Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her
bir güni uly üstünliklere beslenýär. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar ýyly”
ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanan “Ýaşlar
– Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny peşgeş bermegi biz ýaşlar üçin, bütin
türkmen halky üçin ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” kitaby biziň her birimiz üçin kämil
ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň türkmen
ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşuna olaryň ähli ugurlarda bitiren sepgitlerine bagyşlap
ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu babatda Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly
kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä mekdebiň mekdebiň halypa
mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada Hormatly Prezidentimiziň
“Ýaşlar – Watanyň daýanjy” kitabynda biziň mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň
suratlarynyň ýerleşdirilmeginiň görkezilmegi şeýle hem Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda mekdebiň
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň müdiri Döwlet Daňatarowyň adynyň
bardygy biz mugallymlardyr, talyp ýaşlar üçin ýakymly wakalaryň biri boldy.
Şeýle bagtyýar döwürde ýaşamaga, okamaga, işlemäge, döretmäge,
öz ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny
dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň soňy çäksizdir. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri
uzak bolsun, il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent tutumly işleri hemişe
rowaçlyklara beslensin! Hormatly Prezidentimiziň mundan beýläk hem galamynyň
ýiti bolmagyny, eserleriniň dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy
ilkinji Ýaşlarguramasynyňbaşlygy Mededow Şöhratberdi