Açyk gapylar güni

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna beslenen 2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne mekdebimizde gurnalan Açyk gapylar güni hem çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylary hünäre ugrukdyrmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Açyk gapylar güni mynasybetli gurnalan kitaphana sergisinde okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy dostluk-doganlyk sazy”, Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitaplaryny uly gyzyklanma bilen okadylar. Şeýle hem, kitap sergisinde saz ugruna degişli nota ýygyndylary, mekdebiň kitaphana müdiri Maýsa Nuryýewanyň kitap okamagyň ähmiýeti barada beren gyzykly gürrüňleri çagalarda uly täsir galdyrdy
Açyk gapylar gününiň açylyş dabarasyna ýygnanan Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary mekdebiň direktory Merdangeldi 
Kerimowyň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň taryhy, mekdebi tamamlan abraýly medeniýet we sungat wekilleri, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleriniň esasynda öwredilýän hünärler, zähmet çekýän tejribeli we ussat  mugallymlar, hereket edýän aýdym-saz döredijilik toparlary, alnyp barylýan konsert-döredijilik işleri barada giňişleýin gürrüň bermegi okuwçylary saz ugry boýunça saýlap alan hünärlerine bolan höweslerini has-da artdyrdy. 
M.B.Kerimowyň aýdym-sazyň üsti bilen Galkynyşly zamanamyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işlerini wasp etmek, bagtyýar, merdi-merdana  halkymyzyň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazyň üsti bilen şöhlelendirmek, medeniýet, sungat işgärleriniň paýyna düşýändigi barada aýdylanlar okuwçylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Mekdebiň talyplarynyň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmekde, sahna tejribeliklerini artdyrmakda türkmen kompozitorlarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirmegiň ähmiýetiniň ulydygyny bellemek bilen, bu ugurda konsertleriň, medeni çäreleriň, döredijilik agşamlarynyň, teleýaýlymlara ýazgylaryň yzygiderli alnyp barylýandygy, talyplaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, ata-babalarymyzdan gelýän milli medeniýetimizi aýawly saklamak, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişdirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň ýygy-ýygydan geçilýändigini hem aýdyp geçdi. Direktor M.B.Kerimow gelen okuwçylary öz saýlap alan  saz ugurlary boýunça hünärlerini dowam etdirmek üçin  mekdebimize okuwa çagyrdy we bu babatda ýaş sazandalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Sözüniň ahyrynda M.B.Kerimow döredip beren mümkinçilikleri üçin medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, türkmen ýaşlary üçin atalyk aladalaryny edýän Hormatly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini aýtmak bilen, gelen myhmanlary mekdebimiziň talyplarynyň taýýarlan konsert çykyşlaryny diňlemäge çagyrdy. 
Konsertden soň sazanda okuwçylar “Halk saz gurallary” hünäri boýunça Bagda Gül Hudakuliýewanyň, “Bagşyçylyk sungaty” boýunça Şäher Täçowyň, “Kirişli saz gurallary” boýunça Ýazberdi Jepbarowyň, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” boýunça Myrat Jumaýewiň, “Fortepiano” ugry boýunça Ogulgerek Dinçiň ussatlyk sapaklaryna tomaşa etdiler. Ussatlyk sapaklary okuwçylarda uly täsir galdyryp, olar saz ýerine ýetirijiliginde duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmegiň syrlary, saz guraldan ses almagyň inçelikleri, sahnada çykyş etmegiň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. 
Açyk gapylar gününe gelen okuwçylara Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi hakyndaky maglumatlary özünde jemleýän ýörite taýýarlanan bukletler paýlanyldy we mekdebiň gapysynyň ýaş sazandalar üçin hemişe açykdygyny aýratyn bellemek bilen, olary kämil saz hünärmenleri bolup ýetişmekleri üçin mekdebimize okuwa çagyryldy.  

Sähra Baýryýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219