Kirişli saz gurallary

Türkmen döwlet   ýörite sazçylyk mekdebiniň  konsert-ýerine ýetirijilik tejribesinde iň bir
zerur bolan bölümleriň biridir. Bu bölümiň mugallymlarydyr-talyplary diňe bir
sazçylyk mekdebiniň kamera we simfoniki orkestrlerinde çykyş etmek bilen
çäklenmän, eýsem paýtagtymyzyň dürli saz toparlarynyň düzüminde hem işjeň çykyş
edýärler.
Ýarym asyrlar boýy zehinli uçurymlary dürli bäsleşikleriň ýeňijileri bolup, simfoniki
orkestriniň bir bölegini düzýärler
.

Kirişli  saz gurallary hünäri boýunça skripka, alt, wiolonçel, kontrabas  we arfa  saz gurallary boýunça   taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

Hünärmen   köpçüligiň göwnüni tapmagy, amaly taýdan taýýarlykly, nazary bilimini,   tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, hünär derslerini häzirki zaman usullaryna   laýyklykda okatmagy, konsertlerde  çykyş etmegi, köpçülige ýetirmegi, synp we   okuwçylarynyň ýekelik konsertlerini guramagy, öz saz guraly bilen bir hatarda   fortepiano saz guralynda ýerine ýetirmegi başararlar.

Orkestriň artisti, çagalar sazçylyk,sungat mekdepleriniň mugallymy -kwartet (ýagny orkestriň kirişli saz   gurallarynda ýerine ýetirýan dört sazandadan ybarat topar), kamera ansambly (kamera sazlaryny ýerine ýetirýän uly bolmadyk topar) dürli orkestr  toparlarynyň illýustratory bolup bilýär.Bölümiň uçurymlaryna orkestriň  artisti,  çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde, Medeniýet   ulgamyna degişli bolan edaralarynda hereket edýän simfoniki, kamera we degişli   saz gurallar orkestrlerinde işlemek hukugy berilýär.

Paýlaş

Fortepiano

Türkmen döwlet   ýörite sazçylyk mekdebiniň  konsert-ýerine ý [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19