Onlaýn-usuly maslahat

       Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy gatnaşyklaryň gadymy mekanydyr. Medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Gahryman Arkaedagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen ýurdumyzda hereket edýän her bir edaralary ösdürmek maksady bilen ylmy-usuly maslahatlar geçirilýär. Bu usuly maslahatlaryň esasy maksady hem her bir ugurda ösüş gazanyp, ýurdumyzy gülletmek bolup durýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda ''Okuw meýilnamasyny kämilleşdirmek, bagşyçylyk sungaty, halypa-şägirtlik ýoly boýunça berilýän 
bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen meseleler'' atly onlaýn usuly maslahat geçirildi. Maslahatyň başy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary Baýramow Serdar Ezizgulyýewiçiň açyp bermegi bilen başlandy. Ol öz gezeginde bagşyçylyk sungaty bölüminde bilim alýan talyplar bilen halypa-şägirtlik ýoly esasynda sapaklaryň alnyp barylmagyny  hem-de sazçylyk mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyryp, teleýaýlymlarda bilelikde çykyş etmek barada pikirleri öňe sürdi. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ''Bagşyçylyk sungaty'' bölüminiň müdiri Ahmedowa Gülnabat bagşyçylyk sungatynyň kämilleşmegi üçin bilim alýan ýaş bagşylaryň ses aýratynlyklaryna, höwes edýän bagşyçylyk ýollaryna hem-de dem alyş usullaryna üns berip, türkmen halk aýdymlary ýoýmazdan, halypalaryň ýerine ýetirişi boýunça öwredilmelidigini 
nygtady. Bu pikir bilen ähli maslahata gatnaşýan bagşy mugallymlar ylalaşyp, pikiri goldadylar. Maslahaty täsirli geçirmek maksady bilen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ''Bagşylar ansambl'' toparynyň çeper ýolbaşçysy Şöhrat Mededowyň ýolbaşçylyk etmeginde ''Her çemenden bir gunça'' atly aýdym-sazly çykyş ýerine ýetirildi. Bir aýdymyň dowamynda bagşyçylyk ýollarynyň ählisinden bir bent aýdym ýerine ýetirilmegi maslahata gatnaşyjylarda ajaýyp täsir galdyrdy. Çykyşlardan soň söz nobaty Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezowa geçirildi. Ussat bagşy öz çykyşynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagşy-sazandalara goýulýan hormat-sarpa barada, bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde geçirilýän çäreler, bäsleşikler, gepleşikler, maslahatlar barada gyzykly maglumatlar berdi. Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň ''Bagşyçylyk sungaty'' bölüminiň halypa mugallymy, ''Türkmeniň altyn asyry'' bäsleşiginiň ýeňijisi Göwher Ahmedowa ''Bagşyçylyk sungatynda okatmagyň usulyýeti'' dersine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýolamam Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gurdowa Bibisara, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň ''Bagşyçylyk sungaty'' bölüminiň mugallymy Dawudow Şamyrat, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň ''Bagşyçylyk sungaty'' bölüminiň mugallymy Hojagulyýewa Merjen, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň ''Bagşyçylyk sungaty'' bölüminiň mugallymy Bagşyýewa Gülbahar öz gezeklerinde bagşyçylyk sungatynyň ösdürilmegi bilen bagly täsirli çykyşlar etdiler. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň dessançy bagşy mugallymy Täçew Şäher türkmen dessançylyk ugruny ösdürip, has-da kämilleşdirip, halkymyzyň gadymdan gelýän dessançylyk däbiniň dünýä ýüzünde meşhurlyga ýetmegi barada gyzykly çykyşy bilen tamamlandy. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşan ussat bagşy mugallymlar pikirlerini, tekliplerini, belliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onlaýn usuly maslahaty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman 
Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlar bilen jemlediler.


Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
“Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň 
müdiri Ahmedowa Gülnabat

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219