Üstünliklerimiz

Talyplarymyzyň üstünligi

Mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurt möçberinde durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň özeninde halkymyz baradaky, aýratynda biz ýaşlar baradaky aladalaryny aýdyň görýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly geljegimizi nazarlaýan öňden görüjilikli syýasaty watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň, halkara derejesinde abraý mertebesiniň günsaýyn belende galýandygynyň subutnamasydyr. Ol bolsa eziz diýarymyzda deňi-taýy bolmadyk üstünlikleri, zähmet ýeňişleri gazanmagyň girewi bolup, bagtdan paýly ýaşlarymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Biziň ýaşlarymyzy galkyndyran beýik ýeňişlere, täze üstünliklere ruhlandyran ajaýyp wakalaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümimiziň II ýyl talyplary Şamyradow Kerwen we Serdarow Merdan “Симфония осень 2024” atly V Halkara instrumental bäsleşiginiň laureatlary bolup, I oruna eýe boldylar. Olar “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymy Gurbanow Süleýmandan sapak alyp, klarnet saz guralyny çalýarlar.  Şamyradow Kerwen we Serdarow Merdan bäsleşige özleriniň daşary ýurt kompozitory Michaele  Mangani “Romanze” we “Carnavale Venezia” atly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri halypa mugallymlary, öz deň-duşlaryny diýseň şatlandyrdy. 

Watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň ulydyr. Ýurdumyzda milli ylym-bilim mekdebini kemala getirmek, ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun. Baýraklaryňyz gutly bolsun! Mundan beýläk hem sungat äleminde diňe üstünlik arzuw edýäris.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň

 “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 

Aýdogdyýewa Bägül,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi





SPORT – ömrüň bezegi

    Sport – saglyk. Saglyk – adam ömrüniň bezegi. Bedenterbiýe we sport ynsan saglygyny berkitmek üçin iň bir ygtybarly hem-de hemmelere elýeterli melhemdir. Sport adam saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, onuň şähdini açýar, ýaşaýşa bolan hyjuwyny artdyrýar. Sport munuň özi güýjüň, sagdynlygyň, sazlaşygyň we döredijiligiň belentliklerine tarap ruhy galkynyşyň utgaşmasydyr. Yzygiderli türgenleşik adamda zähmetsöýerlik, pugta erk we maksada okgunlylyk ýaly zerur häsiýetleri kemala getirýär.

Sagdynlyk, ruhubelentlik – bagtyýarlygyň binýady. Saglyk – sagdynlyga badalga, sagdynlyk – ruhubelentlige! Il içinde “Ähli zadyň sakasy saglyk”, “Saglyk bolsa, beglik bolar” diýilýär. Sagdyn ýaşaýyş, sport we bilim biri-biri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Adamyň saglyk ýagdaýy onuň akyl ýetiriş ukybyna täsir edýär. Biziň döwletimiz sagdyn ýaşaýyşy, sporty ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Sagdyn ýaşaýyş, sport we bilim – bular uly üstünlikleri gazanmagyň bagtyýarlygyň girewidir.

Ýakynda hem ýörite orta hünär mekdepleriniň talyplarynyň arasynda küşt boýunça spartakiada geçirildi. Biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Hor dirižýorlygy” bölüminiň   IV  ýyl  talyby Rawşanowa Jöwher we “ Saz mugallymçylygy” bölüminiň I ýyl talyby Amanowa Näzli III ýere eýe boldylar. Olar spartakiada I oýunda bank mekdebiniň talyplary bilen garşylaşyp, 1:0 hasabynda utdylar. II oýunda Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen garşylaşyp, 1:0 hasabynda utdylar. III oýunda AGOHOM  talyplary bilen garşylaşyp, 0:1 hasabynda utuldylar. IV oýunda çeperçilik orta hünär mekdebiniň talyplary bilen garşylaşyp, 1:0 hasabynda utdylar. Spartakiada baýrakly orunlara eýe bolan talyplara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň

 “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

Aýdogdyýewa Bägül,



Dabaralar dag aşýar...

