Halk saz gurallary

Halk  saz gurallary bölümi  mekdebiniň açylmagy bilen hereket edip gelýär. Häzirki wagta Halk saz   gurallary hünäri boýunça akkordeon, baýan we gitara saz gurallary   boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

Dünyä medeniýetini we  sungatyny, saz sowadyny öwrenmek    bilen bir hatarda dürli ýerine ýetirijilik meselelerden baş   alyp     çykarmak, saz eseriniň çeperçilik häsiýetlerine özbaşdak obýektiw   baha bermek, saz eseriniň gurluşyny   düşünmek, nota boýunça ýüzugra okamak   başarnyklary ösdürilýär. Hünär başarnyklaryny özünde jemleýän, tejribe-ugrukdyryjy   başarnyklarynyň kemala getirilmegi we ösdürilmegi, geljekde mugallymçylyk  käriniň resmi iş kagyzlaryny, sapagy meýilleşdirmegi we guramagy başarmakdan   ybarat  bolan kär işiniň endikleriniň ele alynmagyny, özüniň okadýan saz guralyny kämil bilmegi ýekelikde çykyş   etmegi we sazandarlyk  etmegi,  medeniýet  ulgamynda we aýdym, saz hem-de   medeniýet  ojaklarynda işlemek üçin başarnyklarynyň kemala getirmek üçin ugrukdyrylýar.

Bölümiň uçurymlaryna orkestriň artisti,   orkestriň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň   mugallymy käri  berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat  mekdeplerinde, Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda hereket edýän halk   saz gurallary orkestrlerinde işlemek hukugy berilýär. 

Paýlaş

Fortepiano

Halk  saz gurallary bölümi  mekdebiniň açylmagy bilen [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19