Uçurumlar

Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri,
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Kulyýewiň ady ýurdumyzda giňden
bellidir. G. Kulyýew Türkmenistanyň Kompozitorlar döredijilik birleşigine
1940-njy ýyllaryň ahyrlarynda gelýär. Ol «Bagt» atly baleti, birnäçe simfoniki,
kamera-instrumental we hor eserleri, şeýle-de köpsanly aýdymlary we romanslary
döredýär. Onuň döredijiliginde halk saz gurallary orkestri üçin eserleri uly
orun eýeleýär. Ol «Dabaraly uwertýuranyň», «Magtymguly» we «Mollanepes» atly
poemalaryň, birnäçe fantaziýalaryň we sýuitalaryň, daşary ýurt awtorlarynyň
eserleriniň geçirmeleriniň, dürli halklaryň ençeme aýdymlarynyň gaýtadan
işlemeleriniň awtorydyr.



Gurban Kulyýew 1920-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabadyň etegindäki Köşi
obasynda eneden bolýar. Ol çagalykdan ýetim galýar we Aşgabadyň Ilbaýew
adyndaky internatynda terbiýelenýär. 1935-nji ýylda G. Kulyýew Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol ussat mugallym A. Berglerden skripka
çalmagy öwrenýär. 1937–1941-nji ýyllarda G. Kulyýew Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý
adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen bölüminde skripka
hünärinden kämilleşýär. Ol 1941-nji ýylda Türkmenistana gaýdyp gelýär we Çärjew
şäheriniň (häzirki Türkmenabat) çagalar sazçylyk mekdebinde skripka hünäri
boýunça mugallym bolup işe başlaýar. 1942–1944-nji ýyllar aralygynda sazanda
Aşgabadyň ýörite sazçylyk mekdebinde skripka hünäri boýunça bilim alýar.
1944-nji ýylyň martynda Daşkent şäherinde Orta Aziýa respublikalarynyň we
Gazagystanyň sowet sazy boýunça ongünlügine gatnaşýar. 1944-nji ýylda ol
Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bir
ýylyň dowamynda professor Boris Iosifowiç Siboryň synpynda okaýar.
Dirižýorçylyga bolan höwesi artyp,                 G. Kulyýew 1945-nji ýylda
Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky simfoniki orkestriň dirižýorçylyk
hünäriniň üç ýyllyk kursuna, mugallym W. Smirnowyň synpyna okuwa girýär.
1948-nji ýylda ol kursy üstünlikli tamamlap, Aşgabada dolanyp gelýär we Türkmen
döwlet halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy hem-de baş dirižýory
bolup işläp başlaýar (1948–1977). 1965-nji ýylda G. Kulyýew Daşkendiň döwlet
konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde ol Özbegistanyň sungatda at gazanan
işgäri Georgiý Aleksandrowiç Muşeliň halypalyk etmeginde kompozitorçylyk
tehnikasynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. 1977-nji ýyldan  G. Kulyýew Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat
institutynda orkestre dirižýorlyk etmek kafedrasynyň ýolbaşçysy, 1979-njy
ýyldan dosentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär. 1998–2001-nji ýyllar
aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynda
dosentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolup zähmet çekýär. Ol 1949-njy ýyldan
SSSR-iň Kompozitorlar birleşiginiň agzasy bolmak bilen 1952-nji ýylda
Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň müdiriýetiniň agzalygyna saýlanylýar.
1963–1965-nji ýyllarda Telewideniýe we radio döwlet komitetiniň saz
redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýär. Onuň ýanynda ilkinji estrada
orkestrini hem döredýär. G. Kulyýew 2004-nji ýylyň 19-njy awgustynda aradan
çykýar.



Nury Muhadow (1924–1999). Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor we dirižýor, professor Nury
Muhadow türkmen kompozitorlarynyň görnükli wekilleriniň biridir. Ol
professional saz sungatyna 1950-nji ýyllarda gelýär. Onuň tebigy zehini «Keýmir
kör» atly gahrymançylykly operasynda, «Täsin tebip» atly baletinde (M. Rawiç
bilen bilelikde), «Mollanepes», «Andalyp» atly simfoniki poemalarynda,
simfoniýasynda, uwertýurasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Mundan başga-da  N. Muhadowyň wokal-simfoniki,
kamera-instrumental eserleri, şeýle-de köpsanly aýdymlary we romanslary uly
gyzyklanma döredýär. Ol zehinli dirižýor we jemgyýetçilik işgäri hökmünde hem
giňden tanalýar.



