Halypany ýatlap.

Halypany ýatlap.....
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek, bilim binýadyny berkitmek, beýik şahsyýetlerimize sarpa goýmak we bu işleri ýaşlara ündemek maksady bilen edilýän işleriň sany barha köpelýär. Muňa mysal bolup, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň agzybir mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi Rejep Rejebowyň 80 ýaş ýubileýine bagyşlanyp geçirilen döredijilik duşuşygy geçirdi. Bu duşuşygy “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň ýaş mugallymy Jennet Orazowa tarapyndan gurnaldy. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragyň eýesi Daňatar Hydyrow, Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Şemşat Annaglyjowa, Türkmenistanyň şahyry-publisist, “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow  we  kompozitor Röwşen Nepesow dagylar gatnaşdyrlar. 
Duşuşygyň dowamynda Rejep Rejebowyň döredijiliginde uly orun eýelän kinofilmler üçin döreden sazlary, instrumental sazlary we aýdymlar barada giňişleýin gürrüň berildi. Döredijilik duşuşygynda kompozitoryň wiolonçel saz guraly üçin ýazylan sonatasy (wiolonçel saz guralynda ýerine ýetiren Maýa KTürkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kadefrasynyň ýaş mugallymy Hojalekow Kakageldi), fortepiano üçin wariasiýaly tema toplumy          ( fortepiano saz guralynda ýerine ýetiren Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky mekdep internatynyň  fortepiano bölüminiň ýaş mugallymy Silgeldiýewa Aýgül), aýdymlaryndan bolsa A.Kekilowyň goşgusyna “Gözledim seni” (ýerine ýetirdi mekdebimiziň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Welhanow Yhlas), A.Akmämmedowyň goşgusyna “Armanym” (ýerine ýetirdi mekdebimiziň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Aýjeren Abdullaýewa) ýaly ajaýyp eserleri diňleýjilere lezzet berdi. 
Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de biz medeniýet we sungat adamlaryna döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň adyndan köp-köp alkyşlar aýdýarys.
Ogulşeker Gurbanlyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19