Konsertler
Synp konserti
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär.”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde 31-nji oktýabrynda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” bölüminiň mugallymy Selbi Annagurbanowanyň synp konserti geçirildi hem-de talyplaryň gatnaşmagynda ajaýyp eserler ýaňlandy.
Konsertiň başynda Berkarar Döwletimizi, asuda ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän goşgular aýdyldy. Bu konsert uly şatlyk-şowhuna beslenip, onda türkmen nusgawy kompozitorlarymyzyň hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň ajaýyp, ýürege ýakymly sazlary ýaňlandy. Bu sazlary bölümiň talyp ýaşlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” bölüminiň III ýyl talyplary Babaýewa Gunça Daňatar Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”sazy bilen, şeýle hem Rozmuradowa Madina Teobald Býomyň “Polonez” eseri bilen, şol bölümiň I ýyl talyby Haýtekow Wepa Jowanni Plattiniň “Sonata No 1” sazlary bilen çykyş etdiler. Şular ýaly konsertleriň yzygiderli alnyp barylmagy talyp ýaşlaryň hyjuwyny artdyrmaga, öz saýlap alan hünär ugurlaryna has-da höwes döretmäge, söýmäge, hünärini ösdürip, kämilleşdirmäge ýardam berýänligi munuň aýdyň subutnamasydyr. Konsertiň soňunda çykyşa tomaşa eden mugallymlar we talyplar konserde gatnaşyjylara uly minnetdarlyk bildirdiler.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz talyp ýaşlaryň adyndan minnetdarlygymyzy bildirýäris.Goý, olaryň janlary sag, ömürler uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maýa kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Annamuradowa Gülälek