Mekdebimizde wagyz-ündew çäresi geçirildi
Mekdebimizde wagyz-ündew çäresi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleri, gazanylýan üstünlikleri halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna, röwşen geljegine gönükdirilendir. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem edep-terbiýe, arassaçylyk işleri barada zenan mugallymlarymyzyň we talyp gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-ündew çäresi geçirildi.
Çärede “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler toplumy” bölüminiň müdiri Amangulyýewa E., “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Baýryýewa S., Zenanlar guramasynyň başlygy Annaberdiýewa N. dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler: “Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli ynsanperwer syýasaty, pähim-parasady netijesinde dünýä döwletleri bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Bitaraplyk parahatçylygy söýýän, dost-doganlyga sarpa goýýan asuda hem abadan halkymyzyň abraý-mertebesini ýokary galdyrýar. Ýurdumyzyň halkara syýasaty bolsa dost-doganlyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, aragatnaşyk gapylaryny çar tarapa giňden açdy we dünýäniň ähli ýurtlaryny hyzmatdaşlyga çagyryp, ykdysadyýetiň we medeniýetiň güýçli ösüşlerini gazanýar” diýlen ynsanperwerlik ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz edýän parasatly sözler ýaňlandy.
Ýygnak wagyz-ündew işleri barada dowam etdi. “Ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan geýinmek edebi bilen irki döwürlerden bäri tapawutlanyp gelipdirler. Pähim-paýhasdan gözbaş alýan köpöwüşginli ol nusgalyk häsiýetler gyz-gelinlerimiz tarapyndan häzirki wagta çenli ýöredilip gelinýär. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan talabalaýyk geýinmek medeniýeti zenanlarymyzyň buýsanjy, abraý-mertebesidir. Türkmen zenanlary ýiti synçy nazary bilen gözelligi, täsinligi duýup bilýän suratkeşlerdir. Bu bolsa gyz-gelinlerimiziň on barmagynyň hünärinden hasyl bolan senetçilik önümlerine salynýan nagyşlaryň many-mazmunynda, olaryň reňk sazlaşygynda, ýerine ýetirilişiniň nepisliginde aýdyň şöhlelenýär. Tebigatyň owadan gülleridir ösümlikleriniň keşbi, ene-mamalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş bilen bagly gadymy ynançlary, bagtyýar durmuş hakyndaky maksat-myrady, ýüregindäki arzuw-hyýallary el hünäri bolan syrly nagyşlara siňdirilipdir. Hut şonuň üçinem, mekdebimiziň agzybir işgärleri, talyplary bolup, gelin-gyzlarymyz, zenanlarymyz indi birnäçe ýyl bäri owadan nagyşly donlary, uzyn ýeňli, ýapyk ýakaly görnüşdäki lybaslary geýmek bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Köpçüligiň içinde käbir näsazlyklara hem gabat gelýäris. Bu ýagdaý käbir zenanlaryň kemçiligi bolsa-da, tutuş okuwyň abraýyna zeper ýetirýär. Biz, zenan işgärlerimize, talyplarymyza şeýle ýüze çykýan näsazlyklary aýtmak bilen, gelejekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen zenanlary üçin döredip berýän ajaýyp şertlerine jogap edip, diňe nusgalyk mekdebi bolup zähmet çekmeklerine çagyrýarys! Bize şeýle mümkinçilikleri döreden Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!” diýip, wagyz-ündew çäresini jemlediler.
Mededowa Aýtäç
Maýa Kulyýewa adydaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy