Nusgawy şahyrlaryň çeper döredijiligi saz sungatymyza gymmatly çeşme hökmünde ornaşyp, giňden peýdalanandygy hemmämize mälimdir. Saz sungatymyzyň ussatlarynyň halk döredijiliginde we aýdym-saz sungatynyň baýlaşmagy üçin bitiren hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Muňa mysal bolup Magtymgulynyň köp sanly eserleri, halk arasynda giňden ýarýarndyr diýip bellemek bolar. Magtymgulynyň şygyr eserleri türkmen dessançy bagşylaryň we tirmeçi bagşylaryň döredijiliginde giňden peýdalanylýar. Sebäbi Magtymgulynyň döredijilik tematikasy köptaraly bolup, durmuş pelsepelçilikden başlap, söýgi lirika goşgularynda aýtmadyk zady ýok.
Şahyryň döreden şygyrlarynyň aglabasy bagşyçylyk medeniýetimiziň ebedilik hemrasy boldy. Türkmen şahyryň eserleriniň köpüsi okamak üçin dal-de, eýsem aýdym edip ýerine ýetirmek üçin niýetlenen diýip aýtsak bolar. Magtymguly, öz goşgularynda halkyň arzuw-isleglerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň bilen bir hatarda aýdymyň üsti bilen bagşylaryň dilinde gürleşip bilipdir. Şahyr “Eý, dünýe senden”, “Bu derdi”, “Bellidir”, “Goç ýigitler” ýaly öz eserlerinde durmuş ýollaryna filosofiki nukdaýnazardan garaýar. “Ýagşydyr”, “Il biläni”, “Gidiji bolma”, “Garşy” ýaly eserlerinde bolsa adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir ýöredýär diýip aýdylýar.
Şahyr özüniň bir goşgusynda: “Magtymguly, sözlerim, Saza goşsaň, uz bolar” – diýlişi ýaly, onuň aýdymlaryna öwrülen ganatly setirleri, henize bu güne çenli özleriniň aşa özüne çekijiligi, dil baýlygy, şekilleriň düýpülüligi we şahyrçylyk ussatlygynyň ajaýyp nusgalaryny görkezýänligi bilen diňleýjileri heýjana getirip gelýär.
Şahyryň eserlerini halk arasynda çuň ornaşmagyna bagşylaryň hyzmaty uludyr. Onuň edebi-mirasynyň hemmesi diýen ýaly aýdym-saza bezeg bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň goşgularyna aýdym aýdýan bagşylaryň sany diýseň köpelýär. Türkmenistanyň tanymal gyjakçysy Sapar Bekiýewiň aýtmagyna görä, Garadäli gökleň beýik şahyr Magtymgulynyň goşgularyndan köp aýdar eken. Sapar Süýrentgi diýen bagşy Garadäli gökleňden tälim alypdyr we Magtymgulynyň köp goşgularyny ondan öwrenipdir.
Magtymgulyçy bagşylaryň ýene-de biri Gambar Ilmät ogludyr. Türkmenistanyň hormatly bagşysy Palta aganyň beren maglumatlaryna görä, Gambar bagşy Magtymguly şahyryň eserlerinden bir aýdanyny gaýtalaman iki gije aýdar ekeni. Bu maglumatlar bütin türkmen halkynyň asyrlar dowamynda döreden milli medeniýetiniň giň aralaşmagynda bagşylar nesliniň uly rol oýnaýandygyny görkezýär.
Magtymgulynyň eserleriniň halk bagşylarynyň repertuarynda düýpli orun almagynyň sebäbi hem – onuň goşgularynyň temasy halkyň durmuşyna ýakynlygyny, oý-pikirini oýlanşykly, ynandyryjylyk bilen beýan edilendiginden ybaratdyr. Şonuň üçin, şol eserleri Garadäli Gökleň, Kör Gojaly, Hally bagşy, Sary bagşy, Sahy Jepbarow ýaly türkmen halkynyň meşhur bagşy-sazandalarynyň repertuaryna çuňlaşyp, häzir bolsa, döwürdeş bagşylarymyz tarapyndan uly höwes bilen aýdylýar.
Bu bolsa Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan ähmiýetli işleriniň netijesi diýip aýtmak bolar. Hormatly Prezidentimiziň ähli alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini durmuşa geçirmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny has hem içgin öwrenmeklige, ony halka ýaýmaklyga biziň mekdebimiziň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
Ogulşeker Gurbanlyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
mugallymy
Sowgatlaryňyz gutly bolsun!
Baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary dowam edýär. Arkadagly Serdarymyz öz sözünde, ýurtda zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyny belläp, her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli ata Watanamyzyň ähli gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylagyny gowşurmagy tabşyrdy.
Düýn 4-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndaky mekdepde bilim alýan talyp gelin-gyzlaryna dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşuryldy. Oňa mekdebiň mugallymlary we jemgyýetçilik guramalaryň başlyklary gatnaşdy. Mekdebiň bu geçiren çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi.
Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy
Nowruz geldi ilime
Milli Liderimiz, Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her bir güni toýdur baýrama beslenen türkmen topragynda bu gün Milli Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyklar ýokary depginde alynyp barylýar. Tebigatyň al-elwan, gök mahmallyga büreren ýaz paslynda bu baýramçylyk türki dilli halklaryň ählisinde şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi hem bu baýramçylyga aýdym-sazly döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, külli türkmen halkynyň baýramçylygyna gutlag hökmünde konsert ýazgysyny geçirdi. Konsert ýazgysynda mekdebiň “Türkmen milli saz gurallar”, şeýle-de “Bagşyçylyk sungaty” bölümleriniň talyp ýaşlaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň birnäçesi millilige ýugrulan eserleriň ençemesini ýerine ýetirdiler. Mekdebiň ezber elli sazanda-mugallymy Döwlet Daňatarowyň ýolbaşçylygyndaky dutarçylar ansambly türkmeniň halk sazlarynyň biri bolan “At çapar” sazyny ýerine ýetirdi. Gündogar halklarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan saz gurallaryň biri kanun saz guralyna ezberlik bilen erk edýän ýaş mugallym Toýly Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky kanunçylar ansambly hem “Teşne men” atly sazyny baýramçylyga sowgat hökmünde taýýarlady. “Ile döwlet geler bolsa – bagşy bilen ozan geler” diýen atalar sözüni ýatlamak bilen toýlanýan toý-baýramlaryň waspçylary bolan bagşysyz geçen toý duzsuz bişirilen tagama barabardyr. Mekdebiň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň müdiri Şöhrat Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar topary Serdar Baýramowyň şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine döreden “Pyragynyň pähim-paýhas ummany” atly aýdymyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Sataşdym” atly türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdiler. Aýdymy ýekelikde mekdebiň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Dursunjemal Durdygylyjowa ýerine ýetirdi. “Türkmen milli saz gurallar” bölüminiň zehinli sazanda mugallymlarynyň biri Spartak Atakowyň ýolbaşyçylygyndaky gyjakçylar ansambly hem şadyýan häsiýetli halk sazlaryň biri bolan “Ak eşekli” halk sazyny baýramçylyga sowgat etdiler. Mekdepde ençeme ýyllardan bäri hereket edip gelýän toparlaryň biri bolan tüýdükçiler ansambly halypa mugallym Aşyrmyrat Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda “Bady saba” atly türkmen halk sazyny ýerine ýetirdi. Mekdebiň dürli bölümleriniň talyplaryndan düzülen a’сapella hor topary hem taýýarlan baýramçylyk sowgadyny halkymyza hödürledi. Bu topar türkmen halk aýdymy “Gel Arzygül, görüşeli” aýdymynyň täzeden işlenen görnüşini ýerine ýetirdi. Şeýle-de mekdebiň dutarçy gyzlar ansambly türkmen halk sazy “Ýaşylbaş” sazyny ýerine ýetirdi.
Aýdym-saz sungatynyň hak howandary Hormatly Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda uly ösüşleri gazanmak ugrunda alyp barýan adyl syýasaty elmydama rowaçlyklara beslensin.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly toýdur baýramlara, dabaralara, şanly wakalara beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi halkymyzy buýsanja besledi. Nowruz ýaýlasynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda gurnalan dabara ýürekleri buýsançdan doly türki halklaryň aýdymçylarynyň we türkmen medeniýet sungat işgärleri hem bu ajýyp dabarda özboluşly milli sungatyny suratlandyrdy. Bu medeni çärä Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Bagşylar we Gargy tüýdükçiler topary hem baýramçylyk dabarysyna türkmen milli aýdymdyr -sazlary bilen gatnaşdylar.
