Türkmen milli saz gurallary

Türkmen   milli saz gurallary bölümisazçylyk mekdebiniň açylany bäri resmi ýagdaýda bolup  işe girişip başlady.
Türkmen milli saz gurallary bölüminde dutar, gyjak, gargy we dilli tüýdük,   plektrli dutar, kanun, ud, baglama, çeň, bas dutar saz gurallary   boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti  3 ýyl 10 aýdan ybarat. 
Hünäri boýunça döwletimiziň çagalar aýdym-saz    toparlarynda, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, çagalar sazçylyk, sungat  mekdeplerinde, aýdym-saz döredijilik toparlarynda, sungat we bilim  ulgamynda medeni dynç-alyş edaralarynda we ýurdumyzyň   medeni-köpçülik  çärelerini guramak, bagşa sazandarlyk etmek, orkestr toparynyň  ýolbaşçysy we dirižýory, sazandasy, ýekelikde  ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin   taýýarlanylýar.
Bölümiň uçurymlaryna orkestriň artisti, orkestriň ýolbaşçysy, çagalar  sazçylyk,sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär.Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän mekdeplerinde   gurnalýan aýdym-saz döredijilik toparlarynda, Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda   hereket edýän milli saz gurallary orkestrlerinde we ansambllarynda işlemek, ýurdumyzyň   medeni-köpçülik   çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek hukugy berilýär.

Paýlaş

Fortepiano

Türkmen   milli saz gurallary bölümisazçylyk mekdebiniň aç [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19