Nury Muhadow 1924-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda
eneden dogulýar. 1939-njy ýylda ol doly däl umumy bilim berýän orta mekdebi
tamamlaýar we Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen bölümine
okuwa ugradylýar. Professor Aleksandr Pawlowiç Stogorskiniň halypalygynda
wiolonçel öwrenýär. Urşuň başlanmagy ýaş sazandanyň okuwyna päsgel berýär, ol
1941-nji ýylyň güýzünde Aşgabada dolanyp gelýär. Ýaş sazanda bu ýerde az
wagtlyk Pionerler köşgüniň ýanyndaky türkmen halk saz gurallary ansamblynyň
ýolbaşçysy bolup işleýär. 1942-nji ýylda ol goşun gullugyna çagyrylýar.
1946-njy ýylda goşun gullugyndan dolanyp gelen N. Muhadow opera we balet
teatrynda işläp başlaýar. Ol ilki hormeýsteriň kömekçisi we dirižýoryň
assistenti, 1948-nji ýyldan başlap orkestriň dirižýory bolýar. Opera teatrynda
işlän döwründe okuwyny yzygiderli dowam edýär. 1950–1952-nji ýyllar aralygynda
ol Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky
simfoniki orkestriň dirižýorlarynyň tejribesini ýokarlandyrmak boýunça kursynda
bilimini kämilleşdirýär. 1952–1956-njy ýyllar aralygynda Türkmen döwlet
sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy-nazaryýeti bölüminde okaýar. Hut şol ýyllar
hem sazanda kompozisiýa boýunça öz güýjüni synap ugraýar. Ol birnäçe
instrumental we wokal eserlerini ýazýar, olaryň arasynda uly göwrümli eseri
simfoniki orkestr üçin uwertýurasydyr (1954). 1958-nji ýylda N. Muhadow
Daşkendiň döwlet konserwatoriýasyna, professor Boris Isaakowiç Zeýdmanyň
halypalyk etmeginde kompozisiýa hünärine okuwa girýär.



1965-nji ýylda N. Muhadow Daşkendiň konserwatoriýasyny kompozisiýa
(professor B. I. Zeýdmanyň synpynda) we dirižýorlyk (professor M. Aşrafiniň
synpynda) hünärleri boýunça üstünlikli tamamlaýar.
Kompozitor
Türkmen milli konserwatoriýada işlän döwründe mugallymçyllyk işini hem alyp
barýar. 1981-nji ýylda oňa dosent, 1987-nji ýylda professor ady dakylýar. Ol
ençeme ýyllar opera, hora, simfoniki orkestre dirižýorlyk etmek sapaklaryny
alyp barýar.



Türkmen saz sungatyny ösdürmeklige goşan goşandy üçin N. Muhadow 1960-njy
ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1965-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda
at gazanan işgäri», 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýlen
hormatly atlara mynasyp bolýar. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet
baýragyna (1980) mynasyp bolýar, «Hormat Nyşany» (1955), «Zähmet Gyzyl Baýdak»
(1981) we «Beýik Watançylyk urşy» (1985) ordenleri, on sany medal – Beýik
Watançylyk urşunda Ýeňşiň ýubileýlerine hem «Pragany almagyna» şeýle hem
«Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) medallary bilen sylaglanýar.



N. Muhadow 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda aradan çykýar.



Durdy Nuryýew (1933–1992). Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi
ajaýyp kompozitor Durdy Nuryýew milli kompozitorçylyk mekdebiniň ikinji nesline
degişlidir. Ol 1960-njy ýyllarda türkmen saz döredijilik ulgamyna gelýär. D.
Nuryýew sazly-sahna eserlerini, dürli görnüşlerde instrumental we wokal
sazlaryny, kino üçin sazlary döredýär. Onuň eserleri özüniň ýagty keşpleri,
owazly saz dili bilen ünsi çekýär. Ol «Ýalynly ýürekler» atly operanyň, «Nusaý»
we «Mähirli jadygöý» atly baletleriň, «Gunça» we «Umytsyz söýgi» atly ilkinji
türkmen sazly komediýalaryň, «Biziň ýaşlygymyz» simfoniki şekiliň, «Seýdi» atly
simfoniki uwertýuranyň, «General Ý. Kulyýewiň ýadygärligine» atly simfoniki
poemanyň, alty sany konsertiň (fortepiano, truba, akkordeon, fleýta, gyjak,
bas-dutar üçin), «Ýuwaş gelin» kinofilminiň sazynyň we ençeme beýleki eserleriň
awtorydyr.



