Fortepiano
Fortepiano hünäriniň mekdebiň açylan ilkinji gününden bäri hereket edip gelýär. Fortepiano hünärinde dersleriň arabaglanyşygy, fortepiano saz guraly hakynda maglumatlary, opera klawirleri, simfoniki partituralary, kamera-instrumental, wokal eserleri ýerine ýetirmegi we transport etmegi öwrenýärler. Dürli ýerine ýetirijilik meselelerden baş alyp çykarmaklygy, saz eseriniň çeperçilik häsiýetlerine özbaşdak obýektiw baha bermekligi, saz sowady bilen bir hatarda nota boýunça ýüzugra okamagy, elleriniň tehnikasy ösdürmekligi, ansambl bolup, yokary derejeli sazanda, artist, fortepiano saz guralynda ýerine ýetiriji, ýekelikde we dürli saz gurallar, dürli sesli aýdymçylardan düzülen ansambllar we toparlar bilen ýerine ýetirmek endiklerini ele alýarlar.Bu bölümiň uçurymlary okuwy tamamlanlaryndan soň konsertmeýster, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär.
Fortepiano hünäri boýunça hünärmenler etrap, şäher, welaýat orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän orta mekdeplerde, we mekdebe çenli çagalar baglaryna saz mugallymy bolup işlemek hukugy berilýär, aýdym-saz toparlarynda sazanda, akkompaniator, konsertmeýster hökmünde işlemek üçin, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar. Okuwyň
möhleti 3 ýyl 10 aý.