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar diňe bir ýurdymyzyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlary hem ulydan bellenilýär. Ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Beýik britaniýadaky ilçihanasy tarapyndan London şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly ylmy konferensiýa  geçirildi. 
Çärä daşary ýurtlaryň ilçileri, Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň, Halkara deňiz guramasynyň, “British Library” kitaphanasynyň, “The Royal Society for Asian Affairs” guramasynyň, Ýewropa habarlar agentliginiň wekilleri, “University College London”, “London South Bank University”, “SOAS University of London” ýaly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, “The Aitmatov Academy” guramasynyň ýolbaşçysy, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy, aýdymlary ýerine ýetirildi. Şol aýdymlary hem biziň mekdebimiziň mugallymy Baýramow S. ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Olar Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Türkmeniň”, “Bellidir”, “Gözel sel”, “Bu gün”, “Atamyň”, şeýle-de “Pyragynyň pähim-paýhas ummany” atly aýdymlary ýerine ýetirip, gelen myhmanlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar. Aýdymlar bilen bir hatarda türkmen halk sazlaryndan hem “Goňurbaş mukamy”, “Ol daglaryň” “Bu jennetdir” ýaly ajaýyp sazlary hem ýerine ýetirdiler. ýaňlanan aýdym-sazlar geçirilen ylmy konferensiýa özboluşly öwüşgin çaýdy.





Sazyň jadylygy-2024
Durdybaýew Azym “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby 28-30-njy sentýabr aralygynda Moskwa şäherinde online geçirilen “Sazyň jadylygy-2024” atly II halkara klassyky sungatynyň konkursynda 1 derejeli laureaty boldy. 
Bäsleşigiň maksatlary we wezipeleri sazandalaryň ýerine ýetiriş ukyplaryny durmuşa geçirmek, ýokarlandyrmak, şeýle hem instrumental sungatynda zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak we goldamak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.
Konkursyň şertleri boýunça gatnaşyjylar 5 minudyň dowamynda ýerine ýetiren bir eseriniň wideo ýazgysyny ugratmaly. Durdybaýew Azym “Instrumental ýerine ýetirilişi. Solo ýerine ýetirilişi” nominasiýasyna gatnaşyp, Dewid Popperyň  “Tarantella”  ýerine ýetiren eseriniň wideo ýazgysyny ugradyp, emin agzalaryň ýokary baha bermeklerine mynasyp boldy. 
Bu üstünlik, okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary üçin ähliumumy buýsanjy bolup, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň saz sungaty boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ähmiýetli orny tutýandygyny ýene bir gezek subut edýär.
Ähli mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Durdybaýew Azymy ýeňişi bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys, oňa döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Jennet ORAZOWA
Maýa Kulyýewa aduyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazyryýeti”  bölüminiň mugallymy