Durdy Nuryýew 1933-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly
etrabynyň şol wagtky Çkalow adyndaky kolhozynda daýhan maşgalasynda dogulýar.
1940-njy ýylda Durdy umumybilim berýän mekdepde okap başlaýar, 1944-nji ýyldan
başlap, ony sazçylyk mekdebinde fortepiano hünäri boýunça okuw bilen
utgaşdyrýar. Onuň ilkinji mugallymy ajaýyp sazanda Olga Alekseýewna Kriwçenko
bolýar. 1948-nji ýylda, ýedi ýyllyk mekdebi tamamlap, Mary şäherindäki ýörite
mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär, şol bir wagtyň özünde sazçylyk mekdebinde
okamaklygyny dowam edýär. 1951-nji ýylda ýörite mugallymçylyk mekdebini we sazçylyk
mekdebini tamamlap, ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano
bölümine Türmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri W. G. Hirunsewiň synpyna
okuwa girýär. Ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwyny A. M. Gorkiý adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň agşamky bölümindäki sapaklar bilen
utgaşdyrýar. 1955-nji ýylda D. Nuryýew ýörite sazçylyk mekdebini tapawutlanan
diplom bilen tamamlaýar we ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano
hünäri boýunça mugallym bolup işe başlaýar. Ol fortepiano üçin dokuz sany dürli
häsiýetli programmaly saz eserlerini ýazmak bilen, olary «Çagalar albomyna»
birleşdirýär. Bu ýygyndy bolsa 1958-nji ýylda «Türkmendöwletneşirde» neşir
edilýär. 1958–1964-nji ýyllar aralykda D. Nuryýew Daşkent döwlet konserwatoriýasynda
okaýar. Ol kompozisiýa sapaklary boýunça professor Boris Isaakowiç Zeýdmanyň
synpynda okaýar. Kompozitor döredijilik işini elmydama mugallymçylyk işi bilen
utgaşdyrýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebinde mugallymçylyk edýär. Onuň şägirtleriniň arasynda R.
Rejebow, K. Garowow we başgalar bardyr. Ol döredijilik we mugallymçylyk bilen
bir hatarda jemgyýetçilik işlerine hem köp güýjüni we kuwwatyny sarp edýär.



D. Nuryýew 1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda aradan çykýar.



                       



  Nury Halmämmedow (1938–1983). Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Magtymguly
adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi Nury Halmämmedow zehinli meşhur
kompozitordyr. Onuň eserleri Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda hem
örän tiz meşhurlyk gazandy. Kompozitor saz sungatynyň dürli žanrlaryna
ýüzlenýär. Olar simfoniki, wokal-simfoniki, hor, kamera eserleri we kino
sazlarydyr. Awtor «Aýgytly ädim» atly baleti, «Türkmenistan» simfoniki
şekilleri, e-moll simfoniýasyny, kirişli kwarteti, köpsanly wokal eserleri,
«Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligine» atly wokal simfonik
triptihi, fortepiano sazlary, kino sazlary döredýär. Onuň dürli ýyllarda
ýazylan köpsanly romanslarynyň we aýdymlarynyň arasynda Magtymgulynyň,
Mollanepesiň, XIX asyryň halk bagşylarynyň, şahyrlarynyň, S. Ýeseniniň, G.
Geýnäniň, XX asyryň ýapon şahyrlarynyň goşgularyna döredilen wokal toplumlary
aýratyn tapawutlanýar. Onuň döredijiliginde kino sazlaryna wajyp orun
degişlidir. Ol ýigrimiden gowrak çeper film üçin saz döredýär. Olar «Aýgytly
ädim», «Şükür bagşy», «Mukamyň syry», «Keçpelek», «Magtymguly», «Gaýgysyz
Atabaýew», «Çöl», «Japbaklar», «Erkek terbiýesi» we beýlekilerdir.



Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Bäherden etrabynyň Mürçe
obasynda eneden dogulýar. Ene-atasy ir ýogalyp, kiçiliginden çagalar öýünde
terbiýelenýär. 1947-nji ýylda Nury umumybilim berýän mekdebe gatnaýar, 1948-nji
ýyldan başlap, ony saz mekdebinde bilim almak bilen utgaşdyrýar. Bu ýerde onuň
tebigy zehinini tejribeli mugallym, pianinoçy O. A. Kriwçenko duýýar. Nury dört
ýylyň içinde ýedi ýyllyk okuwyň maksatnamasyny özleşdirýär we Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu ýerde üç ýylyň dowamynda
tejribeli mugallymlaryň biri Ý. K. Kuleşiň fortepiano synpynda bilim alýar.
Ikinji kursdan başlap A. Kulyýewden eser düzmek boýunça kompozisiýa sapaklaryny
alýar. Saz boýunça orta bilimi almandygyna garamazdan, Nury Halmämmedowyň saza
bolan ukyby 1958-nji ýylda Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet
konserwatoriýasyna okuwa girmäge mümkinçilik berýär. Ol kompozisiýa hünäri
boýunça ajaýyp mugallym, meşhur kompozitor, professor A.N. Aleksandrowdan tälim
alýar. Kompozitorçylyk tehnikasynyň esaslaryny erjellik bilen öwrenýär. Nury uly
gyzyklanma bilen okaýar, dessine uly üstünlikler gazanyp ugraýar.



Türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin N.
Halmämmedowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1979),
«Türkmenistanyň halk artisti» (1991) diýen hormatly atlar dakylýar,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi (1983), SSSR-iň
Döwlet baýragynyň eýesi (1984) diýen atlar bilen sylaglanýar.



N. Halmämmedow 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda aradan çykýar.



Çary Nurymow (1941–1993). Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Döwlet hem-de Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, professor Çary
Nurymow örän ýiti, özboluşly kompozitor, jemgyýetçilik işgäridir. Ol türkmen
kompozitorçylyk mekdebiniň wekilleriniň ikinji nesline degişlidir. Onuň
eserleriniň sanawy uly. Oňa üç balet, üç simfoniýasy, ýedi sany konsert,
köpsanly simfoniki, wokal-instrumental, hor, kamera-instrumental eserler,
kinofilmler üçin sazlar, romanslar we aýdymlar degişlidir. Mirasynyň esasy ugry
instrumental sazlarydyr. Watana bolan söýgi, mähriban ülkäň owadanlygy,
döwürdeşleriniň batyrgaýlygy, şöhratly zähmeti onuň döredijiliginiň temalarynyň
we keşpleriniň gözbaşydyr. Awtoryň «Epgegiň tepbedi», «Ölmez-ýitmez», «Köýten
nalasy» baletleri, №1 simfoniýasy, №2 simfoniýasy we «Maru-Şahu-Jahan» atly №3
simfoniýasy, truba, ses, fortepiano, goboý («Gazallar») üçin konsertleri, №1 we
№2 «Dessan-konsertleri», «Teke nagyşlary», «Indira Gandiniň ýadygärligine» №2
kwarteti uly meşhurlyk gazandy.



Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly
etrabynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy 1943-nji ýylda
uruşda wepat bolýar. Çary ýedi ýaşyndan başlap umumy bilim berýän we sazçylyk
mekdeplerinde okap başlaýar. Geljekki kompozitoryň ilkinji mugallymy ajaýyp
mugallym we pianinoçy Olga Alekseýewna Kriwçenko bolýar. 1955-nji ýylda Çary
Nurymow Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ukyply ýetginjek
bir wagtda sazyň nazaryýeti we üflenip çalynýan saz gurallary (goboý synpy
boýunça) bölümlerinde okaýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde okap ýören ýyllary ol
Aşyr Kulyýewiň ýolbaşçylygynda fakultatiwleýin erkin eser düzüş kursuny geçýär.
1959-njy ýylda Ç. Nurymow Moskwanyň Gnesinler adyndaky döwlet sazçylyk
mugallymçylyk institutyna kompozisiýa hünärine okuwa girýär. Bu ýerde ol
professor Genrih Iliç Litinskiden tälim alýar. G.I. Litinskiý, şeýle-de A.A.
Stepanow (garmoniýa), S.S. Skrebkow (polifoniýa), P.G. Kozlow, F.G. Arzamanow
(saz formalarynyň derňewi), N.I. Peýko, P.L. Şpitalnyý, Ý.W. Witaçek (saz
gurallaryny öwrenmek we gurallama) ýaly ajaýyp mugallymlaryň sapaklary oňa
çuňňur we giňişleýin bilim toplamaga ýardam edýär hem-de dürli formadaky we
žanrdaky eserleri ýazmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 1970-nji ýylda Ç.
Nurymow professor G.I. Litinskiniň ýolbaşçylygynda Gnesinler adyndaky
institutyň aspiranturasyny üstünlikli tamamlaýar. Kompozitor işjeň döredijilik
işini mugallymçylyk işi bilen utgaşykly alyp barýar. Ol birnäçe ýyllaryň
dowamynda D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde saz
nazaryýeti dersleri boýunça mugallym bolup işleýär. Türkmen döwlet
mugallymçylyk sungat institutynyň açylan gününden başlap saz döretmek,
gurallama we partituralary ýüzugra okamak ýaly dersleri okadýar. 1972-nji ýylda
oňa uly mugallym, 1976-njy ýylda dosentiň wezipesini ýerine ýetiriji, 1980-nji
ýylda bolsa dosent diýen atlar berilýär. 1992-nji ýylda saz nazaryýeti we
kompozisiýa kafedrasynyň professory bolýar. Ol birnäçe ýyllap Türkmenistanyň
Kompozitorlar birleşiginiň başlygy bolup işleýär.



Türkmen saz sungatynda bitiren uly hyzmatlary üçin Ç. Nurymowa
«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1980), «Türkmenistanyň halk
artisti» (1986) diýen atlar dakylýar. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Döwlet baýragyna (1979), SSSR-iň Döwlet baýragyna (1987), Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragyna (1968, 1976) mynasyp bolýar.



Ç. Nurymow 1993-nji ýylyň 3-nji fewralynda aradan çykýar.



Amandurdy Agajykow (1937–2014). Türkmenistanyň halk artisti, Turkmenistanyň Magtymguly
adyndaky döwlet baýragynyň, SSSR-iň A.B. Aleksandrow adyndaky we Ýaşlar
baýraklarynyň eýesi Amandurdy Agajykow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň orta
nesline degişli bolan görnükli wekilleriniň biridir. Ol saz älemine 1960-njy
ýyllarda gelýär. Amandurdy Agajykow zehinli kompozitor, dosent,
saz-jemgyýetçilik işgäri. Kompozitoryň sazy türkmen milli heňine inçelik bilen
girişmegi, aýratynda, aýdym äheňinde üns bermekligi bilen tapawutlanýar. Ol
«Sona», «Gowgaly gije», «Saýathan» operalarynda, «Pöwrize» baletinde,
wiolonçel, fortepiano, skripka we orkestr üçin konsert-poemalarynda, ulular we
çagalar hory hem-de halk saz gurallary we simfoniki orkestri üçin «Altyn
asyr–baky bagtym» atly odasynda, «Bakydyr olar» (goşgusy B. Annaýewiňki) we
«Garaşsyzlyk nagmalary» (goşgusy A. Ýusubowanyňky) wokal toplumlarynda, «Arzuw»
(goşgusy G. Bäşiýewiňki) aýdymlar ýygyndysynda we köpsanly beýleki eserlerinde
dogduk mekanymyzyň gözelliklerini, halkymyzyň durmuşynyň milli özboluşlyklaryny
açyp görkezmegi başarypdyr.



