Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi

2024-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bar bolan 15 kafedranyň her biri döredijilik hepdeligini geçirýär we onda Magtymguly Pyragynyň aýdym-saz medeniýetine goşan goşandy açylyp görkezilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, konserwatoriýanyň aýdym-sazyň taryhy bölümi hepdeligi uly mugallym Leýla Babaýewanyň «Türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň keşbi» atly monografiýany hödürlemek bilen başlady. Bu monografiýa arkaly Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndylaryndan düzülen kitap sergisinde, şeýle hem sungaty öwrenijileriň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we ömri hem-de aýdym-saz eserlerine eden täsiri baradaky eserler bilen tanşyp bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19