Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
"Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylyna hem-de Türkmeniň görnükli, nusgawy, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde aýdymly-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Bu aýdym-sazly söhbetdeşlige Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Halk saz gurallary orkestory we Hor topary hem-de halypalaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda gurnaldy. Aýdym-sazly söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen türkmen nusgawy kompazitorlarynyň döreden eserleri uly joşgun bilen ýaňlanyp, aýdym-sazlar söhbetdeşligiň dabarasyna joşgun berdi.Ýerine ýetirilen eserler: "Boýlaryňa", "Soňy dagy", "Näme sen", "Armanym galdy", "Uýat eýleýir" hor topary bolsa akapella "Gözüm düşdi" we "Türkmeniň" aýdymlary talyp ýaşlarymyz bolsa buýsanç bilen ýerine ýetirdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Bägül Garryýewa