A. Agajykow 1937-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabatda işçi maşgalasynda
dünýä inýär. Ol dokuz ýaşynda dutar çalmagy öwrenýär. 1950-nji ýylda Aman
Aşgabatdaky ýörite orta sazçylyk mekdep-internatyna okuwa girýär we görnükli
mugallym, sazanda Lew Iwanowiç Griştaýewden wiolonçel saz guraly boýunça hünär
öwrenip başlaýar. 1953-nji ýyldan başlap ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebinde wiolonçel synpynda okaýar. Onuň kämillige ýetmeginde A. Kulyýew, M.
A. Mikuliç, W. A. Baranowskiý ýaly sazyň nazaryýeti dersleriniň görnükli
mugallymlarynyň uly hyzmatlary bardyr. Ol ilkinji saz eserlerini ýörite
sazçylyk mekdebinde okan döwürlerinde döredýär. Olardan üç bölümden ybarat
bolan kirişli saz gurallary kwarteti üçin sýuita, N. Omadowyň goşgusyna
«Gözelim» diýen romans, K. Gurbannepesowyň goşgusyna çagalar hory we fortepiano
üçin «Arça hakda aýdym» eserleri kompozitoryň iň şowly çykan eserleridir.
Ýörite sazçylyk mekdebini tamamlap, A. Agajykow 1957-nji ýylda Moskwanyň P. I.
Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde oňa kompozisiýa
hünärinden professor A.N. Aleksandrow halypalyk edýär. Meşhur S.I. Taneýewiň
şägirdi, giň gözýetimli kompozitor we mugallym A.N. Aleksandrow, döredijilige
örän jogapkärli çemeleşmegi öz okuwçysy Amana öwretmegi başarypdyr. 1964-nji
ýylda A. Agajykow konserwatoriýany tamamlaýar. Onuň diplom işi bolan Alty
Garlyýewiň librettosyna ýazan «Sona» operasy talyplyk işiniň çäklerinden çykyp,
ýurdumyzyň saz durmuşynda uly waka öwrüldi. W. Muhadow, D. Öwezow, A. Kulyýew,
H. Allanurow, G. Seýitliýew, G. Muhtarow ýaly tanymal sazandalar, dramaturglar
we ýazyjylar bu esere ýokary baha berdiler. 1964–1965-nji ýyllarda A. Agajykow
Türkmen döwlet filarmoniýasynyň halk saz gurallary orkestriniň dirižýory
wezipesinde işleýär. Ol özüniň yzygiderli döredijilik işini jemgyýetçilik işi
bilen utgaşykly alyp barýar. 1967-nji ýyldan bäri SSSR-iň Kompozitorlar
birleşiginiň agzasy bolmak bilen, 1977-nji ýylda kompozitorlaryň VI
gurultaýynda Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň müdirliginiň agzasy we
başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilýär. «Dünýä türkmenleriniň» we «Saz
jemgyýetçilik» assosiasiýalarynyň müdirliginiň, Türkmen jemgyýeti guramasynyň
agzasydyr. A. Agajykow 1981-nji ýylda harby-watançylyk temada döreden sazlary
ulgamyndaky işi üçin baýraga mynasyp bolýar we A. W. Aleksandrow adyndaky kümüş
medal bilen sylaglanýar. Birnäçe ýylyň dowamynda ol Türkmenistanyň medeniýet
ministrliginde saz boýunça maslahatçy bolýar we D. Öwezow adyndaky Türkmen
döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde, soňra Türkmen milli konserwatoriýasynda
mugallym (1992-nji ýyldan kompozisiýa kafedrasynyň dosenti, 1994–2002-nji
ýyllarda kompozisiýa kafedrasynyň professory) bolup işleýär.



Türkmen sazyny ösdürmekdäki uly hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň sungatda at
gazanan işgäri» (1974), «Türkmenistanyň halk artisti» (1991) ýaly hormatly
atlara, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolýar (1976). Ol SSSR-iň A.
Aleksandrow adyndaky döwlet medalynyň (1980), Magtymguly adyndaky Döwlet
baýragynyň (1985–1986), «Hormat nyşany» (1986), «Galkynyş» (2001) we «Garaşsyz
Türkmenistana bolan söýgüsi üçin» (2009) ordenleriniň, «Zähmet edermenligi
üçin» (1955), «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) we «Gaýrat» medallarynyň
eýesidir (1997).



A. Agajykow 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.



 



