Duşenbede Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy
Muzeýleriň halkara güni mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçirilen «Muzeý gijesi» atly halkara çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
18-nji maýda bolan çärä Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň we Duşenbe şäher häkimliginiň ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçylary, Täjigistanda akkreditirlenen daşary ýurtly Ilçiler, Täjigistanda bilim alýan türkmen talyplary we Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, serginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» we «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki goşgularynyň ýygyndylary we türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Serginiň çäklerinde türkmen halk sazlary we aýdymlary ýerine ýetirildi diýlip, habarda bellenilýär.