Awstriýada Magtymguly Pyragynyň ýubileý çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow bu ýurduň Medeniýetleriň arasyndaky gepleşikler guramasynyň sungat ugry boýunça direktory Reýnhard Goş bilen duşuşdy.
Awstriýadaky türkmen ilçihanasynyň habar bermegine görä, Medeniýetleriň arasyndaky gepleşikler guramasy Günbatar Awstriýanyň däp-dessurlarynyň arasynda medeni alyş-çalşy ösdürmek maksady bilen döredilen guramadyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly medeni çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigine üns çekildi. Şeýle çäreleriň Awstriýada geçirilmegi we türkmen şahyrynyň eserleriniň awstriýaly okyjylara hem elýeter edilmegi barada pikir alşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19