Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert
W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we medeniýeti merkezi tarapyndan bu ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre guraldy. Bu barada ADU-nyň metbugat gullugy habar berdi.Dabara Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda geçirilip, onda ADU-nyň türkmenistanly talyplary şahyryň goşgularyny türkmen we rus dillerinde okadylar, şeýle-de onuň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler.
Bellenilişi ýaly, bu dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlaryny geçirmeklik uniwersitetde ýokary bilim alýan türkmen talyplary üçin asylly däbe öwrüldi.