Çary Artykow (1920–2005). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, SSSR
Kompozitorlar birleşiginiň agzasy Çary Esenowiç Artykow 1920-nji ýylyň 10-njy
dekabrynda Gyzylarbat (häzirki Serdar) şäherinde, işçi maşgalasynda eneden
dogulýar. Ol 1935-nji ýylda doly däl orta mekdebi tamamlandan soň, Aşgabadyň
kommunal-gurluşyk tehnikumyna okuwa girýär. 1938-nji ýylda Moskwanyň P.I.
Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky türkmen bölümine
zehinli ýaşlary saýlap almak üçin Aşgabada ýörite wekiller gelýär. Saýlanan
zehinleriň arasynda Çary Artykow hem bardy. Şeýlelik bilen, ol 1938-nji ýylyň
oktýabrynda Moskwa şäherine okamaga gidýär we dosent Georgiý Sergeýewiç
Turilkiniň synpynda trombon çalmagy öwrenip başlaýar. Çary üçünji ýylyny
tamamlap barýarka Beýik Watançylyk urşy başlanýar. 1942-nji ýylyň martynda ol
sowet goşunynyň hataryna çagyrylýar. Ol söweşlerde görkezen edermenligi üçin
«Gyzyl ýyldyz» (1943), «Watançylyk urşy» (1944), «Aleksandr Newskiý» (1945)
ordenleri we köpsanly medallar bilen sylaglanýar. 1954-nji ýylda, ýagny otuz
dört ýaşynda Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy-nazaryýeti
bölümine okuwa girýär. 1956-njy ýyldan ol ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwyny
Medeniýet ministrliginiň sungaty öwreniş kabinetindäki ylmy işgäri wezipesi
bilen utgaşdyryp alyp barýar. 1958-nji ýylda ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny
tamamlap, Aşgabatdaky 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň direktory wezipesinde
işe başlaýar. Şol ýyl hem ol Daşkendiň döwlet konserwatoriýasynyň professory Boris
Isaakowiç Zeýdmanyň ýolbaşçylygynda kompozisiýa hünäri boýunça okuwa girýär.
Ýaş kompozitor bu döwürde özüniň meşhur eserlerini döredýär.



Ç. Artykow 1963-nji ýyldan başlap SSSR Kompozitorlar birleşiginiň agzasy
bolýar. Ol döredijilik işini elmydama jemgyýetçilik we mugallymçylyk işi bilen
utgaşykly alyp bardy. Ýurdumyzda ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge uly goşant
goşmak bilen, ýigrimi ýyldan gowrak Aşgabadyň 1-nji çagalar sazçylyk mekdebine
ýolbaşçylyk etdi.



Türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki ägirt uly goşandy üçin «Türkmenistanyň
sungatda at gazanan işgäri» (1992) diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Ol «Gyzyl
ýyldyz», «Watançylyk urşy» (iki gezek), «Aleksandr Newskiý» adyndaky ordenleri
bilen sylaglanýar. Şeýle-de on sany medaly, Ýeňşiň ýubileýlerine hem
«Belorussiýany azat etmek», şeýle-de «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996)
medallary bilen sylaglanýar.



Ç. Artykow 2005-nji ýylyň 10-njy awgustynda aradan çykýar.





Rejep Allaýarow (1936–2018). Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi,
ýiti zehinli kompozitor, professor Rejep Allaýarow türkmen kompozitorlarynyň
orta nesline degişlidir. Ol özboluşly döredijilik aýratynlygyna eýe bolan ussat
hökmünde 1970-nji ýyllaryň başlarynda kompozitorlar birleşiginiň döredijilik
ulgamyna gelýär. Ol öz döredijiliginde türkmen halk sazyny häzirki zaman
kompozitorçylyk ýazuwynyň dürli usullary, formalary, ritmleri we sazlaşyklary
bilen baglanyşdyrýar. Kompozitor skripka we orkestr üçin konsert-poemasynda,
kamera orkestri üçin simfoniýasynda, R. Tagoryň goşgularyna oratoriýasynda,
wiolonçel we orkestr üçin konsertinde, A. Atabaýewiň goşgusyna solistler,
garyşyk hor we simfoniki orkestri üçin «Türkmenistan – ata mekan» atly
odasynda, Garajaoglanyň we Nesiminiň goşgularyna wokal toplumynda özüniň
döredijilik oý-pikirlerini beýan etmek üçin täze saz gurluşlary we täze beýan
ediş serişdelerini oýlap tapýar. R. Allaýarow türkmen simfonizmiň täze
şahasynyň düýbüni tutujysydyr.



