksatmyradow  kompozitor  Nury  Halmämmedowyň  sazyna Magtymguly  Pyragynyň “Soňydagy” goşgysyna, II – ýyl  talyp  Muhammetaly  Muhammedow  kompozitor  Nury  Halmämmedowyň  sazyna  Magtymguly  Pyragynyň “Uýat  eýleýir” goşgysyna, ýazylan  aýdymlary  ussatlyk  bilen  ýerine  ýetirýärler. Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň  mugallymlary we  talyplary bilen Arkadag şäheriniň “Taryhy we ülkäni öwreniş” muzeýinde “Arkadag  teleýaýlymynda” halk saz gurallary orkestri bilen mundan başga-da “Türkmen owazy” teleýaýlymynda-da simfoniki orkestry we halk saz gurallary orkestri bilen akyldar  şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgylaryna ýazylan aýdymlar bilen yzygiderli çykyş edýärler.

Biziň  öňde  goýýan  maksatlarymyz  ýaşlara  ylym  bermek  bilen  Bagtyýar  zamanamyzda  ýaşlary  edepli-tertipli  ruhy  taýdan  tämiz  ýürekli, Watan  söýüji  ýaşlar  edip  ýetişdirmekdir. Onuň  üçin  hem  Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde  ähli  mümkinçilikler  bar. Sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary üçin, Gahryman Lider Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys! Janlarynyň sag, ömürleri uzak döwlet bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny  arzuw  edýäris.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň  müdiri  Guwanç  Ataýew




Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Zenanlar guramasynyň we Ýaşlar guramasynyň bilelikde 2024-nji ýylyň Mart aýynyň 6-na Halkara zenanlar güni mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan “Talyp gözeli-2024” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

   Mart aýynyň 6-na Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýorite sazçylyk mekdebimizde Zenenlar guramasynyň we Ýaşlar guramasynyň bilelikde geçirmeginde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdebiň zalynda ähli bölümleriň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlana “Talyp gözeli-2024” atly gözellik basleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň 1-nji şertinde öz saylap alan hunäriňi wasp etmek, 2-nji şertinde ene-mamalarymyzdan galan unaş kesmek, 3-nji şerti bolsa: türkmen halk döredijiliginden (küştdepdi, monjugatdy, ýar-ýar, öleňler)  milliligimizi görkezýän parçalary ýerine ýetirmeli.
Bäsleşikde “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminden Weliýewa Ogulgerek, “Kirişli saz gurallary” bölüminden Halbaýewa Arzuw, “Saz mugallymçylygy” bölüminden Rozyýewa Çemen, Türkmen milli saz gurallary” bölüminden Begmyradowa Ogulaý, “Fortepiano” bölüminden Annaberdiýewa Serwi, “Üflenip kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden Jgdirowa Aýgül, “Horeografiýa sungaty” bölüminden Durdyýewa Läle, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminden Mätiýewa Sahydursun ýaly talyp gyzlar bäsleşdiler. 
 Şeýle-de bäsleşige emin agzalary gatnaşyp talyp gözellere adalatly baha berdiler. Olar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Hojamämmedowa A.,  mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary Baýramow S.E.,  mekdebiň Zenanlar guramasynyň başlygy Annaberdiýewa N.O., “Aýdym aýtmak sungaty” bölümiň mugallymy Garryýewa B., “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler”  bölüminiň müdiri Amangulyýewa E.Ý. gatnaşyp, talyp gyzlary örän gowy ýokary derejede taýýarlanandyklaryny belläp geçdiler. 
Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip oňat netije gazanlar  birinji orna “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyby Mätiýewa Sahydursun, ikinji orna “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň  talyby Begmyradowa Ogulaý, üçünji orna “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyby Weliýewa Ogulgerek dagylar mynasyp boldular. Şeyle-de bäsleşige gatnaşan talyp gyzlara Hormat haty we mekdebiň Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.
  Mekdebiň okuw işleri boýunça orunbasary Baýramow S.E. we mekdebiň Zenanlar guramasy Annaberdiýewa N.O. ähli talyp gelin-gyzlarymyzy ýetip gelen 8-nji mart Halkara zenanlar guni bilen mähirli gutlap olara berk jan saglyk, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlara bildirilýän ynamy ödäp, ene-mamalarymyzdan galan milli el işlerimizi, keşdeçilik sungatymyzy gelejekki nesillerimize geçirip, maşgala ojagyna wepaly, Halkymyza, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmeklerini, okuwda durmuşda uly üstünlikler arzuw etdiler.

