Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi

Bagşyçylyk sungaty we Türkmen milli saz gurallar bölümleriniň mugallymlary "Miras" teleýaýlymyna "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylyna bagyşlap Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen türkmen halk aýdymlary we sazlary ýerine ýetirilip, halypalarymyzdan nesilme-nesil biziň günlerimize milliligini öz aýratynlygyny saklap gelen aýdymydyr sazlary uly ruhybelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

"Miras" teleýaýlymynda gurnalan gepleşikde, halypa sazandalaryň, bagşylaryň aýdan aýdymlarynyň ählisi şahyryň pähimli öwütleri, nesihat beriji, pikir alyşýan, şeýle hem yşky-liriki, filosofiýa ýugurlan eserleri aýratyn söýgä eýe boldy. Bu gepleşikde ýerine ýetirilen eserler: "Abat galsyn", "Gul bolgul", "Don gerek", "Bilmeginçä", "Tumar gördüm", "Bakmaga", "Göze myhmandyr", "Mätäç eýleme", "Joş olmasyn", "Bolmasyn" Mugallymlar toparynyň ýerine ýetirmeginde "Söýgi mukamy", "Şahyrym", "Ussadym", we "Nowgül" ýaly türkmen halk sazlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

 

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

 Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet 

ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Bägül Garryýewa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19