Şa serpaýlaryňyz gutly bolsun!
Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada ýurdymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, ýaşlary Watana çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk we mertlik ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz türkmen döwletiniň, halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap türkmen döwletiniň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli birnäçe döredijilik işgärleri sylaglandylar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Jumagulyýew Gadam “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” we “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Hydyrkuliýewa Gözel “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly atlara eýe boldular. Şeýle-de “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Orazgeldiýew Toýly hem-de “Halk saz gurallary” bölüminiň mugallymy Källiýew Källi “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna hem-de 3500 manat möçberde pul baýragyna mynasyp boldylar.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Aýdogdyýewa Bägül