Krişli saz gurallary bölüminiň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hasabat konserti

“PÄHIM PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY” ýylynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty görülip-eşidilmedik derejelere we sepgitlere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem türkmeniň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde birnäçe işleri alyp barýar. Ine şu gün hem Maý aýynyň 25-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli taýýarlan hasabat konserti geçirildi. Bu konsertde bölümiň ähli mugallymlarynyň talyplary türkmeniň nusgawy kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň dürli öwüşgindaki eserlerini üstünlikli çykyş etdiler. Bu konsert öz okuw jaýymyzyň konsert zalynda geçirildi. Konserte ähli okuw jaýymyzyň ýolbaşçylary, halypa mugallymlary we ähli toparlarynyň talyplary tomaşa etmäge gelip, bu konsertden uly täsir aldylar. Konsertimiziň ahyrynda okuw jaýymyzyň ýolbaşçylary tarapyndan köp sagbolsunlar aýdyldy. 
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
Kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymy 
Mekan Öwezow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19