MOSKWADA ”MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ” ATLY KONSERT GEÇIRILDI
            Şu ýylyň 21-nji awgustynda “ Dostlary jemleýäris ” atly XVIII  halkara aýdym-saz  festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň  P.I.Çaýkowskiý adyndaky  döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda  türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, ajaýyp söz ussady we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanyp,”Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly konserdi uly üstünlik bilen geçirildi.
Özüniň gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky  ilçisi E.Aýdogdyýew “Şu günki konsert hakykatdanam  Magtymguly Pyragynyň adynyň Russiýada ägirt uly hormata eýediginiň we onuň  ykrar edilmeginiň, iki ýurduň  halklarynyň  arasyndaky aýrylmaz dostlyk bagynyň we özara hormatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar .
        Şu ýyl Russiýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilýär. Moskwa, Sank-Peterburg , Astrahan, Kazan – bu Russiýanyň çäklerinde geçirilýän we dowam etdiriljek dabaraly çäreleriň  äldir. Türkmenistanda muňa yokary baha berilýär.
     Türkmen Aýdymçy-sazandalarynyň  konsert programmalarynda Magtymguly Pyragynyň goşgylaryna ýazylan wokal we instrumental eserler, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna bagyşlanan kompazisiýalar uly orun tutdy. Konserdiň guraýjylary bolup Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy, N Halmämmedowyň adyny göterýän 
“Dutaryň owazy” festiwalynyň direktory M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy çykyş etdiler. 
           Bu uly  halkara dost-doganlyk çäresinde Russiýaly wokal aýdymçylar bilen bilelikde, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň  mugallymlary Seýran Kasimi we Begdurdy Çerkezow  çykyş etmek bagty nesip etdi. Bu bolsa meniň durmuşymda iňbir ýatdan çykmajak  şatlykly hem tolgundyryjy pursatlaryň biri boldy.   Sebäbi  ol konserwatoriýada  biziň adybelli nusgawy  kompazitorlarymyz, wokal aýdymçylarymyz, birnäçe sazanda halypalarymyz  halypa diriziorlarymyz  okap bilim alypdyr. Ol sahnalarda bolsa bizede çykyş etmek uly bagt.  Bu konsertde adyndan belli boluşy ýaly Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymdyr romanslary  fortepiano saz guraly bilen bilelikde  ýerine ýetirdim. Has dogrysy türkmen kompazitorlarymyzyň sazyna ýazylan eserleri daşary döwletlerde ýerine ýetirmek, olary giňden ýaýmak biz üçin uly bagt we borç bolup durýar.
            Bu konsert mende uly täsir galdyrdy we gelejekki etmeli  işlerime  uly  höwes döretdi. Men bu konsertde W.Muhadowyň  “Bu derdi”romansyny,  N.Halmämmedowyň ”Pukaraýam” romansyny,Ý.Meýtusyň Magtymgyly operasyndan “Magtymgulynyň ariýasyny” we  Russiýaly kompazitor M.Guseýnowyň ”Meniň topragym” diýen eserlerini ýerine ýetirdim. Diňleýjiler türkmen aýdymçy-sazandalarymyzyň çykyşyny uly höwes bilen diňlediler. Bize öz zehinimizi   türkmen saz sungatymyzy dünýäniň çar künjinde açyp görkezmek we ýaýmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janylary sag, ähli il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
                     Begdurdy Çerkezow
                                                             Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
                                                  Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň
  ”Aýdym aýytmak sungaty” bölüminiň mugallymy.

“Men geljekki mugallym” bäsleşigi
        Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Gahryman Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary üçin edýän taýsyz tagallalarynyň esasynda ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça ençeme işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelejekki döwrebap mugallymlary taýýarlamakda, talyplaryň döredijilik başarnyklaryny we ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň III ýyl talyplarynyň arasynda “Men geljekki mugallym” atly prezentasiýalar boýunça döredijilik bäsleşigi  geçirilip, bäsleşikde talyplar okatmagyň usulyýeti, mugallymçylyk tejribeligi derslerinden alan bilimini we başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Bäsleşige adalatly baha beren emin agzalar  mekdebimiziň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça direktorynyň orunbasary S.E.Baýramow, Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy we “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewa, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary L.N.Amanowa we  M.Ç.Jumaýewa talyplaryň prezentasiýalarynyň hiline, saýlap alan temalarynyň mazmunyna, temany düşündirmekde dil baýlyklaryna, çagalara saz bilimini ýeňil we sada dilde düşündirip bilmek ukyplaryna aýratyn üns berdiler.  Bäsleşikde  XVII asyryň beýik nemes kompozitory  “Iogann  Sebastýan  Bahyň ömri we döredijiligi”  atly   prezentasiýaly çykyşy bilen saýlan  temasyny saz parçalary bilen baýlaşdyryp, alçaklygy bilen tapawutlanyp  göwnejaý düşündirmegi başaran Saparowa Umida I-nji orna mynasyp bolmagy başardy.  Awstriýanyň beýik kompozitory  “Ýozef Gaýdynyň ömri we döredijiligi” tema bilen Weliýewa Ogulgerek II- nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ol öz çykyşynda diňe bir Gaýdnyň ömri döredijiligi bilen çäklenmän eýsem, onuň döwründe ýerine ýetirilen organ, klawisin ýaly saz gurallary hem görkezip düşündirmegi başardy we diňleýjileri maýyl etdi. Saz sungatynda ähmiýetli orny eýeleýän “Türkmen halk saz döredijiligi” atly prezentasiýaly çykyşynda özüniň tema düşündirişi, wideo bölejikleriniň maksada laýyk sazlaşykly ýerleşdirmegi başaran Durdyýewa Gülmira III- nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine mekdebiň direktorynyň orunbasary S.E.Baýramow tarapyndan Hormat hatlar bilen sylaglanyp höweslendiriji sowgatlar berildi. Ýurdumyzda döwrebap saz mugallymlaryny taýýarlamaga giň mümkinçilikleri döredip beren medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan alkyş sözleriniň belentden ýaňlanmagy bilen jemlendi. 
                                             Taýýarlan: “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň     
                                                                                   mugallymy Geldibaýewa L.H.

