Ýaş mugallymlaryň dabaraly konserti

Mekdebimiziň kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymlary Jepbarow Ýazberdi, Mekan Öwezow, Aýlar Hojalekowa we Saparmuhammet Meredowyň bilelikde ýerine ýetiren Aman Agajykowyň kirişli saz gurallary üçin kwarteti diňleýjileriň söýgüsini gazandy.
Ýene-de şu bölümiň mugallymy Ýazberdi Jepbarow Gülälek Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň “Spýaşaýa krasawisa” baledinden solo ýerine ýetirdi. 
Bu konserde fortepiano bölüminiň mugallymlary hem öz goşantlaryny goşdular. Fortepiano bölüminiň mugallymy Dinç Ogulgerek Pirjanowna Friderik Şopen op.10.№14-nji etýudyny ýerine ýetirdi. 
Türkmeniň Altyn Asyry bäsleşiginiň ýeňijisi okuw jaýymyzyň aýdym aýtmak sungaty bölüminiň mugallymy Begdurdy Çerkezowyň ýerine ýetirmeginde, fortepiano bölüminiň mugallymy Dinç Ogulgerek Pirjanowanyň sazandarlyk etmeginde Rudžero Leonkawallonyň “Paýasy” operasyndan Arlekiniň serenadasyny, Ýuliý Meýtusyň “Magtymguly” operasyndan Magtymgulynyň ariýasyny ýerine ýetirdiler.
Türkmeniň Altyn asyry bäşleşiginiň ýeňijisi, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölüminiň mugallymy Mähri Moşşiýewanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirilen Arno Babajanýan “Noktýurn”,  Nury Halmämmedowyň “Uýat eýleýir” aýdymlary tomaşaçylara aýratyn täsir etdi.
Soňra TMK-nyň mugallymy Züleýha Öweniýzowanyň sazandarlyk etmeginde, okuw jaýymyzyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Selbi Annakurbanowa  fleýta saz guralynda Pýotr Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegin” operasyndan Lenskiniň ariýasyny uly höwes bilen ýerine ýetirdi.
Ýene-de şu bölümiň mugallymlary Ylýas Eýeberenow we Kerim Tüýliýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gülistan Agajanowanyň sazandarlyk etmeginde Teofil Lallietiň “Terzetto” sazy özboluşlygy bilen tapawutlandy. 
 Bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymy Owazgeldi Pälwanowyň ýerine ýetirmeginde, Spartak Atakowyň we Döwlet Daňatarowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetiren “Maral zeýrendi” atly türkmen halk aýdymy özüniň şirin labyzy bilen diňleýjileriň söýgüsini gazandy. 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş mugallymlaryň taýýarlan konserdi okuw jaýymyzyň saz nazaryýeti bölüminiň mugallymy Hanguly Öwezowyň döreden “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly aýdymyny Maýagözel Amangeldiýewanyň ýolbaşçylyk edýän hor toparynyň ýerine ýetirmegi bilen jemlendi.
Şular ýaly ajaýyp konsertleri geçirmäge, halypa şägirtlik ýoluny dowam etmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, işleri rowaç, belent başlary elmydama aman bolsun!
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
                                                                                                               TDÝSM-niň 4-nji ýyl talyby
Aýläle Gulmuradowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19