R. Allaýarow 1936-njy ýylyň 3-nji iýunynda Daşoguz welaýatynyň Görogly
etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1943-nji ýylda
umumybilim berýän mekdepde okan döwründe onuň matematika, astronomiýa,
edebiýata bolan uly ukyby ýüze çykýar. 1953-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, ol
Daşoguzyň mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa
girýär. Saz bilen bolsa ol özbaşdak meşgullanyp başlaýar, fortepiano çalmagy we
nota sowadyny öwrenip ugraýar. Rejep iki aýdan soň institutyň çeper höwesjeňler
hor toparyna sazandarlyk edip başlaýar, birnäçe aýdan soňra şol hor toparynyň
ýolbaşçysy bolup işleýär. 1957-nji ýylda ol instituty üstünlikli tamamlap, öz
ugrundan aspirantura ýollanma alýar. Ýaş fizik aspiranturada okuwyny dowam
etdirmän, 1958-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Horuň
dirižýory» bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa A. Esadow halypalyk edýär.
Birinji ýylyň ortalarynda Rejep özüniň ilkinji eserini – fortepiano üçin
pýesany ýazýar. Şol wagtdan başlap hem ol bir wagtyň özünde iki sany bölümde –
hor dirižýory we sazyň taryhy-nazaryýeti bölümlerinde okap başlaýar. Ýörite
sazçylyk mekdebindäki okuwyny filarmoniýanyň horundaky iş bilen utgaşdyrýar, bu
bolsa onuň saz boýunça dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam edýär. Rejep ikinji
ýyllykda mugallym W.A. Baranowskiniň ýolbaşçylygynda fortepiano üçin üç sany
prelýudiýa we skripka üçin birnäçe pýesa ýazýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde
okan ýyllary onuň saz ugrundan düýpli bilim we terbiýe almagynda kompozitorlar
A. Kulyýew bilen G.S. Držewskiniň uly hyzmatlary bardyr. R. Allaýarow 1962-nji
ýylda ýörite sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlandan soň, Moskwanyň P.I.
Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň hor-dirižýorlyk bölümine okuwa
girýär. Iki ýyldan meşhur sowet kompozitory A.G. Şnitkäniň elinde kompozisiýa boýunça
tälim alyp başlaýar. A.G. Şnitkäniň halypalyk etmeginde, şeýle-de G.W.
Agafonnikow (polifoniýa), Ý.N. Holopow (saz formasynyň derňewi), R.A. Hananina
(fortepiano) ýaly tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tälim almagy oňa diňe
bir çuňňur we giňişleýin bilim bermän, eýsem kompozitorçylyk ýazuwynyň
tilsimlerini ele almaga, çeperçilik we filosofiki gözýetimini giňeltmäge ýardam
edýär, döredijilik oý-pikirlerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. 1969-njy ýylda
R. Allaýarow Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasyny
tamamlaýar. Ol Aşgabada gaýdyp gelýär we D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebinde sazyň nazaryýeti dersleri boýunça mugallymçylyk edip
başlaýar. Ol ýörite sazçylyk mekdebinde işlän döwründe mugallymçylyk işi bilen
döredijilik işini utgaşykly alyp barýar. Hindi şahyry R. Tagoryň goşgularyna
okyjy, üç solist, hor we uly simfoniki orkestr üçin oratoriýany ýazýar (1972).
1974-nji ýylda ol Azerbaýjanyň halk artisti, professor Kara Karaýewiň
ýolbaşçylyk etmeginde U. Gajybekow adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň
aspiranturasyna okuwa girýär. 1969-1973-nji ýyllar aralykda D. Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, 1972-nji ýyldan TDMSI-niň
mugallymy bolup işleýär. 1985-nji ýylda bolsa dosentlik alymlyk adyny alýar.
1992-nji ýylda professor alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ol 1989-2001-nji
ýyllar aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasyna ýolbaşçylyk edýär we bu okuw
mekdebiniň kompozisiýa kafedrasyna köp ýyllar müdir bolýar. Ol ençeme kompozitorlaryň
halypasydyr.



Türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin R. Allaýarow
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna (1977), «Türkmenistanyň sungatda at gazanan
işgäri» (1980) we «Türkmenistanyň halk artisti» (1991) diýen hormatly atlara
mynasyp boldy. Ondan başga-da «Galkynyş» ordeni (1997), «Zähmet edermenligi
üçin» (1986), «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) we «Gaýrat» (1993) medallary
bilen sylaglandy.



R. Allaýarow 2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda aradan çykýar.  

Paýlaş

Ylym

Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, [...]

Mugallymlar

Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, [...]

Sanly bilim

Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, [...]

Kitaphana

Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, [...]

Uçurumlar

Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19