Medeni Köpçülikleýin Çäreleri

Daňatar Öwezow adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Zenan mertebesi-ahlak gözelligi” atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. 
        2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-de talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda “Zenan mertebesi-ahlak gözelligi” atly wagyz nesihaty geçirildi. Wagyz nesihat maslahatynda mekdebiň ditektory M. Kerimow, mekdeniň Zenanlar guramasy N.Annaberdiýewa, mekdebiň Önümçülik tejribelik ýolbaşçysy S.Baýryýewa, mekdebiň Umumy ynsanperwer we durmuş ykdysady dersler bölüminiň müdüri E. Amangulyýewa dagylar çykyş etdiler. 
     Maslahatyň dowamynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam erdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, tebigi gözelligi aýap saklamak, zyýanly endiklerden daşda durmak, internet ulgamyny peýdaly ullanmak, edep terbiýe barada giňişleyin çykyşlar etdiler.  
 Maslahatda ýurdumyzda ösüp gelýan ýaşlaryň kämilligini berkitmekde Ýaşlary Watanymyzyň daýanjy hökmünde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu güni we bagtly geljegi üçin taryhy işler durmuşa geçirip, ýaşlaryň durmuşda öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin uly tagallalar edýändigi barada baý mazmunly gürrüňler etdiler. 
Çärä gatnaşanlar sözüniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aklyş sözlerini aýtdylar we olaryň janlary sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdeniniň Zenanlar guramasynyň   başlygy Annaberdiýewa N.O





Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  Milli  Konserwatoriýanyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky   Türkmen  döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebinde  Çary  Saparmyradowyň  70 ýyllygy mynasybetli, halypalary  hatyralap aýdym-sazly söhbetdeşlik.

       Ýagşyny  ýatlamak, olara  hormat  goýmak  türkmen  halkynyň  gadymdan  gelen  däpleriniň  biridir. “Pähim - paýhas  ummany   Magtymguly  Pyragy”  ýylymyzda  her  bir  günümiz  baýramçylyk  çärelerine, duşuşyklara  beslenýär.  Ynha  bu  günki  gün  sungatda  uly  yz  goýan halypa  aýdymçy, uly  pedagog, uly  sesli  wokalist  Çary  Saparmyradowyň  70 ýyllygyny   Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  Milli  Konserwatoriýanyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky   Türkmen  döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebinde  dabaraly   çäre   geçirildi. Bu  çärede   halypanyň   süýji  ýatlamalary, ýerine  ýetiren  aýdymlary   ýaňlandy.   
         Bu  dabaraly  çärede    Çary   Saparmyradowyň  masgalasy, çagalary  ýakyn  hossarlary   şeýle  hem  belli  kompozitorlar, mugallymlar  we   talyp  ýaşlar gatnaşdylar. Çary  Saparmyradow  başarjaň, tanymal  ussat  mugallym  bolupdyr. Ol  barada   belli  kompozitor  Daňatar  Hydyrow gowy  sözler  aýtdy. 
          Soňra  Türkmenistanyň   Il  ýaşulusy  Türkmenistanyň  at gazanan  artisti   Atageldi  Garýagdyýew  çykyş  etdi, onuň   ýerine  ýetiren  aýdymlary  belent  sesli, türkmen  aýdymlarynyň  bir näçesini   ýerine  ýetiren  belli  aýdymçy  Çary  Saparmyradowyň  öçmejek  belli   aýdymlaryndan  okuw  jaýymyzyň   “Aýdym  aýtmak  sungaty” bölüminiň  mugallymlary   we  talyplary  başardyklaryndan  ýerine  ýetirdiler.  Olardan    Mergen Ataýew  “Aýly  Agşam”  aýdymy, Begdurdy  Çerkezow  “Ýatla meni”, “Mežnunyň  ariýasy” ,Söhbet  Maksatmyradowyň  “Leýla”, Muhammetaly  Muhammedowyň  “ Söýgi  aýdymy“  ýerine  ýetiren  aýdymlary   tomaşaçylaryň  ýadynda  halypany  ýatlatdy. 
   Çary  Saparmyradow  barada  dürli  ýatlamalar  bilen  ýatlap  Maýa  Kuluyýewa  adyndaky  Türkmen  milli Konserwatoriýanyň  uly  mugallymy  Suwhan  Tüýliýew  çykyş  etdiler. Olar   halypany   gowy  sözler  bilen   ýatlap, onuň   tirseginden  galdyrdylar. Çary  Saparmyradow  işlän  ýyllarynda onuň  elinden  çykan    birnäçe  talyplary  gutaryp, olaryň  hem  atly  abraýly  sungat  işgäri  bolandygyny, olaryň  hem  sungata  öz  orunlaryny tapandygyny  belläp geçdiler. 
    Soňra  okuw  jaýymyzyň  halypa  mugallymy   Aýna  Daňatarowa  çykyş  edip   özüniň   Çary  Saparmyradowyň  aýdymlaryna  sazandalyk   edendigini , onuň  güýçli   sesiniň  bolandygyny   işlemekden  ýaýdanman    öz  sesiniň, aýdymlarynyň  üstünde  işläp  geçendigini  belläp  geçdiler. 
         Çary  Saparmyradowyň  yzy  ýitmän  onuň  çagalarynyň , agtyklarynyň  hem sungatdan  öz  paýlaryny  alandyklaryny  görmek  bolýar. Halypa mugallymyň   maşgalasy  Mamasoltan  Saparmyradowa  hem  sungat  adamsy  bolup, bilelikde  köp  sanly   çykyşlarda  aýdym  ýerine  ýetirip, Mamasoltan  mugallym hem  sazandalyk  edipdir. Ogly  Aýmyrat  Saparmyradow, Eziz  Saparmyradow  agtygy  Şirhan  Batyrow  her  haýsy  bir  sungatyň  başynda  durup,  halypanyň  sungaty  nesilden  nesile  geçirip  gelýärler. 
            Bu  duşuşyklaryň  geçirilmegi, halypa  aýdymçylaryň  ömri, döredijiligi, geçen  ýollary, bize  galdyran  aýdymlaryny  öwrenmek, diňlemek  täzeden  halka  ýetirmek  üçin  dürli  şertler  döredilen. Biz   ýaşlar  şeýle  gowy  eşretli  durmuşda  ýaşamak, okamak, öwrenmek    üçin  uly  mümkinçilikler  döredip  beren  sungatymyzyň  Hak  Howandary  Gahryman  Arkadagymyz, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň   janlarynyň  sag, belent  başlarynyň  aman  bolmagyny   talyp   ýüregimden   sag bolsunlar   aýtýaryn!
Hudaýberenowa Bägül  Baýramgeldiýewna
 Maýa  Kulyýewa  adyndaky TMK-nyň   ýanyndaky  Daňatar  öwezow  adyndaky  TDÝSM-niň  “Aýdym  aýtmak  sungaty”  bölüminiň  I  ýyl  talyby




Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly Geňeşi geçirildi.
Oktýabr aýynyň 28-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly Geňeşi geçirildi. Tejribe paýlaşmak maksady bilen geçirilen okuw-usuly Geňeşine jemi ýigrimi üç sany, ýagny Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň direktorlary we Geňeşiniň başlyklary işjeň gatnaşdylar.
Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly Geňeşiniň 2024-nji ýyl boýunça tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda geçirilen maslahaty Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktory M.B.Kerimow giriş sözi bilen açyldy. Onuň yz-ýany bilen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Önümçilik tejribe ýolbaşçysy S.B.Baýryýewa öz çykyşy bilen dowam etdi. Çykyşyň dowamynda S.Baýryýewa Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilişi we onuň taryhy ýoly, mekdepde hereket edýän bölümleri hakynda täsirli wideo ýazgy arkaly giňişleýin gürrüň berdi, şeýle-de bu okuw jaýynda okap giden häzirki döwürde tanymal kompozitorlary barada belläp geçdi.
Mundan başga-da Geňeşiniň dowamynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy B.Garryýewa “Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda milli medeniýeti wasp etmek, onuň terbiýeçilik, watansöýüji, ynsanperwer we ruhy-ahlak täsirini görkezmek babatda tejribe alyşmak” atly temasy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň Bedenterbiýe mugallymy Gurbannazar Kakajaýewiň “Dürli derejeli sport ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşýan sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryň hünär bilimi edaralarynda okaýan agzalaryny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmagyň Tertibiniň ýerine ýetirilişi” temasy bilen, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň “Howa ulaglarynyň  hünärmenlerini taýýarlaýan” bölüminiň başlygy Kadyr Amandurdyýewiň “Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň wezipe sanawyndan gelip çykýan wezipeleri işläp düzmek” atly temasy we taýýarlan prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Okuw-usuly Geňeşiniň dowamynda gün tertibiniň soraglary boýunça maslahata gatnaşyjylaryň pikirlerini, tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar we çäräniň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp maslahatyň jemini jemlediler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda geçirilen okuw-usuly Geňeşi geçirilip bolanyndan soňra ähli gelen myhmanlar Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň taýýarlan türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen gyzykly we täsirli konsertine tomaşa etdiler .
Jennet ORAZOWA
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy
 


Paýlaş

Konsertler

Daňatar Öwezow adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazç [...]

Sport

Daňatar Öwezow adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazç [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19