Bu aýdym sazly medeni çäre köp öwüşginli bolup, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen bagşy we sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary diňleýjilerde Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” dabarsyna gatnaşyjylaryň kalbynda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýazmyradowyň ýolbaşçylyk edýän Gargy tüýdükçiler toparynyň bu dabarada ýerine ýetiren türkmen halk sazlary ” Dilber” “Sona gelin”, “ Bady saba” okuw jaýymyzyň talyby Azat Abdyllaýewiň ýerine ýetiren “Ýagma bulut” “Sona gelin” ýanama aýdymlary diňleýjilerde Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň şanyna geçirilenen toýuň, şatlygyna şatlyk goşdy.
Garryýewa Bägül Ýazmämmedowna
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”
mugallymy
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy - dünýä düşdi çyragy
Berkarar döwletimiziň täze, eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup dünýä ýaýylýar.
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza, milli medeniýetimize bolan buýsanç, geçmişi mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý medeni mirasy täzeden dikeltdi. Biz ýaşlar bolsa şahyrymyzyň goşgularyny halypa mugallymlarymyzyň öwretmegi bilen saza salyp aýdym edip ýerine ýetirýäris.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Bagşylar ansambly” bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmen owazy” teleýaýlymynda aýdym-sazly ýazgy gurnaldy. Ilki Bagşylar ansambly bilen bilelikde ýerine ýetirmegimizde Serdar Baýramowyň sazyna Döwletgeldi Annamyradowyň sözüne “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdymyny ýerine ýetirdik. Soňra bölümiň talyplary şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna hersi ýekelikde “Bu gün”, “Jem bolup”, “Sataşdym”, “Il ýagşy”, “Bolmasa”, “Aýa döndi”, “Dert iňňildir”, “Sil galmaz”, “Gelmezmi” ýaly goşgularyny saza salyp aýdym ýerine ýetirdiler we ýazgy diýseň şowhunly boldy. Akyldarymyzyň bu goşgularynyň üsti bilen eziz watanymyza, ene topragymyza, aýal-gyzlara goýulýan sylag hormat wasp edildi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň tejribesiniň artmagyna, kämilleşmegine uly ýardam berdi.
Bizi şeýle zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag başy dik tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini talyp ýüregimden arzuw edýärin.
Ogulgerek Baýryýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar
Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty”
bölüminiň III ýyl talyby
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk seýilgähinde”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” atly aýdym-sazly çäresi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde giňden bellenilýär. Muňa mysal edilip täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly 60metr heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen uly sarpa goýulýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk seýilgähinde”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” atly aýdym-sazly çäre geçirildi.
Bu çäräniň başynda Şöhrat Mededowyň ýolbaşçylyk etmeginde mekdebiň “Bagşylar ansamblynyň” ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi hem-de Magtymguly Pyragyny wasp etýän aýdym bilen başlandy. Soňra bolsa Bagşylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde mekdebin “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary akyldar şahyryň sözlerine bir näçe aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olardan Baýryýewa Ogulgerek “Aýa döndi” türkmen halk aýdymy şeýle hem Mekdebiň talyby Annaýew Serdar “Bellidir” türkmen halk aýdymy bilen, hem-de Tuwakow Döwlet “Tapmaz sen” türkmen halk aýdymy bilen çykyş etdi. Türkmen medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgudyr şygyrlaryna döredilen aýdymlar bilen çäre örän gyzykly geçdi.
Sahydursun Mätiýewa
Maýa kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar
Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty”
bölüminiň IV ýyl talyby
Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda toýlar-toýlara ulaşýar.
düzülen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Akyldar şahyrymyzyň goşgulary öwüt-nesihat beriji we terbiýeçilik ähmiýeti ulydyr. Ussat halypalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten Bagşyçylyk sungaty nusgawy şahyrlarymyzyň goşgylaryny aýdym edip gazma dutaryň şirwan perdesine goşup bagşylaryň şirin owazy bilen ýerine ýetirilende ynsanyň ruhy dünýäsini kalbyny içki ahlagyny watana söýgüsini gözelleşdirmäge ýardam edýän aýdymlar aýdyldy.,,Miras’’ teleýaýlymynyň owadan ajaýyp sahnasynda aýdymlar sazlar ,,Bolmasa’’ aýdymy öwüt-nesihat beriji bolup, onuň many mazmuny örän ulydyr. ,,Il ýagşy’’ goşgy setirlerinde bolsa, adamlar birek-birege bilen dost-doganlykly gatnaşykda bolmagy hem-de ynsanlaryň bir- birege hormat sylagyň bolmagyny ündeýär. Medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip, biz ýaly ýaş nesilleriň bilim terbiýe alyp, özümiziň milli senedimiziň bagşylyk sungatymyzyň has hem ösdürmäge, öwrenmäge halypalaryň aýdan ýollaryny mundan beýläk dowam edip nesilme-nesil geçirmäge ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýäris.
