Talyplaryň “Ýaşlyk joşguny” bäsleşiginde
Talyplaryň “Ýaşlyk joşguny” bäsleşiginde
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün-günden ösýär we özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet-sungat ulgamynda-da öňe gidişikler gazanylýar. Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etmek üçin giň ýol açylýar, muňa mysal edip Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aprel aýynyň 22-24 aralygynda 2023-2024-nji ýylda okuwlaryny tamamlaýan ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşik 10 sany ugurlar boýunça yglan edilip, olar: “Türkmen milli saz gurallary” bölümi (dutar, gyjak, gargy tüýdük), “Halk saz gurallary” bölümi (baýan, akkordeon, plektrli dutar, ud, kanun, çeň, baglama, bas dutar), “Kirişli saz gurallary” bölümi (skripka, alt, wiolonçel, kontrobas), bölümi “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümi (fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, waltorna, trombon, tuba, ksilofon), “Ýekelikde aýdym aýtmak” bölümi, “Hor dirižýorlygy” bölümi, “Bagşyçylyk sungaty” bölümi, “Fortepiano” bölümi, “Sazşynaslyk” bölümi, “Kompozisiýa” bölümleridir. Bäsleşige bäş welaýatynyň sungat mekdeplerinden talyplar gatnaşyp, biziň hem Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň zehinli talyp ýaşlary bu bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan:
I ýere mynasyp bolan talyplar: mekdebimiziň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminden Mätiýewa Sahydursun, “Fortepiano” bölüminden “Kompozisiýa” ugry boýunça Gulmuradowa Aýläle, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” bölüminden bolsa Gurbandurdyýew Soltan , “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminden Allaşow Wepadagylary, II ýere mynasyp bolan talyplar:
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminden Agageldiýewa Göwher, “Fortepiano” bölüminiň talyby “Kompozisiýa” ugry boýunça Akmyradow Amandagylar, şeýle hem III ýere mynasyp bolan talyplar: “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” bölüminden Atajanow Ýagmyrgeldi, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminden Bazarbaýew Joşgundagylary aýratyn bellemek bolar.
Mundan başga-da “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary Amanow Bereket, Rejepow Alp-Arslan, Jumabaýew Eziz, “Kirişli saz gurallary” bölüminden Myradowa Merjen, “Fortepiano” bölüminden Gutlymyradowa Merjen bäsleşigiň hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan talyplary Maýa Kulyýewa adyndaky Türmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.H.Amangeldiýew diplom we hormat hatlar bilen sylaglady. Bäsleşige gatnaşan talyplar öz ýerine ýetiren eserleri bilen bäsleşigi konsert bilen jemlendiler.
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ýeňiji bolan talyplaryna okuw jaýymyzyň direktory M.B.Kerimow we mekdebiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygy Ş.A.Mededow tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan talyplaryň şanyna gyzykly konsert gurnaldy.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga-işlemäge ylymly-bilimli döwrebap talyp ýaşlary ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy M.A. Orazmuhammedowa