                        Baýraklaryňyz gutly bolsun!
        Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän uly aladalary bolsa, belent maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ganatly ylham berýär. Türkmen ýaşlarmyzyň joşgunly hyjuwy, ata Watana bolan beýik söýgüsi, halal zähmede yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen gelejege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar. Ýaşlar syýasatynyň üstünlikli dabaralanýan ýyly bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” Tükmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnypbarylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini,ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezenligi üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa Bägül Allamyradowna hem nesip etdi. Oňa hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgady we şahadatnama gowşuryldy. Bu bolsa, geljekde hem ýaşlarmyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrar. Ýurduň geljegine deňelýän ýaşlaryň abraý- mertebesini belentliklere ýetiren, ak ertirlerimize giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip işlemekligiň, halal zähmet çekmekligiň özünde uly güýç bar. Şeýle ajaýyplyklardan ruhlanýan türkmen ýaşlarynyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär.
      Goý  geljegimizi ýaşlaryň ykbalynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlarmyzy Watanymyzyň daýanjy hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri  hemişe rowaçlyklara beslensin!   

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Geldibaýewa Laçyn

Baýrakly orunlaryň mynasyp eýeleri
Zehinli sazanda ýaşlary taýýarlaýan Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň at-abraýy gün saýyn beýgelýär, serhetleri aşýar. Bu jogapkärli wezipede hünäriniň mynasyp eýeleri bolan ýaş mugallymlaryň kemala getiren sazanda talyplary esasy sebäpkärler bolup çykyş edýärler. Şeýle jogapkärli wezipe bu gezek ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyplary bolan Umitjan Töräýew we Ýunus Ibragimowyň paýyna düşdi. Mekdebiň göreldeli talyplaryna Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde “Ýyl pasyllary. Güýz-2024” ady bilen geçirilen klassyky sungatyň III halkara professional bäsleşigine onlaýn arkaly gatnaşmak nesip edýär. Bölümiň mugallymy Ýazberdi Jepbarowyň ýolbaçylyk etmeginde Umitjan Töräýewiň skripka saz guralynda ýerine ýetiren G. Wenýawskiniň a-moll “Kaprisi”, şeýle-de Aýlar Hojalekowanyň ýolbaşçylygynda Ýunus Ibragimowyň wiolonçel saz guralynda ýerine ýetiren G. Goltermanyň “Kapriççio” atly eserleri bäsleşigiň eminleriniň oňyn bahalaryna mynasyp boldular. Talyplaryň III baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, şeýle-de olaryň bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan resmileşdirilen Hormat hatlar bilen sylaglanmagy deň-duşlaryna görelde bolup hyzmat etdiler. Olarda hünärine bolan hormatynyň artmagyna sebäp boldular. 
Öňdebaryjy, zehinli sazanda ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde her bir mugallymyň “Zähmet soňy rehnet” diýen atalar sözünden ugur alyp, irginsiz çeken zähmetiniň elmydama şeýle oňyn netijesini bermekligini arzuwlaýaryn.
Baýrakly orunlaryň mynasyp eýelerine bolsa üstünlige tarap äden ädimleriniň dowamynyň şowlulyklara beslenmegini arzuwlamak galýar.  

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 
Mähriban Jumaýewa 



Paýlaş

Konsertler

Talyplarymyzyň üstünligiMähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman [...]

Üstünliklerimiz

Talyplarymyzyň üstünligiMähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman [...]

Göreldeli Talyplar

Talyplarymyzyň üstünligiMähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman [...]

Sport

Talyplarymyzyň üstünligiMähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19