Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurduň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar.

Konserte gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, türkmen we ermeni halklaryny taryhy taýdan şertlendirilen hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny düzýän köp umumylyklar baglanyşdyrýar.

Çärä gatnaşyjylar parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk, medeniýeti we sungaty ösdürmek syýasatyny alyp barýandyklary üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra, dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyna halk sazlary we aýdymlary, nusgawy, estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Kino sungatynyň muşdaklaryna ermeni kinematograflarynyň dürli ýyllarda surata düşüren kinofilmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin «Aşgabat» kinoteatrynda we «Watan» kinokonsert merkezinde kinofilmleriň görkezilişleri guraldy.


Ermenistandan gelen myhmanlar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerleri, muzeýleriň täsin gymmatlyklary bilen ýakyndan tanşarlar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19