Makala
Sazyň jadylygy-2024
Durdybaýew Azym “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby 28-30-njy sentýabr aralygynda Moskwa şäherinde online geçirilen “Sazyň jadylygy-2024” atly II halkara klassyky sungatynyň konkursynda 1 derejeli laureaty boldy.
Bäsleşigiň maksatlary we wezipeleri sazandalaryň ýerine ýetiriş ukyplaryny durmuşa geçirmek, ýokarlandyrmak, şeýle hem instrumental sungatynda zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak we goldamak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.
Konkursyň şertleri boýunça gatnaşyjylar 5 minudyň dowamynda ýerine ýetiren bir eseriniň wideo ýazgysyny ugratmaly. Durdybaýew Azym “Instrumental ýerine ýetirilişi. Solo ýerine ýetirilişi” nominasiýasyna gatnaşyp, Dewid Popperyň “Tarantella” ýerine ýetiren eseriniň wideo ýazgysyny ugradyp, emin agzalaryň ýokary baha bermeklerine mynasyp boldy.
Bu üstünlik, okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary üçin ähliumumy buýsanjy bolup, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň saz sungaty boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ähmiýetli orny tutýandygyny ýene bir gezek subut edýär.
Ähli mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Durdybaýew Azymy ýeňişi bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys, oňa döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Jennet ORAZOWA
Maýa Kulyýewa aduyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazyryýeti” bölüminiň mugallymy.
MOSKWADA ”MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ” ATLY KONSERT GEÇIRILDI
Şu ýylyň 21-nji awgustynda “ Dostlary jemleýäris ” atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, ajaýyp söz ussady we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanyp,”Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly konserdi uly üstünlik bilen geçirildi.
Özüniň gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew “Şu günki konsert hakykatdanam Magtymguly Pyragynyň adynyň Russiýada ägirt uly hormata eýediginiň we onuň ykrar edilmeginiň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky aýrylmaz dostlyk bagynyň we özara hormatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar .
Şu ýyl Russiýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilýär. Moskwa, Sank-Peterburg , Astrahan, Kazan – bu Russiýanyň çäklerinde geçirilýän we dowam etdiriljek dabaraly çäreleriň äldir. Türkmenistanda muňa yokary baha berilýär.
Türkmen Aýdymçy-sazandalarynyň konsert programmalarynda Magtymguly Pyragynyň goşgylaryna ýazylan wokal we instrumental eserler, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna bagyşlanan kompazisiýalar uly orun tutdy. Konserdiň guraýjylary bolup Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy, N Halmämmedowyň adyny göterýän
“Dutaryň owazy” festiwalynyň direktory M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy çykyş etdiler.
Bu uly halkara dost-doganlyk çäresinde Russiýaly wokal aýdymçylar bilen bilelikde, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň mugallymlary Seýran Kasimi we Begdurdy Çerkezow çykyş etmek bagty nesip etdi. Bu bolsa meniň durmuşymda iňbir ýatdan çykmajak şatlykly hem tolgundyryjy pursatlaryň biri boldy. Sebäbi ol konserwatoriýada biziň adybelli nusgawy kompazitorlarymyz, wokal aýdymçylarymyz, birnäçe sazanda halypalarymyz halypa diriziorlarymyz okap bilim alypdyr. Ol sahnalarda bolsa bizede çykyş etmek uly bagt. Bu konsertde adyndan belli boluşy ýaly Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymdyr romanslary fortepiano saz guraly bilen bilelikde ýerine ýetirdim. Has dogrysy türkmen kompazitorlarymyzyň sazyna ýazylan eserleri daşary döwletlerde ýerine ýetirmek, olary giňden ýaýmak biz üçin uly bagt we borç bolup durýar.
Bu konsert mende uly täsir galdyrdy we gelejekki etmeli işlerime uly höwes döretdi. Men bu konsertde W.Muhadowyň “Bu derdi”romansyny, N.Halmämmedowyň ”Pukaraýam” romansyny,Ý.Meýtusyň Magtymgyly operasyndan “Magtymgulynyň ariýasyny” we Russiýaly kompazitor M.Guseýnowyň ”Meniň topragym” diýen eserlerini ýerine ýetirdim. Diňleýjiler türkmen aýdymçy-sazandalarymyzyň çykyşyny uly höwes bilen diňlediler. Bize öz zehinimizi türkmen saz sungatymyzy dünýäniň çar künjinde açyp görkezmek we ýaýmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janylary sag, ähli il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Begdurdy Çerkezow
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň
”Aýdym aýytmak sungaty” bölüminiň mugallymy.
TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň II teatr festiwaly we ýaş sazandalar
Oktýabr aýynyň 18-ne Paýtagtymyzda TÜRKSOÝA-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň başlanmagy bilen gözel Aşgabadymyz şatlyk-şowhuna beslendi. Dostluk-doganlyk döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilen bu festiwal dürli döwletleriň sahna ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklaryna, sanha medeniýetini kämilleşdirmekligine gönükdirilendir. Dabaraly baýramçylyk gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, naýbaşy artistleri bir sahnada jemleýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilen mermer daşly binasynyň girelgesinde gurnalan aýdym-sazly çykyşlar foruma gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Festiwala gatnaşyjylary we oňa tomaşa etmäge gelen sahna ussatlaryny aýdym-sazly çykyşy bilen garşy almak Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplaryndan düzülen kamera orkestrine ynanylmagy aýdym-saz sungatynyň bu mukaddes ojagynyň mertebesini ýene bir gez beýgeltdi. “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Guwançmuhammet Saparalyýewiň ýolbaşçylygynda kamera orkestri kinorežissýor Bulat Mansurowyň ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň adybir powestiniň esasynda düşüren “Şükür bagşy” atly kinofilminden “Şüküriň at çapyşy” diýen sazyny diňleýjileriň dykgatyna ýetirdiler. Nury Halmämmedowyň millilige baý bolan saz diliniň professional saz dili bilen utgaşyklygynyň netijesinde dörän bu saz eseriniň ýaňlanmagy diňleýjileri bir salym orkestriň ýanynda aýak çekip, eseri lezzetlik bilen diňlemeklige maýyl etdi.
Bu festiwalyň çäklerinde Änew şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ muzeýler birleşiginiň III döwürleýin maslahatyna gatnaşyjy myhmanlaryň öňünde çykyş etmek hem ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen kirişli kwartet toparyna ynanyldy. Kirişli kwartet toparynyň ýerine ýetirijileri bolan Muhammetdurdy Rahymow, Ýazberdi Jepbarow, Elman Nasyrow we Merdanberdi Baýramow ýaly öz hünärine ezber sazandalar dürli döwletleriň saz eserlerinden düzülen konsert çykyşlary bilen foruma gatnaşyjylaryň armasyny ýetirdiler.
Şeýle dabaraly baýramçylyklarda, şanly seneler mynasybetli geçirilýän döwlet derejesindäki çärelerde öz hünärleri bilen halkymyzyň şatlygyna şatlyk, begenjine begenç goşýan ýaş sazandalar Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren şeýle mümkinçiliklerine biragyzdan öz minnetdarlygyny bildirýärler. Medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýýan şeýle dabaraly baýramçylyklaryň yzygiderli toýlanyp durmagyny tüýs ýüreginden arzuwlaýarlar.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa
SAGDYN NESIL-KUWWATLY WATAN
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, köptaraply işler netijesinde ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak maksady bilen giň gerimli çäreleriň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bäsleşiklerini geçirmäge oňaýly şertleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistan Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän Ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem bedenterbiýe we sport ulgamydyr. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykrar eden “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty gollamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ýola goýulan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ynha, ýaňy ýakynda orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda gyzgalaňly sport bäsleşigi geçirildi.Şol bäsleşikde biziň okuwmyzyň höwesjeň talyplary ýagny, Türkmen milli saz gurallar bölüminiň III ýyl talyby Orunbaýew Alp Arslan sportuň uzynlygyna bökmek görnüşine, şol bölümiň II ýyl talyby Welhanow Ylham sportuň estafeta görnüşine, Umumy fortepiano bölüminiň II ýyl talyby Hojanow Geldimyrat sportuň 100 metre ylgamak görnüşine gatnaşmagy hem-de mynasyp orunlary eýelemekleri biziň, ýagny Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň abraýyny has-da belende göterdi.Okuw mekdebimizde her bir geçilýän bedenterbiýe sapaklarynda talyp ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesiniň gymmaty barada, bedenterbiýe we sportuň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada ylmy-tejribe esasynda düşündirilýär.Bu bolsa ýaşlaryň sport we bedenterbiýe çärelerine we bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryna,olaryň şol bäsleşiklerde ýokary üstünliklere eýe bolmaklaryna ýardam berýär.Bularyň ählisi bolsa ýurdumyzyň sport ulgamynyň has-da kämilleşmegine uly ähmiýet berýär.Bu barada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar Watanyň daýanjy”atly kitabynda:“Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup,beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris.Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär”diýip,ýerlikli belläp geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ynsan saglygyny goramak, sport we bedenterbiýäni ösdürmekde täze sepgitlere ýetilýän döwür hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar.Döwletimiziň sport ulgamyny dünýä ýaýmaga,ösdürmäge,kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza ,Gahryman Arkadagymyzyň nesil dowamaty Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-yň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Bagşyçylyk
sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Orazowa Merjen