Watan waspy dillerde

         “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylymyzda her
bir döredijilik işgäri özüniň zähmet üstünlikleri bilen bu ýylymyzy taryplap
çykyş edýärler. Aýdymçy öz aýdymynda, şahyr öz goşgusynda, suratkeş öz
suratlarynda Magtymguly Pyragyny wasp edýärler. Biziň Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebimiziň “Bagşyçylyk sungaty” we “Türkmen milli saz gurallary” bölümleriniň
mugallymlarydyr talyplary bilen bilelikde “Pähim paýhas ummany – Magtymguly
Pyragy” atly aýdymynyň “Türkmen owazy” teleýaýlymynda ýazgysy edildi. Bu
aýdymyň sazy Serdar Baýramowyňky, sözleri Döwletgeldi Annamyradowyňky. Aýdymda
Magtymguly Pyragyny, ajaýyp döwrümizi wasp edilip, Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdylýar.                                                                                                                                               
                                                                                                                             


Bägül Aýdogdyýewa

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite 

                                                         sazçylyk mekdebiniň mugallymy                                             

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19