Mugallymçylyk tejribeligi
MUGALLYMÇYLYK TEJRIBELIGI
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýan talyplaryň tejribeliklerini düzýän dersler toplumynyň sanawy Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilen ylalaşylan we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan hünär ugurlary boýunça okuw meýilnamalarynyň esasynda kesgitlenilýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 3 ýyl 10 aý bilim alýan hünärlerinde 3-4-nji ýyllyk talyplarynyň, 2 ýyl 10 aý bilim alýan “Horeografiýa sungaty” bölüminiň 2-nji we 3-nji ýyllyk talyplarynyň nazary okuw bilen utgaşdyrylan üznüksiz mugallymçylyk tejribeligi okuw ýylynyň 1-2-nji ýarymýyllyklarynda 34 hepdäniň dowamynda, her hepde-de 1 akademiki sagat boýunça geçirilýär. Mugallymçylyk tejribeligi Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, Aşagabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde we Aşgabat şäherinde hereket edýän çagalar tans toparlarynda alnyp barylýar. Talyplar degişli bilim edaralarynda okaýan hünär aýratynlyklaryna görä tejribeliklerini özbaşdak ýa-da toparlara gatnaşmak arkaly amala aşyrýarlar.
Mugallymçylyk tejribeliginiň esasy maksady gelejekki saz mugallymlarynyň sungat edaralarynda işlerini guramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini peýdalanmak arkaly mugallymçylyk kärine döredijilikli çemeleşmeklerini gazanmakdan, özbaşdak pikirlenişini ösdürmekden we iş başarnyklaryny öwretmekden, okatmagyň häzirki zaman usullaryny tejribede peýdalanmagy we saz hünärmenlerini taýýarlamagyň wajyp tilsimlerini ele almaklygy ýola goýmakdan hem-de Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly hyzmat etjek, ýurdumyzyň saz bilimini ösdürmäge, ýaş sazandalary taýýarlap ýetişdirmäge goşant goşup biljek döwrebap mugallymlary taýýarlamakdan ybaratdyr.
Mugallymçylyk tejribeligiň esasy wezipesi talyplaryň nazary sapaklarda alan bilimlerini bilim-terbiýeçilik edaralarynyň bu ugurdan toplan baý iş tejribelerini çuňňur öwrenmek arkaly öz bilimlerini berkitmek we olary mugallymçylyk işinde netijeli peýdalanmak, mugallymçylyk hünärine ugrukdyrmak, okuw-terbiýeçilik işini üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilim-başarnyklaryny we endiklerini ele almaklaryny gazanmakdyr.
Mugallymçylyk tejribeliginde talyplaryň saýlap alan hünärine gyzyklanma, söýgi döredip, mugallymçylyk hünärine taýýarlanylýar, şeýle-de bu ugurdan kämil hünärmen bolup ýetişmeklerinde jogapkärçilikli bolmagy öwredilýär. Tejribeligiň dowamynda talyplar okuw prosesinde mugallym üçin wajyp bolan resmi iş kagyzlaryny dogry ýöretmegi, mugallymyň sapaga taýýarlygy, sapagyň wagtyny dogry sarp etmekligi, çaganyň saz ösüşini yzarlap, bilimi özleşdirişine gözegçilik etmegi we seljermegi okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalary, nota ýygyndylary bilen işleşmegi, usuly edebiýatdan, innowasiýadan ýerlikli peýdalanmagy, her sapagy gyzykly geçmegiň inçe syrlaryny özleşdirmek bilen çagalar bilen işleşmegiň tejribesine aralaşýarlar.
Şeýlelikde, ýylyň-ýylyna mekdebimizde çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymy, orkestriň artisti, orkestriň ýolbaşçysy, bagşy, bagşylar toparynyň ýolbaşçysy, aýdymçy, horuň artisti, hor toparynyň ýolbaşçysy, umumy bilim berýän edaralaryň aýdym-saz mugallymy, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň sazyň taryhy we nazaryýeti, sazşynas mugallymy, konsertmeýster, tans ansamblynyň artisti, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň tans mugallymy ýaly saz hünärmenleri taýýarlanyp ýetişdirilýär.