Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň hor topary we ABŞ-nyň wokal trio a’kapella topary bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda konsert berdiler   
Türkmenistan ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklary barha uly ünstunliklere beslenýär. Ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli alynyp barylýan medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. 2024-nji ýylyň 8-15-nji aprel aralygynda ýurdumyzda ABŞ-nyň Alýaska ştatynyň “Pipeline Vocal Project” atly professional wokal trio toparynyň A’kapella hepdeligi geçirildi. 14.04.2024 ýyl güni Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň Hor topary şeýle-de ABŞ-nyň trio topary Adriano Latonio, Molli Diýeni, Liza Hokins ýaly aýdymçylar bilen bilelikde konsert berdiler. Konsertiň başynda myhmanlary tomaşaçylar uly el çarpyşma bilen garşyladylar. Konsertde aýdymçylar tomaşaçylaryň ünsüni derrew özüne çekdiler. Olar diňe aýdym aýtmak bilen çaklenmän eýsem dürli saz gurallaryň seslerine öýkünip ýerine ýetirdiler. 
      Şeýle-de konsert programmasyna laýyklykda sazçylyk mekdebiň M. Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky hor topary bilen Magtymguly Pyragynyň sözlerine W. Ahmedowyň sazyna “Gözüm düşdi”, “Türkmeniň”, we amerikan eserleri “Sweet Caroline-Neil Diamond”, “I Wanna Be Like You-Disney”, “Under the Sea-Disney”, “Hey Jude” ýaly aýdymlary uly höwes bilen bilelikde ýerine ýerirdiler. Profesional hor aýdymçylary eserleri dinamika boýunça (f) forte, (p) piano, kerşendo demuniendo belgileri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, hor toparyna mahsus bolan mikrofonly aýtmak, tans hereketkerini goşmak, saz gurallaryň ornuna adam sesini ulanmak ýaly ençeme aýratynlyklary ulanyp tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar. 
    Konsertiň ahyrynda gelen myhmanlar Türkmenistana gelip mekdebiň hor topary bilen konsert bermek diýseň gyzykly bolandygyny aýdyp, ABŞ bilen Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýakyndan ýardam beren Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirip köp sag bolsun aýtdylar. 

                                            Nurana Annaberdiýewa
        Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
 Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19