Magtymguly sözlerim saza goşsam uz bolar
Ýurdumyzda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenýär we şahyryň döredijiligi giňden wasp edilýär. Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebide “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyza bagyşlap “Hor dirižýorlygy” we “Saz mugallymçylygy” bölümi mekdebiň zalynda hasabat konserdini berdi. Konsertde mekdebiň hor topary uly buýsanç bilen birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsertiň başynda Hor toparynyň ýolbaşçysy Maýagözel Amangeldiýewanyň dirižýorlyk etmeginde kompozitor Rejep Rejebowyň döreden “Türkmenistan” aýdymy bilen açyldy we konsert programmasyna laýyklykda Ukrain halk aýdymy ’’Ой у поли жито”, Kristof Glýugyň “Праздник хора”, we mekdebimiziň adyny göterýan belli türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň “Waharman” a’kapella eserleri ýerine ýetirildi. Soňra M. Annamyradowyň sazyna “Türkmenistan”, aýdymyny hormeýstr Şirin Nepesowanyň dirižýorlyk etmeginde we L. Kakaýewanyň sazandarlyk etmeginde hor topary ýerine ýetirip, daşary ýurt aýdymlary hem giň gerime eýe boldy we kompozitor Oskor Felsmanyň “Ходит песенка по кругу”, aydymyny ýerine ýerirdiler. Şeýle-de konsertda kompozitor Hydyr Allanurowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine Ataýewa Ýulýanyň sazandarlyk etmeginde “Hor dirižýorlugy” bölüminiň III-ýyl talyby Rawşanowa Jöwher “Näme sen”, we A.Skarlatti “Wiolette”, aýdymyny ýerine ýetirdi. Soňra D. Sahatowyň sazyna “Çalsana bagşy”, we Pol Makkartniniň sazyna mekdebiň M. Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky estrada orkestri bilen “Hey Jude”, we B. Hudaýgulyýewiň sazyna Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döredilen “Türkmeniň” aýdymyny hor topary uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Konsert örän gyzykly geçip, ýygnananlaryň gyzgyn el çarpymalary bilen tamamlandy.
Bize işlemäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip beren medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman, il ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy