Ýagşyny ýatlamak, olara hormat goýmak türkmen halkynyň gadymdan gelen däpleriniň biridir. “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda her bir günümiz baýramçylyk çärelerine, duşuşyklara beslenýär. Ynha bu günki gün sungatda uly yz goýan halypa aýdymçy, uly pedagog, uly sesli wokalist Çary Saparmyradowyň 70 ýyllygyny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede halypanyň süýji ýatlamalary, ýerine ýetiren aýdymlary ýaňlandy.
Bu dabaraly çärede Çary Saparmyradowyň masgalasy, çagalary ýakyn hossarlary şeýle hem belli kompozitorlar, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çary Saparmyradow başarjaň, tanymal ussat mugallym bolupdyr. Ol barada belli kompozitor Daňatar Hydyrow gowy sözler aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Il ýaşulusy Türkmenistanyň at gazanan artisti Atageldi Garýagdyýew çykyş etdi, onuň ýerine ýetiren aýdymlary belent sesli, türkmen aýdymlarynyň bir näçesini ýerine ýetiren belli aýdymçy Çary Saparmyradowyň öçmejek belli aýdymlaryndan okuw jaýymyzyň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymlary we talyplary başardyklaryndan ýerine ýetirdiler. Olardan Mergen Ataýew “Aýly Agşam” aýdymy, Begdurdy Çerkezow “Ýatla meni”, “Mežnunyň ariýasy” ,Söhbet Maksatmyradowyň “Leýla”, Muhammetaly Muhammedowyň “ Söýgi aýdymy“ ýerine ýetiren aýdymlary to Çary Saparmyradow barada dürli ýatlamalar bilen ýatlap Maýa Kuluyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýanyň uly mugallymy Suwhan Tüýliýew çykyş etdiler. Olar halypany gowy sözler bilen ýatlap, onuň tirseginden galdyrdylar. Çary Saparmyradow işlän ýyllarynda onuň elinden çykan birnäçe talyplary gutaryp, olaryň hem atly abraýly sungat işgäri bolandygyny, olaryň hem sungata öz orunlaryny tapandygyny belläp geçdiler.
Soňra okuw jaýymyzyň halypa mugallymy Aýna Daňatarowa çykyş edip özüniň Çary Saparmyradowyň aýdymlaryna sazandalyk edendigini , onuň güýçli sesiniň bolandygyny işlemekden ýaýdanman öz sesiniň, aýdymlarynyň üstünde işläp geçendigini belläp geçdiler.
maşaçylaryň ýadynda halypany ýatlatdy. Çary Saparmyradowyň yzy ýitmän onuň çagalarynyň , agtyklarynyň hem sungatdan öz paýlaryny alandyklaryny görmek bolýar. Halypa mugallymyň maşgalasy Mamasoltan Saparmyradowa hem sungat adamsy bolup, bilelikde köp sanly çykyşlarda aýdym ýerine ýetirip, Mamasoltan mugallym hem sazandalyk edipdir. Ogly Aýmyrat Saparmyradow, Eziz Saparmyradow agtygy Şirhan Batyrow her haýsy bir sungatyň başynda durup, halypanyň sungaty nesilden nesile geçirip gelýärler.
Bu duşuşyklaryň geçirilmegi, halypa aýdymçylaryň ömri, döredijiligi, geçen ýollary, bize galdyran aýdymlaryny öwrenmek, diňlemek täzeden halka ýetirmek üçin dürli şertler döredilen. Biz ýaşlar şeýle gowy eşretli durmuşda ýaşamak, okamak, öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredip beren sungatymyzyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny talyp ýüregimden sag bolsunlar aýtýaryn!
Hudaýberenowa Bägül Baýramgeldiýewna
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar öwezow adyndaky TDÝSM-niň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň I ýyl talyby
Daňatar Öwezow adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Zenan mertebesi-ahlak gözelligi” atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-de talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda “Zenan mertebesi-ahlak gözelligi” atly wagyz nesihaty geçirildi. Wagyz nesihat maslahatynda mekdebiň ditektory M. Kerimow, mekdeniň Zenanlar guramasy N.Annaberdiýewa, mekdebiň Önümçülik tejribelik ýolbaşçysy S.Baýryýewa, mekdebiň Umumy ynsanperwer we durmuş ykdysady dersler bölüminiň müdüri E. Amangulyýewa dagylar çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam erdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, tebigi gözelligi aýap saklamak, zyýanly endiklerden daşda durmak, internet ulgamyny peýdaly ullanmak, edep terbiýe barada giňişleyin çykyşlar etdiler.
Maslahatda ýurdumyzda ösüp gelýan ýaşlaryň kämilligini berkitmekde Ýaşlary Watanymyzyň daýanjy hökmünde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu güni we bagtly geljegi üçin taryhy işler durmuşa geçirip, ýaşlaryň durmuşda öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin uly tagallalar edýändigi barada baý mazmunly gürrüňler etdiler.