                                                                                                                             Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
                                                                                                                Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet 
                                                                                                                   ýörite sazçylyk mekdebiniň Zenanlar 
                                                                                                              guramasynyň başlygy Nurana Annaberdiýewa


Türkmen saz sungatymyzda Magtymguly Pyragynyň ähmiýeti
Nusgawy şahyrlaryň çeper döredijiligi saz sungatymyza gymmatly çeşme hökmünde ornaşyp, giňden peýdalanandygy hemmämize mälimdir. Saz sungatymyzyň ussatlarynyň halk döredijiliginde we aýdym-saz sungatynyň baýlaşmagy üçin bitiren hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Muňa mysal bolup Magtymgulynyň köp sanly eserleri, halk arasynda giňden ýarýarndyr diýip bellemek bolar. Magtymgulynyň şygyr eserleri türkmen dessançy bagşylaryň we tirmeçi bagşylaryň döredijiliginde giňden peýdalanylýar. Sebäbi Magtymgulynyň döredijilik tematikasy köptaraly bolup, durmuş pelsepelçilikden başlap, söýgi lirika goşgularynda aýtmadyk zady ýok.  
   Şahyryň döreden şygyrlarynyň aglabasy bagşyçylyk medeniýetimiziň ebedilik hemrasy boldy. Türkmen şahyryň eserleriniň köpüsi okamak üçin dal-de, eýsem aýdym edip ýerine ýetirmek üçin niýetlenen diýip aýtsak bolar. Magtymguly, öz goşgularynda halkyň arzuw-isleglerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň bilen bir hatarda aýdymyň üsti bilen bagşylaryň dilinde gürleşip bilipdir. Şahyr “Eý, dünýe senden”, “Bu derdi”, “Bellidir”, “Goç ýigitler” ýaly öz eserlerinde durmuş ýollaryna filosofiki nukdaýnazardan garaýar. “Ýagşydyr”, “Il biläni”, “Gidiji bolma”, “Garşy” ýaly eserlerinde bolsa adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir ýöredýär diýip aýdylýar.
Şahyr özüniň bir goşgusynda: “Magtymguly, sözlerim, Saza goşsaň, uz bolar” – diýlişi ýaly, onuň aýdymlaryna öwrülen ganatly setirleri, henize bu güne çenli özleriniň aşa özüne çekijiligi, dil baýlygy, şekilleriň düýpülüligi we şahyrçylyk ussatlygynyň ajaýyp nusgalaryny görkezýänligi bilen diňleýjileri heýjana getirip gelýär.
Şahyryň eserlerini halk arasynda çuň ornaşmagyna bagşylaryň hyzmaty uludyr. Onuň edebi-mirasynyň hemmesi diýen ýaly aýdym-saza bezeg bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň goşgularyna aýdym aýdýan bagşylaryň sany diýseň köpelýär. Türkmenistanyň tanymal gyjakçysy Sapar Bekiýewiň aýtmagyna görä, Garadäli gökleň beýik şahyr Magtymgulynyň goşgularyndan köp aýdar eken. Sapar Süýrentgi diýen bagşy Garadäli gökleňden tälim alypdyr we Magtymgulynyň köp goşgularyny ondan öwrenipdir.
Magtymgulyçy bagşylaryň ýene-de biri Gambar Ilmät ogludyr. Türkmenistanyň hormatly bagşysy Palta aganyň beren maglumatlaryna görä, Gambar bagşy Magtymguly şahyryň eserlerinden bir aýdanyny gaýtalaman iki gije aýdar ekeni. Bu maglumatlar bütin türkmen halkynyň asyrlar dowamynda döreden milli medeniýetiniň giň aralaşmagynda bagşylar nesliniň uly rol oýnaýandygyny görkezýär.
Magtymgulynyň eserleriniň halk bagşylarynyň repertuarynda düýpli orun almagynyň sebäbi hem – onuň goşgularynyň temasy halkyň durmuşyna ýakynlygyny, oý-pikirini oýlanşykly, ynandyryjylyk bilen beýan edilendiginden ybaratdyr. Şonuň üçin, şol eserleri Garadäli Gökleň, Kör Gojaly, Hally bagşy, Sary bagşy, Sahy Jepbarow ýaly türkmen halkynyň meşhur bagşy-sazandalarynyň repertuaryna çuňlaşyp, häzir bolsa, döwürdeş bagşylarymyz tarapyndan uly höwes bilen aýdylýar.  
Bu bolsa Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan ähmiýetli işleriniň netijesi diýip aýtmak bolar. Hormatly Prezidentimiziň ähli alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini durmuşa geçirmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny has hem içgin öwrenmeklige, ony halka ýaýmaklyga biziň mekdebimiziň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
Ogulşeker Gurbanlyýewa, 
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
mugallymy