Sahydursun Halbaýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň ,,Bagşyçylyk sungaty”
bölüminiň III ýyl talyby
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşigiň yzysüresi aprel aýynyň 29-dan maý aýynyň 4-i aralygynda “Sazyň nazaryýeti” we “Sazyň taryhy” kafedralarynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzda ýerleşýän ýörite sazçylyk we çagalar sazçylyk mekdepleriniň ýerine ýetiriji, şeýle-de nazaryýetçi mugallymlarynyň arasynda “Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mugallymlar bilen birlikde Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden S.Baýryýewa, S.Kasimi we M.Jumaýew ýaly tejribeli mugallymlar hem gatnaşdylar.
Birnäçe bölümçelere bölünip geçirilen maslahatda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewa “Ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde okuw prosesini gurnamagyň wajyp meseleleri” atly taýýarlan çykyşynda mugallymlar üçin geljekde iş ýüzünde peýdaly boljak meseleleriň birnäçesini gozgady. Mugallym öz çykyşynda sapagyň dürli görnüşleri, aýratyn hem adaty däl sapaklaryň görnüşleriniň üstünde jikme-jik durup geçdi. Çykyşyň ýany bilen taýýarlanan gysga görnüşli wideo ýazgylar, prezentasiýalar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de Sähra Baýryýewa öz bölüminiň mugallymlary tarapyndan nazaryýet dersler toplumyna girýän dersleriň ählisinden taýýarlanan sazly goşundyny maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Mugallymlaryň taýýarlan bu işi geljekde talyp ýaşlaryň özbaşdak bilim almaklarynda, sapagyň hilini ýokarlandyrmakda ýardamçy bolup hyzmat etjekdigine uly ynamynyň bardygyny belläp geçdi. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly bilim ugamynyň düýpli durmuşa ornaşdyrmak baradaky öňe sürýän syýasatyna mugallymlar tarapyndan seslenme bolup durýandygyny belläp geçdi.
Ýerine ýetiriji mugallymlaryň çykyşlaryny özünde jemleýän beýleki bölümçelerde geçirilen maslahatda mekdebiň “Estrada sungaty” bölüminiň tejribeli mugallymy Myrat Jumaýew “Ýerine ýetirijilik interpretasiýasy” atly temasy bilen çykyş etdi. Şeýle-de mekdebiň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň baýry mugallymlarynyň biri Seýran Kasimi “Skripka saz guralyny okatmagyň käbir aýratynlyklary” atly taýýarlan çykyşyny egindeş ýoldaşlarynyň dykgatyna ýetirdi. Skripka saz guralyna ezber Seýran mugallym çykyşynyň ýany bilen A. Şapoşnikowyň döreden “Poema” atly eserini hem skripka saz guralynda ýerine ýetiridi.
Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, zehinli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda atalyk aladalaryny yzygiderli durmuşa geçirýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il, ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa
Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Hasabat konserti makala
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda toýlar-toýlara ulaşýar. Güneşli diýarymyzda Berkarar döwletimizde şeýle toýlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky T.D.Ý.S-nyň “Aýdym aýtmak sungaty” bölümi, halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde hasabat konserdini geçirdi. Konsert türkmeniň akyldar şahyry, Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygyna we Mekdebiň açylanyna 95 ýylyň dolmagy mynasybetli Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň hasabat konserti geçirildi.
Konserdiň başynda asuda ýurdymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän goşgylardyr aýdymlar ýaňlandy. Bu konsert uly şatlyk şowhuna beslenip, konsertde Türkmen nusgawy kompazitorlarynyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymdyr romanslar we dünýä belli daşary ýurt kompazitorlarynyň aýdymlarydyr ariýalary ýaňlandy
Bu aýdymlary bölümiň talyp ýaşlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle konsertler mekdebimizde yzygiderli geçirilip durulýar. Talyp ýaşlarymyzyň ene-atalary diňlemäge, görmäge geldiler.