Çärä gatnaşanlar sözüniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aklyş sözlerini aýtdylar we olaryň janlary sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdeniniň Zenanlar guramasynyň başlygy Annaberdiýewa N.O
Sazyň jadylygy-2024
Durdybaýew Azym “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby 28-30-njy sentýabr aralygynda Moskwa şäherinde online geçirilen “Sazyň jadylygy-2024” atly II halkara klassyky sungatynyň konkursynda 1 derejeli laureaty boldy.
Bäsleşigiň maksatlary we wezipeleri sazandalaryň ýerine ýetiriş ukyplaryny durmuşa geçirmek, ýokarlandyrmak, şeýle hem instrumental sungatynda zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak we goldamak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.
Konkursyň şertleri boýunça gatnaşyjylar 5 minudyň dowamynda ýerine ýetiren bir eseriniň wideo ýazgysyny ugratmaly. Durdybaýew Azym “Instrumental ýerine ýetirilişi. Solo ýerine ýetirilişi” nominasiýasyna gatnaşyp, Dewid Popperyň “Tarantella” ýerine ýetiren eseriniň wideo ýazgysyny ugradyp, emin agzalaryň ýokary baha bermeklerine mynasyp boldy.
Bu üstünlik, okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary üçin ähliumumy buýsanjy bolup, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň saz sungaty boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ähmiýetli orny tutýandygyny ýene bir gezek subut edýär.
Ähli mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Durdybaýew Azymy ýeňişi bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys, oňa döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Jennet ORAZOWA
Maýa Kulyýewa aduyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazyryýeti” bölüminiň mugallymy.
MOSKWADA ”MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ” ATLY KONSERT GEÇIRILDI
Şu ýylyň 21-nji awgustynda “ Dostlary jemleýäris ” atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, ajaýyp söz ussady we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanyp,”Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly konserdi uly üstünlik bilen geçirildi.
Özüniň gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew “Şu günki konsert hakykatdanam Magtymguly Pyragynyň adynyň Russiýada ägirt uly hormata eýediginiň we onuň ykrar edilmeginiň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky aýrylmaz dostlyk bagynyň we özara hormatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar .
Şu ýyl Russiýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilýär. Moskwa, Sank-Peterburg , Astrahan, Kazan – bu Russiýanyň çäklerinde geçirilýän we dowam etdiriljek dabaraly çäreleriň äldir. Türkmenistanda muňa yokary baha berilýär.
Türkmen Aýdymçy-sazandalarynyň konsert programmalarynda Magtymguly Pyragynyň goşgylaryna ýazylan wokal we instrumental eserler, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna bagyşlanan kompazisiýalar uly orun tutdy. Konserdiň guraýjylary bolup Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy, N Halmämmedowyň adyny göterýän
“Dutaryň owazy” festiwalynyň direktory M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy çykyş etdiler.
Bu uly halkara dost-doganlyk çäresinde Russiýaly wokal aýdymçylar bilen bilelikde, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň mugallymlary Seýran Kasimi we Begdurdy Çerkezow çykyş etmek bagty nesip etdi. Bu bolsa meniň durmuşymda iňbir ýatdan çykmajak şatlykly hem tolgundyryjy pursatlaryň biri boldy. Sebäbi ol konserwatoriýada biziň adybelli nusgawy kompazitorlarymyz, wokal aýdymçylarymyz, birnäçe sazanda halypalarymyz halypa diriziorlarymyz okap bilim alypdyr. Ol sahnalarda bolsa bizede çykyş etmek uly bagt. Bu konsertde adyndan belli boluşy ýaly Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymdyr romanslary fortepiano saz guraly bilen bilelikde ýerine ýetirdim. Has dogrysy türkmen kompazitorlarymyzyň sazyna ýazylan eserleri daşary döwletlerde ýerine ýetirmek, olary giňden ýaýmak biz üçin uly bagt we borç bolup durýar.
Bu konsert mende uly täsir galdyrdy we gelejekki etmeli işlerime uly höwes döretdi. Men bu konsertde W.Muhadowyň “Bu derdi”romansyny, N.Halmämmedowyň ”Pukaraýam” romansyny,Ý.Meýtusyň Magtymgyly operasyndan “Magtymgulynyň ariýasyny” we Russiýaly kompazitor M.Guseýnowyň ”Meniň topragym” diýen eserlerini ýerine ýetirdim. Diňleýjiler türkmen aýdymçy-sazandalarymyzyň çykyşyny uly höwes bilen diňlediler. Bize öz zehinimizi türkmen saz sungatymyzy dünýäniň çar künjinde açyp görkezmek we ýaýmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janylary sag, ähli il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Begdurdy Çerkezow
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň
”Aýdym aýytmak sungaty” bölüminiň mugallymy.