Biz sagdyn durmuşy saýlaýarys!
Biz sagdyn durmuşy saýlaýarys!
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Temmäkä garşy göreş” şygary bilen wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip, ýaşlaryň arasynda temmäkiniň saglyga zyýany, adam bedeniniň organlaryna ýetirýän ýaramaz täsiri, çilimkeşiň daş-töweregindäki gurşawyna ýaramaz göreldesi barada gyzykly öwüt-ündewler alnyp baryldy. Wagyz nesihat çärelerinde diňe bir mugallymlar däl, eýsem talyp ýaşlar hem bu tema boýunça öz taýýarlan prezentasiýalary bilen çykyş edip, deň-duşlaryna sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etdiler. Şeýle hem temmäkiniň zyýany baradaky maglumatlary foto suratlar bilen baýlaşdyrylan bukletler talyp ýaşlara paýlanylyp, olary sagdynlyga, sporta çagyryş hökmünde uly täsir galdyrdy. Elbetde, temmäkiniň zyýanyndan dünýäde millionlarça adamlar öz saglyklaryna zyýan ýetirip, bu erbet endigi goýup bilmän kösenýärler. Zyýanly endiklerden daşda durmak, olara duçar bolmagyň öňüni almak, temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zeperlerinden habarly bolmak ýaly meseleler boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türkmen ýaşlary üçin atalyk aladalaryny edýän Hormatly Gahryman Prezidentimiz tarapyndan uly tagallalar edilýär. Biz hem şeýle abadan, sagdyn durmuşda ýaşamaga, gelejekki nesillerimiziň saglygy üçin uly atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýaşlarymyzyň adyndan köp-köp alkyşlary aýdýarys. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Halkymyz, Watanymyz üçin alyp barýan ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Mädalyýewa Leýli
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriçýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow
adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyby