Arkadag şäherinde geçirilen aýdym-sazly gepleşikde


Arkadag şäherinde geçirilen aýdym-sazly gepleşikde
 Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan, täzeden direlişiň, galkynyşyň nyşany hökmünde ýylyň ýylyna bellenip geçilýän Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni  şatlyk-şowhuna beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň Bagşylar topary Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet teatrynda “Miras” teleýaýlymynda aýdym-sazly döredijilik gepleşigini geçirdiler. Bu gepleşikde ansamblyň ýolbaşçysy Şöhrat Mededow, gyjak saz guralynda sazandarlyk eden Spartak Atakow hem-de “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary Orazowa Merjen, Amandurdyýewa Merjen ýurdumyzda Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz gününiň näderejede bellenip geçilişi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan Döwlet ähmiýetli işlerini, häzirki wagtda ýaşlara goýulýan üns barada birnäçe gyzykly maglumatlar berdiler. Konserdiň dowamynda aýdylan aýdymlar türkmen halk aýdymlary “Gyzylgül”, “Geldiňmi”, mukamçy kompozitorlaryň “Ýaýlaklary bar”, “Aşgabat hakynda aýdym”   ýaly ajaýyp aýdymlar aýdyldy.
  Türkmen halkyny baky bagtyýar durmuşda ýaşadýan, medeniýetimiziň-sungatymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň ýanyndaky  
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen 
döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy 
Ahmedowa Gülnabat

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219