Göçme okuw sapagy
Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ykdysady we medeni taýdan täze belentliklere çykýar. Bu beýik ösüşleriň gönezligini talyplaryň kalbyna siňdirmek maksady bilen şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Millli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy Gyrmyzy Gurbanýazowa şeýle hem mekdebimiziň sazandary Leýli Kakaýewanyň ýardamynda “ Saz mugallymçylygy”, “ Hor dirižýorlygy”, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” we “Estrada sungaty” bölümleriniň I- ýyl talyplarynyň göçme okuw sapagy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ruhuny, Bitaraplygyň gymmatyny ýaşlaryň kalplarynda has-da berkidýän manyly waka boldy.
Talyplar topar bolup, döwrebaplaşdyrylan binanyň sergi zolaklaryna aýlanyp 1995-nji ýylda BMG-nyň Rezolýusiýasy esasynda Bitaraplygyň ykrar edilişini görkezýän dokumental maglumatlar we fotosuratlar bilen tanyşdylar. Gezelenç wagtynda talyplara Bitaraplyk statusynyň diňe bir daşary syýasat ýörelgesi bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli ýörelgelerini hem alamatlandyrylýanlygy hem düşündirildi. Bu göçme okuw sapagy ýaşlarmyzda milli buýsanç, watançylyk duýgusyny we döwletiň alyp barýan parahatçylyk, ynsanperwer syýasaty ýaşlaryň aňyna çuňňur berkidildi.
Gezelenjiň ahyrynda talyplar göçme sapagyny gurnaýjy mugallymlaryna Gyrmyzy Gurbanýazowa şeýle hem Leýli Kakaýewa öz hoşallyklaryny bildirdiler we gelejekde ýurdumyzyň ösüşine we dünýäde Bitaraplygyň gymmatlyklaryny wagyz etmäge goşant goşjakdyklaryna söz berdiler.Bu göçme okuw sapagy her bir talybyň aňynda Bitaraplygyň diňe bir syýasat däl-de, eýsem, ýürek emri, ykbal we geljek bolup durýandygyny berkidendiklerine şübhe ýok.
Biz ýaşlara şeýle gowy eşretli durmuşda ýaşamak, okamak, öwrenmek üçin uly giň mümkinçilikleri döredip beren sungatymyzyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edip talypýaşlarymyz öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler!
Gyrmyzy Gurbanýazowa
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen Millli Konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk
mekdebiniň iňlis dili mugallymy