Talyplaryň konserti

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylymyzy atlandyrmak indi däbe öwrüldi. 2024-nji ýylymyzy hem Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyryldy. Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň hem-de talyp ýaşlarynyň ýekelikde çykyş etmeginde geçirilen “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly konserti geçirildi. Konserte talyp ýaşlardyr mugallymlar gatnaşdylar.
Konsertde belli türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden ýerine ýetirildi. Olardan M.Annamyradowyň, A.Agajykowyň, D.Hydyrowyň, N.Halmämmedowyň eserleri tomaşaçylar tarapyndan uly höwes bilen diňlenip, joşgunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Ýekelikde çykyş eden talyplar hem öz saz guralyndaky ussatlyklaryny, tilsimlerini görkezdiler. Konsert üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň A.Agajykowyň “Oguzlar” eseri bilen jemlendi.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

 Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet 

ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Bägül Aýdogdyýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19