«Medeniýet hepdeligi — 2024»: ýapylyş dabarasy
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy.
Sungat baýramçylygynyň çäreleri özüne çekijiligi we mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri guraldy. Şygryýetiň, halk döredijiliginiň muşdaklary edebiýat agşamlaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeniýet, sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşdylar. Köp sanly ýaşlar hem öz zehinini görkezdi. Sahna ussatlary bu waka mynasybetli döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Şu günlerde geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, iş maslahatlarynda, «tegelek stol» duşuşyklarynda, brifinglerde taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli žanrlaryny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek hem-de şunda sanly tehnologiýalary ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Baýramçylyk güni «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky türkmeniň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan döredijilik agşamy bilen tamamlandy. Bu künjek medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň guralýan ýerine öwrüldi. Şu gün bu ýere türkmen ýazyjylary, teatr artistleri, medeniýet, sungat işgärleri hem-de görnükli akyldar şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.
Sungaty we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijiler beýik şahyryň çeper beýan etmegiň halka ýakyn görnüşlerini ulanmak, öz döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini öňe sürmek arkaly şygryýet dünýäsini baýlaşdyryp, döredijilik äleminde täze sahypany açandygyny bellediler. Dana Pyragy öz şygyrlaryny türkmen diliniň özboluşly tebigy gurluşyna mahsus, halkyň gepleşik diline ýakyn düzüpdir. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhuna, çeperçiligine çuňňur aralaşýar. Şonuň üçin-de bu eserler halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyp, hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy bolup ýaňlandy, olar gadymdan bäri türkmenleriň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrüldi.
Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Bu eserler nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.