Aýdymçy talyp ýaşlarymyzyň her biriniň kalbynda asuda watanymyza bolan söýgüni, Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda erkana aýdym aýdýandyklaryna çäksiz buýsanýan ýüzleri göreniňde, göwün guşy ganatlanýar. Bu aýdymçy talyp ýaşlaryň gelejege bolan ynamy günsaýyn artýar.
Konsert ýurdymyzyň ösüşlerini we Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny wasp edýän aýdym bilen jemlendi.
Begdurdy Çerkezow
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky T.D.Ý.S
mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”
bölüminiň mugallymy
Saza beslenip
Berkarar döwletimizde ýaşlara saz ugrundan hünär öwretmek, olaryň saz dünýägaraýyşyny giňeltmek mugallymlaryň paýyna düşýär. Şeýle hem sazandanyň konsert tejribesiniň artmagy üçin, sahnada erkin çykyş etmek, özüňi alyp barmagyň medeniýeti ýaly ençeme wajyp bolan ukyp-başarnyklar yzygiderli gurnalýan konsertleriň medeni çäreleriň esasynda türgenleşdirilýär. Ine ýaňy ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hem-de “Estrada sungaty” bölümleri tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli hasabat konserti geçirildi. Konsertde bu bölümlerde okap bilim alýan talyplar hünär derslerinden, şeýle hem ansambl derslerinden öwrenen ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri bilen bir hatarda estrada we jaz akymyna degişli eserler hem belentden-belent ýaňlandy. Talyplaryň üstünlikli çykyşlary olary konserte taýýarlan mugallymlarynyň hem zähmetiniň hözürini aýdyň görkezdi. Konsertiň dowamynda bölümiň IV ýyl talyby “Ýaşlyk joşguny-2024” bäsleşiginiň ýeňijisi Atajanow Ýagmyrgeldiniň ýerine ýetiren eseri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Mundan başga-da ansambl toparlarynyň ýerine ýetiren jaz eserleri, “Estrada sungaty” bölüminiň I ýyl talyby Kamilow Rasulyň ýerine ýetiren eseri konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. Bize şular ýaly giň we owadan sahnalarda çykyş etmek üçin uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz munnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Süleýman Gurbanow
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
DaňatarÖwezow adyndaky TDÝSM-niň
“ÜKÇSG” we “ES” bölümleriniň müdiri
Döredijilik duşuşygy
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplary bilen halypa kompozitorymyz Suhan Tüýliýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyny “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Mededowa A. gurnady. Mugallym halypa kompozitorymyza wagt tapyp, talyplar bilen duşuşmana gelenligi üçin köp sag bolsun aýtdy. Kompozitor Suhan Tüýliýew sözüni öz döredijilik ýoly barada aýdyp berip başlady. Çagalyk ýyllary, sungat ýolyna basan ilkinji ädimleri barada, bilim alan alan ojaklary we sapak alan halypalarydyr mugallymlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Onuň gürrüň beren pursadynda talyplaryň ählisi ünsli, bilesigelijik bilen diňläp otyrdylar. Soňra kompozitor öz ýazan eserleri barada gürrüň berdi. Ilkinji ýazan eseri, eserleriniň döreýiş taryhy barada gyzykly ýatlamalary aýdyp berdi. Duşuşygyň arasynda talyplar Suhan Tüýliýewe öz gyzynlanýan soraglaryny hem gezekli-gezegine berdiler. Kompozitor hem olaryň soraglaryny uly höwes bilen jogap berdi. Gürrüňiň arasynda Suhan Tüýliýewiň ýazan eserlerinden hem diňlenildi. Wideo ýazgylaryna hem tomaşa edildi. Aýdymdyr-sazlaryň diňlenilmegi hasda talyplar üçin täsirli boldy. Soňra kompozitor özüniň ýazan birnäçe kitaplary bilen tanyşdyrdy. Geljekki maksatlary barada hem aýdyp berdi. Talyplara we mugallymlara öz maslahatlaryny berdi. Duşuşygyn soňunda halypa kompozitora beren gürrüňleri, diňleden eserleri üçin köp sagbolsun aýtdylar. Talyplardyr- mugallymlar Suhan Tüýliýew bilen ýadygärlik surata düşdiler we kompozitor bilen sagbollaşdylar.
Aýdogdyýewa B.A.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndakt TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy