Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Mart aýynyň 12-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnagy mekdebiň direktory Kerimow M.B. açyp berdi. Kerimow M.B. talyplary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary hem-de Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli görülýän taýýarlyklar barada durup geçdi. Bitaraplyk munuň özi parahat, asuda ýaşaýşyň nyşany bolup, dünýä döwletleri, dünýä halklary bilen hoşniýetli, dost-doganlyk ýörelgelerini ýaýýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli biziň mekdebimiziň konsertlerinde hem dost-doganlyk aýdym-sazlary ýaňlanar. Her bir sungat işgäri we medeniýet işgäri bu şanly baýrama öz mynasyp goşandyny goşar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusynda şeýle diýilýär:
“Ýalňyşlary düzedeliň,
Sylalyň birek-biregi!
Ýamanlykdan ýüz öwreliň,
Ynamdyr dünýäň diregi!
Halklar – bir jebis maşgala.
Ýaşasyn parahat durmuş!
Parahat durmuşyň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek hem biziň borjumyzdyr. Asuda asmanyň goýnunda parahatçylykda ýaşamagyň özi, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynda rejelenen görnüşinde kabul edilmegi hem ýaşlarymyza döredilýän şertleriň, bildirilýän ynamyň aýdyň nusgasydyr. Şunuň bilen bir hatarda Kerimow M.B. talyplara saýlap alan hünärlerinde üstünlikleri gazanmaklaryny, ata-babalarymyzdan gaýdýan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegi ündedi. Nakyllarda aýdylyşy ýaly, “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar”, “Bir okana – bir dokana”, “Zähmet çekseň – ýagar rehnet” diýen parasatly jümleler hem biziň ýaşlarymyza tutanýerli bolmagy, zähmet çekmekligi düşündirýär.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamyny mekdebiň ýaşlar guramasynyň başlygy Nazarow H. dowam etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän atalyk aladalary, ýaşlaryň döwrebap ylymly we bilimli bolmaklary üçin döredip berýän şertleri barada durup geçdi. Mekdebimizde we onuň çäginden daşarda hünärler boýunça bäsleşikler, ders bäsleşikleri, sport ýaryşlary geçirilýär. Talyplar bu bäsleşiklerde mynasyp orunlary eýeleýärler. Nazarow H. talyplara ynsany bezeýän gymmatlyklara, ahlak gymmatlygyna, ata-babalarymyzdan gelýän türkmençilik ýörelgelerine eýermek bilen halypalardan sungatyň inçe tärlerini öwrenip, Watanymyzyň güllemegine, pajarlap ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdi. Çünki ýaşlar geljekki mugallymlar, geljekki sungat we medeniýet işgärleri bolýarlar.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamyny mekdebimiziň direktorynyň orunbasary Baýramow S.E. dowam etdi. Baýramow S.E. talyplara edep-terbiýäniň, tertip-düzgüniň orny hakynda aýtdy. Ýaşlar zyýanly endiklerden daşda durmalydyrlar. Olar wagtyny bisarpa tutmaly däldirler. Her bir talyp öz saýlan hünäriniň eýesi bolmalydyr. Sanly ulgamyň üsti bilen özlerine hünärlerinde gerek bolan maglumatlardan peýdalanmalydyrlar, saz eserlerini ürç edip öwrenmelidirler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri bimöçberdir. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Baýramow S.E. talyplaryň okuwlarynda uly üstünlikleri gazanmaklaryny, bäsleşiklere gatnaşyp, göreldeli okamaklaryny nygtap geçdi.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almaklaryny arzuw etdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen
Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Hanguly Öwezow