Aşgabatda ýene-de meşhur türk teleseriallarynyň aýdymlary ýerine ýetiriler

9-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr tarapyndan ýene-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin meşhur türk teleseriallarynyň aýdym-sazlary boýunça konsert beriler.

Konsert maksatnamasynda «Ajaýyp asyr», «Çukur», «Gara söýgi», «Artogrul», «Gadagan söýgi», «Gapymy kak» ýaly teleseriallarynyň aýdymlary bolar.Konsertde Koreýanyň «Gülleriň üstündäki oglanlar» we «Gumiho ertekisi» seriallarynyň aýdymlary hem bar. Mundan başga-da, «Tagt oýunlary» serialyndan kompozisiýalar ýerine ýetiriler. 9-njy martda birbada iki konsert bolar. Biri 18:00-da, beýlekisi 20:00-da başlaýar.Petek satyn almak bilen baglanyşykly sowallar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň ediň:

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19