Sazyň taryhy we nazaryýeti

  Sazyň taryhy we nazaryýeti bölümi mekdebimiziň açylan ilkinji günlerinden bäri hereket edýär.
Bu taýýarlygyň ugry boýunça bilim alýan hünärmenler çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde mugallymçylyk işi boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmagy we bu dersleri häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmagy, ylmy işleri ýerine ýetirmegi, toparlaýyn ýygyndylarda we monografiýalarda awtorlyk işini amala aşyrmaklygy,  professional we halk sazynyň sazly-taryhy proseslerini derňemegi, saz-nazaryýet konsepsiýalaryny derňemegi we derňew taslamalaryna ýolbaşçylyk etmegi, döredijilik taslamalaryny gurnamagy, şeýle-de sungat we  medeniýet pudagynda gazanylan üstünlikleri wagyz-nesihat bilen bagly işleri guramagy, internetiň, döwürleýin neşirleriň mümkinçiliklerini ulanmagy öwrenýärler.
Sazyň taryhy we nazaryýeti hünärini tamamlaýan hünärmenlere Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň sazyň taryhy we nazaryýeti, sazşynas-mugallymy kärini almaklygy üpjün edýär. Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde saz teoriýasy, saz edebiýaty, solfejio, umumy fortepiano mugallymy, umumy bilim berýän mekdeplerinde, mekdebe çenli bilim edaralarynda saz mugallymy, medeniýet ulgamyna degişli bolan aýdym-saz, hor toparlarynda konsertmeýster wezipesinde işlemek üçin taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti  3 ýyl 10 aý.     

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19