Sowgatlaryňyz gutly bolsun!
Baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary dowam edýär. Arkadagly Serdarymyz öz sözünde, ýurtda zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyny belläp, her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli ata Watanamyzyň ähli gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylagyny gowşurmagy tabşyrdy. 
Düýn 4-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndaky mekdepde bilim alýan talyp gelin-gyzlaryna dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşuryldy. Oňa mekdebiň mugallymlary we jemgyýetçilik guramalaryň başlyklary gatnaşdy. Mekdebiň bu geçiren çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi.

Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy

Nowruz geldi ilime
Milli Liderimiz, Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her bir güni toýdur baýrama beslenen türkmen topragynda bu gün Milli Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyklar ýokary depginde alynyp barylýar. Tebigatyň al-elwan, gök mahmallyga büreren ýaz paslynda bu baýramçylyk türki dilli halklaryň ählisinde şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi hem bu baýramçylyga aýdym-sazly döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, külli türkmen halkynyň baýramçylygyna gutlag hökmünde konsert ýazgysyny geçirdi. Konsert ýazgysynda mekdebiň “Türkmen milli saz gurallar”, şeýle-de “Bagşyçylyk sungaty” bölümleriniň talyp ýaşlaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň birnäçesi millilige ýugrulan eserleriň ençemesini ýerine ýetirdiler. Mekdebiň ezber elli sazanda-mugallymy Döwlet Daňatarowyň ýolbaşçylygyndaky dutarçylar ansambly türkmeniň halk sazlarynyň biri bolan “At çapar” sazyny ýerine ýetirdi. Gündogar halklarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan saz gurallaryň biri kanun saz guralyna ezberlik bilen erk edýän ýaş mugallym Toýly Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky kanunçylar ansambly hem “Teşne men” atly sazyny baýramçylyga sowgat hökmünde taýýarlady. “Ile döwlet geler  bolsa – bagşy bilen ozan geler” diýen atalar sözüni ýatlamak bilen toýlanýan toý-baýramlaryň waspçylary bolan bagşysyz geçen toý duzsuz bişirilen tagama barabardyr. Mekdebiň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň müdiri Şöhrat Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar topary Serdar Baýramowyň şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine döreden “Pyragynyň pähim-paýhas ummany” atly aýdymyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Sataşdym” atly türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdiler. Aýdymy ýekelikde mekdebiň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Dursunjemal Durdygylyjowa ýerine ýetirdi. “Türkmen milli saz gurallar” bölüminiň zehinli sazanda mugallymlarynyň biri Spartak Atakowyň ýolbaşyçylygyndaky gyjakçylar ansambly hem şadyýan häsiýetli halk sazlaryň biri bolan “Ak eşekli” halk sazyny baýramçylyga sowgat etdiler. Mekdepde ençeme ýyllardan bäri hereket edip gelýän toparlaryň biri bolan tüýdükçiler ansambly halypa mugallym Aşyrmyrat Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda “Bady saba” atly türkmen halk sazyny ýerine ýetirdi. Mekdebiň dürli bölümleriniň talyplaryndan düzülen a’сapella hor topary hem taýýarlan baýramçylyk sowgadyny halkymyza hödürledi. Bu topar türkmen halk aýdymy “Gel Arzygül, görüşeli” aýdymynyň täzeden işlenen görnüşini ýerine ýetirdi. Şeýle-de mekdebiň dutarçy gyzlar ansambly türkmen halk sazy “Ýaşylbaş” sazyny ýerine ýetirdi. 
Aýdym-saz sungatynyň hak howandary Hormatly Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda uly ösüşleri gazanmak ugrunda alyp barýan adyl syýasaty elmydama rowaçlyklara beslensin. 

