Usuly birleşme

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Usuly birleşme topary

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Usuly birleşme topary 2022-2023-nji okuw ýylynda döredilip, onuň esasy maksady Hormatly Gahryman Prezidentimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmegi, mekdebiň okuw prosesinde wajyp bolan mugallymlaryň okuw iş kagyzlarynyň talabalaýyk ýöredilişine gözegçilik etmegi we okuw-usuly işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilişini üpjün etmegi öz içine alýar. Usuly birleşme toparynyň baş wezipesi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Gaharyman Prezidentimiziň ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň tagallasy bilen okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we talyp ýaşlara bilim berlişi döwrebaplaşdyryp, hilini ýokarlandyrmak esasynda kämil saz hünärmenlerini taýýarlap ýetişdirmekden ybaratdyr. Onuň düzümine mekdebiň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň halypa mugallymy Atageldi Sytdyhow, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymy Larisa Amanowa, Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy we “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Sähra Baýryýewa, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymy Myrat Jumaýew, “Umumy fortepiano” bölüminiň müdiri Şemşat Allabaýewa, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Maýa Babalyýewa saýlanylyp, Okuw we terbiýeçilik işleri boýunça direktoryň orunbasary Serdar Baýramow ýolbaşçylyk edýär. Döredilen gününden bäri Usuly birleşme topary mekdepde okuw prosesinde wajyp bolan okuw maksatnamalaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, ýetmezçilik edýän okuw kitaplaryny, gollanmalaryny we nota ýygyndylaryny taýýarlamak  boýunça ýörite düzülen meýilnamalar esasynda ýerine ýetirilişine, hiline, mazmunyna we bilim bermekde peýdalylyk derejesine seretmek, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň degişli kafedralary bilen işleşmek we taýýarlanan işleri Alymlar geňeşinden geçirilip tassyklanandan soň Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirligine yzygiderli ugratmak ýaly işleri ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň ähli ýörite orta sazçylyk we sungat mekdepleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar we     okuw-usuly işleriň ýöredilişine guramaçylykly çemeleşýär. Şeýle hem, Usuly birleşme topary  her hepdäniň penşenbe güni geňeş gurnap, Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň tabşyryklarynyň, gözükdirijileriň, kadalaşdyryjy resminamalaryň we Düzgünnamalaryň, Ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirlişi boýunça işleri ýola goýulýar. Okatmagyň usulyýeti, täzeçil usullar, pikirler we garaýyşlar ara alnyp maslahatlaşylýar, mugallymlaryň şahsy iş meýilnamasyndaky okuw-usuly, okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk, döredijilik işleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilip, mugallymlaryň reýting bahalandyrmasy hasaba alynýar. Mekdebiň hasap-synag döwrüniň ýokary guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk hökmünde mugallymlaryň synag sowalnamalary, taýýarlan test soraglary, talyplaryň ýerine ýetirmeli saz eserleri gözden geçirilip, okuw bölümine tassyklatmaga tabşyrylýar. Usuly birleşme toparynyň ýardamy bilen medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ünsli çemeleşmek bilen ýaş mugallymlar halypa mugallymlara berkidilip, halypalyk öwüt-ündewleri, maslahatlary talyp ýaşlary terbiýelemekde giňden peýdalanylýar.  


Paýlaş

Ylym

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Ö [...]

Mugallymlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Ö [...]

Sanly bilim

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Ö [...]

Kitaphana

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Ö [...]

Usuly birleşme

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Ö [...]

Uçurumlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Ö [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19