Horegrafiýa sungaty

Horegrafiýa sungaty hünäri baletmeýstr K.Nyýazowyň başlangyjy bilen 1980-nji
ýylda açylýar. Bu bölümiň açylmagynyň esasy maksady teatr sungatynyň dürli  işleri üçin tans bilimi bolan ýörite hünärmenleri, medeniýet öýlerinde tans  toparlaryna çeper ýolbaşçylary, sungat mekdeplerinde soň açylan “Tans”  bölümlerine mugallymlary  taýýarlamakdan  ybaratdyr.

Horeografiýa sungaty hünäri boýunça tälim alan hünärmen ýurdumyzyň medeniýet edaralarynda, orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän orta mekdeplerde, tans toparlarynda, halk hojalygynyň ýanyndaky medeni ojaklarda, sungat we  bilim ulgamynda medeni dynç-alyş edaralaryny dolandyrmak we ýurdumyzyň medeni-köpçülik çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş  etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar. Tans ulgamynyň döredijilik ugurlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen medeniýetiň bu  ugruny kämil derejä ýetirmek, medeni-köpçülik we konsert çäreleriniň milli we nusgawy aýratynlyklaryny   kemala getirmek hünärmeniň esasy wezipeleri bolup durýar. Horeografiýa sungaty hünäri boýunça okuw möhleti 2 ýyl 10 aý.



 

Paýlaş

Fortepiano

Horegrafiýa sungaty hünäri baletmeýstr K.Nyýazowyň baş [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19