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa


Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
  Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas  ummany  Magtymguly  Pyragy” ýyly  toýdur  baýramlara,  dabaralara,  şanly wakalara beslenýär. Türki  medeniýetiň  halkara  guramasy  bolan  TÜRKSOÝ  tarapyndan  2024-nji  ýylyň  “Türki  dünýäsiniň  beýik  şahyry  we akyldary  Magtymguly Pyragy  ýyly”  hem-de  Änew  şäheriniň  “Türki  dünýäsiniň  medeni  paýtagty”  diýlip yglan edilmegi halkymyzy  buýsanja  besledi.  Nowruz  ýaýlasynda  “Türkmeniň  ak  öýi” binasynda gurnalan  dabara    ýürekleri  buýsançdan doly türki halklaryň aýdymçylarynyň we türkmen medeniýet  sungat işgärleri hem  bu ajýyp dabarda özboluşly milli sungatyny suratlandyrdy. Bu medeni çärä  Maýa  Kulyýewa  adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky  Daňatar Öwezow  adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Bagşylar  we Gargy tüýdükçiler topary hem  baýramçylyk  dabarysyna  türkmen milli  aýdymdyr -sazlary bilen   gatnaşdylar.                         
Bu  aýdym sazly medeni  çäre  köp  öwüşginli  bolup, Maýa  Kulyýewa  adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky  Daňatar Öwezow  adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen bagşy  we  sazandalaryň  ýerine ýetiren   halk aýdymlary  diňleýjilerde  Änew  şäheriniň  “Türki  dünýäsiniň  medeni  paýtagty”  dabarsyna  gatnaşyjylaryň  kalbynda  uly täsir galdyrdy.
     Türkmenistanyň  at gazanan işgäri   Aşyrmyrat Ýazmyradowyň  ýolbaşçylyk  edýän  Gargy tüýdükçiler toparynyň  bu dabarada  ýerine ýetiren türkmen   halk  sazlary  ” Dilber” “Sona  gelin”, “ Bady  saba” okuw  jaýymyzyň  talyby  Azat Abdyllaýewiň  ýerine ýetiren  “Ýagma bulut” “Sona  gelin” ýanama  aýdymlary   diňleýjilerde  Änew  şäheriniň  “Türki  dünýäsiniň  medeni  paýtagty”  diýlip yglan edilmeginiň  şanyna geçirilenen toýuň,  şatlygyna şatlyk goşdy.

  Garryýewa Bägül Ýazmämmedowna
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite 
sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” 
mugallymy



 Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy -  dünýä düşdi çyragy
Berkarar döwletimiziň täze, eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup dünýä ýaýylýar.
    2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza, milli medeniýetimize bolan buýsanç, geçmişi mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý medeni mirasy täzeden dikeltdi. Biz ýaşlar bolsa şahyrymyzyň goşgularyny halypa mugallymlarymyzyň öwretmegi  bilen saza salyp aýdym edip ýerine ýetirýäris. 
      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Bagşylar ansambly” bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmen owazy” teleýaýlymynda aýdym-sazly ýazgy gurnaldy. Ilki Bagşylar ansambly bilen bilelikde ýerine ýetirmegimizde Serdar Baýramowyň sazyna Döwletgeldi Annamyradowyň sözüne “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdymyny ýerine ýetirdik. Soňra bölümiň talyplary şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna hersi ýekelikde “Bu gün”, “Jem bolup”, “Sataşdym”, “Il ýagşy”, “Bolmasa”, “Aýa döndi”, “Dert iňňildir”, “Sil galmaz”, “Gelmezmi” ýaly goşgularyny saza salyp aýdym ýerine ýetirdiler we ýazgy diýseň şowhunly boldy. Akyldarymyzyň bu goşgularynyň üsti bilen eziz watanymyza, ene topragymyza, aýal-gyzlara goýulýan sylag hormat wasp edildi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň tejribesiniň artmagyna, kämilleşmegine uly ýardam berdi.
 Bizi şeýle zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag başy dik tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini talyp ýüregimden arzuw edýärin.    
Ogulgerek Baýryýewa
                                              Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
                                             konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar 
                                             Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
                                               sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty”    
                                                         bölüminiň III ýyl talyby

 Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk seýilgähinde”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” atly aýdym-sazly çäresi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde giňden bellenilýär. Muňa mysal edilip täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly 60metr heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen uly sarpa goýulýar.
    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk seýilgähinde”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. 
    Bu çäräniň başynda Şöhrat Mededowyň ýolbaşçylyk etmeginde  mekdebiň “Bagşylar ansamblynyň” ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi hem-de Magtymguly Pyragyny wasp etýän aýdym bilen başlandy. Soňra bolsa Bagşylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde mekdebin “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary akyldar şahyryň sözlerine bir näçe aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olardan Baýryýewa Ogulgerek “Aýa döndi” türkmen halk aýdymy şeýle hem Mekdebiň talyby Annaýew Serdar “Bellidir” türkmen halk aýdymy bilen, hem-de Tuwakow Döwlet “Tapmaz sen” türkmen halk aýdymy bilen çykyş etdi.  Türkmen  medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgudyr şygyrlaryna döredilen aýdymlar bilen çäre örän gyzykly geçdi.

Sahydursun Mätiýewa
                                             Maýa kulyýewa adyndaky Türkmen milli
                                             konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar 
                                             Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite    
                                   sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty”                
                                                           bölüminiň IV ýyl talyby
Pähim – paýhas ummany  Magtymguly  Pyragy ýylynda toýlar-toýlara ulaşýar.
 düzülen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Akyldar şahyrymyzyň goşgulary öwüt-nesihat beriji we terbiýeçilik ähmiýeti ulydyr. Ussat halypalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten Bagşyçylyk sungaty nusgawy şahyrlarymyzyň goşgylaryny aýdym edip gazma dutaryň şirwan perdesine  goşup bagşylaryň şirin owazy bilen ýerine ýetirilende ynsanyň ruhy dünýäsini kalbyny içki ahlagyny watana söýgüsini gözelleşdirmäge ýardam edýän aýdymlar aýdyldy.,,Miras’’ teleýaýlymynyň owadan ajaýyp sahnasynda aýdymlar sazlar ,,Bolmasa’’ aýdymy öwüt-nesihat beriji bolup, onuň many mazmuny örän ulydyr. ,,Il ýagşy’’ goşgy setirlerinde bolsa, adamlar birek-birege bilen dost-doganlykly gatnaşykda bolmagy hem-de ynsanlaryň bir- birege hormat sylagyň bolmagyny ündeýär. Medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip, biz ýaly ýaş nesilleriň bilim terbiýe alyp, özümiziň milli senedimiziň bagşylyk sungatymyzyň has hem ösdürmäge, öwrenmäge halypalaryň aýdan ýollaryny mundan beýläk dowam edip nesilme-nesil geçirmäge ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýäris.
                                                                        Sahydursun Halbaýewa
                                                  Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
                                                 ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
                                                 TDÝSM-niň  ,,Bagşyçylyk sungaty” 
                                                  bölüminiň III ýyl talyby


