Kitaphana

Kitap okamak höwesinde
  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, akylly, paýhasly, zähmetsöýer, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişdirmek maksady bilen ähli ugurlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamyna hem aýratyn orun berilýär.Türkmenistan Döwletimiz Garaşsyzlygyny alyp, Gahryman Arkadagymyzyň iş başyna geçen ilkinji günlerinden başlap kitaphana ulgamynyň  has- da ýokarlanmagy, birnäçe ajaýyp kitaphanalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly dowamaty bilen şol kitaphanalaryň has-da döwrebaplaşdyrylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kitap- adamzadyň iň ýakyn dostudur. Kitap okamaklygy söýen ynsanyň beýleki adaty adamlardan tapawudy, şol adam akyllydyr, paýhaslydyr, çözmesi kyn bolan meseleleri aňsatlyk bilen çözmäge ukyplydyr, durmuşy tejribesi hem ýokarydyr.
''Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy'' ýyly akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlandy.Magtymguly atamyz özüniň ömrüni, bilimini, zehinini, yhlasyny halka we Haka hyzmat etmeklige bagyşlapdyr. Ol ýöne bir adam bolman, beýik söz ussady, Hakdan berlen şahyr.Şahyr diňe türkmen medeniýeti bilen gyzyklanman, eýsem dünýä medeniýetleri barada hem gyzyklanypdyr.Ol  Idris baba, Buharadaky Gögeldaş, Hywadaky Şirgazy medreselerinde okap, dürli kiraplar bilen tanşyp, öz bilimini ýokary derejä göteripdir.Şahyryň elinden hiç haçan kitap düşmändir. Şonuň üçin türkmeniň beýik ogluna häzirki wagtda-da uly hormat -sarpa goýulýar.
   Ylym- bilimiň çeşmesi bolan kitap barada belli akyldarlar, şahyrlar, ýazyjylar, professorlar hem täsirli sözler aýdypdyrlar. Muňa mysal hökmünde özbek ýazyjysy:Aýbek:''Kitap adamyň paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar we olary nesilden nesle geçirýär. Biz bir gysym gum bolup gideris, ýöne kitaplar welin demir hem daşdan ýasalan ýadygärlikler ýaly müdimilik saklanýar'' diýip, kitaba ýokary hormat goýýar. Bu syrly ajaýyplyk barada türkmen ýazyjysy Kerim Gurbannepesow hem gyzykly pikirler ýöredýär:'' Kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, suratkeşleri, kompozitorlary bilen islän wagtyňda duṣuryp, islän wagtyňda-da sözleṣdirip bilýär''.
Ynha saz sungatynyň belent ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky TMK- nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kitaphanasy okyjylar üçin  hemişe açykdyr.Kitaphanamyzda sazçylyk ulgamyna degişli kitaplar bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamynyň astynda dörän ajaýyp nusgalyk kitaplary, taryh, hukuk, kanunçylyk, ösen kompýuter tehnologiýa dersleri bilen bagly gyzykly kitaplar, türkmen halk döredijiligi, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň ömri döredijiligini we saz eselerini beýan edýan ajaýyp kitaplar hem ýerleşdirilen. Kitap görnüşlerini sanasaň sanabermeli. Talyp ýaşlarymyzyň esasy gyzyklanma bilen okaýan kitaplary bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyl- paýhasyndan  dörän kitaplary '' Ýaşlar Watanyň daýanjy'', Gahryman Arjadagymyzyň '' Ömrümiň manysy'', '' Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi''  atly  kitaplar biziň ählimiziň ýandepderçämize öwrüldi. Bu kitaplardaky berilýän peýdaly hem- de gyzykly maglumatlar ýaşlaryň durmuş tejribesini has-da artdyrmaklaryna ýardam berýär. Okuwymyzyň höwesjeň we göreldeli talyplary okuw sapaklaryna degişli bolan kitaplar bilen bir hatarda öz bilesigelijilikleriniň esasynda türkmen, daşary ýurt ýazyjydyr şahyrlarynyň çeper eserlerini, goşgularyny, poemalaryny, romanlardyr dessanlaryny okap,  boş wagtlaryny örän täsirli we peýdaly geçirýärler.
 Eziz Diýarymyzda ylmyň, bilimiň ösmeginde öz ýadawsyz zähmetlerini gaýgyrmaýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaphanaçy hünärmenleriň adyndan köp sag bolsun aýdarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak,  il bähbitli,ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Paýlaş

Ylym

Kitap okamak höwesinde  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda [...]

Mugallymlar

Kitap okamak höwesinde  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda [...]

Sanly bilim

Kitap okamak höwesinde  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda [...]

Kitaphana

Kitap okamak höwesinde  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda [...]

Usuly birleşme

Kitap okamak höwesinde  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda [...]

Uçurumlar

Kitap okamak höwesinde  Iň ýokary gymmatlyk adamdyr- diýilýän ýurdumyzda [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19