Estrada sungaty

Mekdebimiziň Estrada sungaty hünäri 2022-nji ýylda açyldy.

“Estrada sungaty” (görnüşleri boýunça) fleýta, truba, klarnet, trombon, saksafon, ksilofon, dep, skripka, fortepiano, akkordeon, bas gitara, gitara, kanun, baglama, wiolonçel, kontrabas saz gurallary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Häzirki zaman ösüş saz sungatynyň  bu ugruny kämil derejä ýetirmek, milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek hünärmeniň esasy wezipesi bolup durýar.

Hünärmen hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr. Bölümde talyba umumy we nazary dersleriň  esaslaryny, çagalara toparlaýyn saz eserlerini ýerine ýetirmegi öwretmegi, çagalar sungat, sazçylyk mekdeplerinde hünär derslerini häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmagy we onuň jemgyýete peýdaly adam bolup ýetişmegi üçin kämil terbiýe bermegi, konsertlerde çykyş etmegi we köpçülige ýetirmegi, saza degişli bolan usuly işleri guramagy, saz eserlerini estrada toparlary üçin geçirmegi, eseriň ýerine ýetirilişine we çeperçilik derejesine baha bermegi şeýle hem okuwçylary konsertlere, bäsleşiklere taýýarlamagy esasy mesele bolup durýar.  

Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat orta mekdeplerde hünär derslerini häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmak, medeniýet edaralarynda, aýdym-saz döredijilik toparlarynda, halk hojalygynyň ýanyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç-alyş edaralaryny dolandyrmak we ýurdumyzyň medeni-köpçülik çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.

Bölümiň uçurymlaryna estrada orkestriň artisti, estrada orkestriň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Estrada sungaty (görnüşleri boýunça) hünärini tamamlan hünärmenlere çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde mugallym, orta hünär okuw we umumy bilim berýän orta mekdeplerinde aýdym-saz mugallymy,  Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda döredijilik toparlarynda illýustrator, konsertmeýster, saz guralynda ýekelikde ýerine ýetiriji, hereket edýän estrada orkestrleriniň ýolbaşçysy we sazandasy bolup, ses ýazgy studiýalarynda işlemek hukugy berilýär. 

Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.


Paýlaş

Fortepiano

Mekdebimiziň Estrada sungaty hünäri 2022-nji ýylda açyldy.“Estrada sungaty” ( [...]

Hor dirižorlygy

Mekdebimiziň Estrada sungaty hünäri 2022-nji ýylda açyldy.“Estrada sungaty” ( [...]

Estrada sungaty

Mekdebimiziň Estrada sungaty hünäri 2022-nji ýylda açyldy.“Estrada sungaty” ( [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19