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşigiň yzysüresi aprel aýynyň 29-dan maý aýynyň 4-i aralygynda “Sazyň nazaryýeti” we “Sazyň taryhy” kafedralarynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzda ýerleşýän ýörite sazçylyk we çagalar sazçylyk mekdepleriniň ýerine ýetiriji, şeýle-de nazaryýetçi mugallymlarynyň arasynda “Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mugallymlar bilen birlikde Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden S.Baýryýewa, S.Kasimi we M.Jumaýew ýaly tejribeli mugallymlar hem gatnaşdylar.
Birnäçe bölümçelere bölünip geçirilen maslahatda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewa “Ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde okuw prosesini gurnamagyň wajyp meseleleri” atly taýýarlan çykyşynda mugallymlar üçin geljekde iş ýüzünde peýdaly boljak meseleleriň birnäçesini gozgady. Mugallym öz çykyşynda sapagyň dürli görnüşleri, aýratyn hem adaty däl sapaklaryň görnüşleriniň üstünde jikme-jik durup geçdi. Çykyşyň ýany bilen taýýarlanan gysga görnüşli wideo ýazgylar, prezentasiýalar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de Sähra Baýryýewa öz bölüminiň mugallymlary tarapyndan nazaryýet dersler toplumyna girýän dersleriň ählisinden taýýarlanan sazly goşundyny maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Mugallymlaryň taýýarlan bu işi geljekde talyp ýaşlaryň özbaşdak bilim almaklarynda, sapagyň hilini ýokarlandyrmakda ýardamçy bolup hyzmat etjekdigine uly ynamynyň bardygyny belläp geçdi. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly bilim ugamynyň düýpli durmuşa ornaşdyrmak baradaky öňe sürýän syýasatyna mugallymlar tarapyndan seslenme bolup durýandygyny belläp geçdi. 
Ýerine ýetiriji mugallymlaryň çykyşlaryny özünde jemleýän beýleki bölümçelerde geçirilen maslahatda mekdebiň “Estrada sungaty” bölüminiň tejribeli mugallymy Myrat Jumaýew “Ýerine ýetirijilik interpretasiýasy” atly temasy bilen çykyş etdi. Şeýle-de mekdebiň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň baýry mugallymlarynyň biri Seýran Kasimi “Skripka saz guralyny okatmagyň käbir aýratynlyklary” atly taýýarlan çykyşyny egindeş ýoldaşlarynyň dykgatyna ýetirdi. Skripka saz guralyna ezber Seýran mugallym çykyşynyň ýany bilen A. Şapoşnikowyň döreden “Poema” atly eserini hem skripka saz guralynda ýerine ýetiridi. 
Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, zehinli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda atalyk aladalaryny yzygiderli durmuşa geçirýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il, ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin. 

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” 
         bölüminiň mugallymy
         Mähriban Jumaýewa




Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp  Hasabat konserti makala 

        Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda toýlar-toýlara ulaşýar.  Güneşli  diýarymyzda Berkarar döwletimizde şeýle toýlaryň biri hem Maýa Kulyýewa  adyndaky  Türkmen milli konserwatoriýasynyň  ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky T.D.Ý.S-nyň “Aýdym aýtmak sungaty” bölümi, halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde hasabat konserdini geçirdi. Konsert türkmeniň akyldar şahyry, Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygyna we Mekdebiň açylanyna  95 ýylyň dolmagy mynasybetli Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň hasabat konserti geçirildi. 
          Konserdiň başynda asuda ýurdymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän goşgylardyr aýdymlar ýaňlandy. Bu konsert uly şatlyk şowhuna beslenip, konsertde Türkmen nusgawy kompazitorlarynyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymdyr romanslar we dünýä belli daşary ýurt kompazitorlarynyň aýdymlarydyr ariýalary ýaňlandy
    Bu aýdymlary bölümiň talyp ýaşlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle konsertler mekdebimizde yzygiderli geçirilip durulýar. Talyp ýaşlarymyzyň ene-atalary diňlemäge, görmäge geldiler.
 Aýdymçy talyp ýaşlarymyzyň  her biriniň kalbynda asuda watanymyza bolan söýgüni, Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda erkana aýdym aýdýandyklaryna çäksiz buýsanýan ýüzleri göreniňde, göwün guşy ganatlanýar. Bu aýdymçy talyp ýaşlaryň  gelejege bolan ynamy günsaýyn artýar. 
Konsert ýurdymyzyň ösüşlerini we Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny wasp edýän aýdym bilen jemlendi. 
      
Begdurdy Çerkezow
 Maýa Kulyýewa adyndaky  Türkmen 
 milli konserwatoriýasynyň  ýanyndaky 
 Daňatar Öwezow adyndaky T.D.Ý.S
 mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”
 bölüminiň mugallymy

Saza beslenip
Berkarar döwletimizde ýaşlara saz ugrundan hünär öwretmek, olaryň saz dünýägaraýyşyny giňeltmek mugallymlaryň paýyna düşýär. Şeýle hem sazandanyň konsert tejribesiniň artmagy üçin, sahnada erkin çykyş etmek, özüňi alyp barmagyň medeniýeti ýaly ençeme wajyp bolan ukyp-başarnyklar yzygiderli gurnalýan konsertleriň medeni çäreleriň esasynda türgenleşdirilýär. Ine ýaňy ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hem-de “Estrada sungaty” bölümleri tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli hasabat konserti geçirildi. Konsertde bu bölümlerde okap bilim alýan talyplar hünär derslerinden, şeýle hem ansambl derslerinden öwrenen ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy  eserleri bilen bir hatarda estrada we jaz akymyna degişli eserler  hem belentden-belent ýaňlandy. Talyplaryň üstünlikli çykyşlary olary konserte  taýýarlan mugallymlarynyň hem zähmetiniň hözürini aýdyň görkezdi.  Konsertiň dowamynda bölümiň IV ýyl talyby “Ýaşlyk joşguny-2024” bäsleşiginiň ýeňijisi Atajanow Ýagmyrgeldiniň ýerine ýetiren eseri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Mundan başga-da ansambl toparlarynyň ýerine ýetiren jaz eserleri, “Estrada sungaty” bölüminiň I ýyl talyby Kamilow Rasulyň ýerine ýetiren eseri konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy.  Bize şular ýaly giň we owadan sahnalarda çykyş etmek üçin uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz munnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!  

Süleýman Gurbanow  
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
DaňatarÖwezow adyndaky TDÝSM-niň 
“ÜKÇSG” we “ES” bölümleriniň müdiri


Döredijilik duşuşygy 
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplary bilen halypa kompozitorymyz Suhan Tüýliýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyny “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Mededowa A. gurnady. Mugallym halypa kompozitorymyza wagt tapyp, talyplar bilen duşuşmana gelenligi üçin köp sag bolsun aýtdy. Kompozitor Suhan Tüýliýew sözüni öz döredijilik ýoly barada aýdyp berip başlady. Çagalyk ýyllary, sungat ýolyna basan ilkinji ädimleri barada, bilim alan alan ojaklary we sapak alan halypalarydyr mugallymlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Onuň gürrüň beren pursadynda talyplaryň ählisi ünsli, bilesigelijik bilen diňläp otyrdylar. Soňra kompozitor öz ýazan eserleri barada gürrüň berdi. Ilkinji ýazan eseri, eserleriniň döreýiş taryhy barada gyzykly ýatlamalary aýdyp berdi. Duşuşygyň arasynda talyplar Suhan Tüýliýewe öz gyzynlanýan soraglaryny hem gezekli-gezegine berdiler. Kompozitor hem olaryň soraglaryny uly höwes bilen jogap berdi. Gürrüňiň arasynda Suhan Tüýliýewiň ýazan eserlerinden hem diňlenildi. Wideo ýazgylaryna hem tomaşa edildi. Aýdymdyr-sazlaryň diňlenilmegi hasda talyplar üçin täsirli boldy. Soňra kompozitor özüniň ýazan birnäçe kitaplary bilen tanyşdyrdy. Geljekki maksatlary barada hem aýdyp berdi. Talyplara we mugallymlara öz maslahatlaryny berdi. Duşuşygyn soňunda halypa kompozitora beren gürrüňleri, diňleden eserleri üçin köp sagbolsun aýtdylar. Talyplardyr- mugallymlar Suhan Tüýliýew bilen ýadygärlik surata düşdiler we kompozitor bilen sagbollaşdylar. 
Aýdogdyýewa B.A.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndakt TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 
 










 



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19