“Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýasiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilmegine bagyşlanyp ýazan “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
       Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Döwlet Baştutanymyzyň “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilip, onda mekdebiň “UY we DYD” bölüminiň müdiri Enejan Amangulyýewa, “STN” bölüminiň müdiri Sähra Baýryýewa, Kitaphana müdiri Nuryýewa Maýsa, mekdebiň Demokratik Partiýasynyň we Zenanlar guramasynyň başlygy Nurana Annaberdiýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň baý many-mazmuna eýe bolup, kitapda gadymy Änewiň möhüm wakalary beýan edilýändigi, onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýandygy aýdyldy. 
      Mundan başga-da Änew medeniýetini ilki açan Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijeleridigi bellenip geçildi. 
       Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseri ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garalýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam berjekdigini bellediler.
    Mugallymlar ylmy-populýar neşiriň döremegine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplan taryhy çeşmeleri hem ýardam edendigini belläp geçdiler. 
       Kitapda “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan ybarat bolup, bu kitap “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda mähriban halkymyz üçin sowgat boljakdygy aýdyldy. Kitap giň okyýjylar köpçülügine niýetlenip, türkmen, iňlis, we rus dillerinde neşir edilip eser ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwrenijilik ähmiýetiň boljakdygy aýdyldy we Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynyň diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasynda däl-de, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasynda orun aljakdygyny ynamly aýdyp bolar.  
      Dabaranyň ahyrynda ýygnananlar halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasynda öwrenmek, gadymy gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 
Nurana Annaberdiýewa
                                                            Mekdebiň Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19