“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
2024-nji ýylyň
22-njy sentýabrynda “Pähim paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly”, “Arşa göterilýär halkyň
ykbaly” atly konsert geçirildi. Bu konserda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen
Döwlet ýörüte sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary bölüminiň”
mugallymy Toýly Orazgeldiýew hem ussat sazandalar topary bilen “Ýaşlar watanyň
daýanjy” atly saz bilen çykyş etdiler.
Aýdym- sazly daba
meşhur halk we estrada aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary
bilen dowam etdi.Çykyşlar Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän
wideoşekilleri bilen utgaşdy.Ýerine ýetirilen “Ýaşa. Ýaşa, ýaşa Siz, Uzak
ýaşaň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!”, “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak
ýoly” atly aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar
konsertiň jemlenmesine öwrülen “Ömrüň uzak bolsun,Arkadagly Serdarymyz!” atly
watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Biz ýaş
mugallymlara, aýdymçy-sazandalara şular ýaly ajaýyp sahnalarda çykyş etmäne giň
mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, Arkadaly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunmyzy aýdýarys.Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sagbolsun, tutýan il
bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun.
Daňatar
Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Türkmen milli saz
gurallary bölüminiň mugallymy Toýly Orazgeldiýew